Çaý – Durmuşyň lezzeti

Çaý dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň ta­ry­hyn­da my­na­syp orun alan önüm­dir. Dün­ýä­niň äh­li ýur­du­nyň me­de­ni­ýe­tin­de bu önü­miň aý­ra­tyn or­ny bar. Alym­lar, ar­heo­log­lar, luk­man­lar ça­ýyň dün­ýä­si­ne ara­la­şyp, bu ba­ra­da yzy­gi­der­li açyş­lar ed­ýär­ler.
Ine, go­laý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Çaý – mel­hem hem yl­ham” at­ly tä­ze ki­ta­by oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ýe­ti­ril­di. Alym Pre­zi­den­ti­miz bu ese­rin­de ça­ýyň ta­ry­hy­ny be­ýan edip, bu hak­da ga­dy­my ro­wa­ýat­la­ry we aň­lat­ma­la­ry my­sal ge­ti­rip­dir. Mil­li Li­de­ri­miz öz kitabynda ça­ýyň il­kibada Hy­taý­da ýü­ze çy­kan­dy­gy ba­ra­da köp çeş­me­le­riň ha­bar ber­ýän­di­gi­ni ýat­lap geç­ýär.
Hy­taý, ha­ky­kat­da­nam, ça­ýyň iň köp içil­ýän ýeri we bu ýur­duň hal­ky­nyň uly sar­pa goý­ýan önüm­le­ri­niň bi­ri­dir. Bu ýurt­da çaý myh­man­çy­ly­ga gi­di­len­de esa­sy we gym­matba­ha­ly sow­gat hasaplanýar. Şu ýer­de bu ýur­duň we beý­le­ki ýurt­la­ryň met­bu­ga­tyn­da çap edi­len çaý bi­len bag­la­ny­şyk­ly kä­bir ma­ka­la­la­ra üns çek­mek is­le­ýä­ris.

Çaý ýygmagyň möwsümi başlandy

Hy­ta­ýyň Sy­çu­an we­la­ýa­ty­nyň Lin­şuý uez­din­de çaý ha­sy­ly­ny ýyg­ma­gyň no­bat­da­ky möw­sü­mi baş­lan­dy. Bu ýer­de ça­ýyň “Luns­ýuý” (Až­dar­ha­nyň mur­ty) diý­lip at­lan­dy­ry­lýan gör­nü­şi ýyg­yl­ýar. Çaý plan­ta­si­ýa­la­ry Huain­şin da­gy­nyň or­ta be­lent­lik­le­rin­de ýer­leş­ýär. Bu ýe­re uzak wagt­lap Gün şöh­lesi düş­me­ýär. Tu­tuş ýy­lyň do­wa­myn­da ho­wa ümür­li bol­ýar. Ho­wa­nyň ýylylygy ýy­gy-ýy­gy­dan üýt­gäp dur­ýar. Ça­ýyň bu gör­nü­şi onuň ýap­rak­la­ry­nyň şe­ki­li­ne gö­rä at­lan­dy­ry­lyp­dyr. Ol hy­ýa­ly až­dar­ha­nyň mur­tu­ny ýat­lad­ýar.

Tibetliler irki döwürden bäri çaý içýär

Ti­bet­li­le­riň 1800 ýyl mun­dan ozal çaý içip baş­lan­dy­gy anyk­lan­dy. Bu ba­ra­da Hyta­ýyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Geo­lo­gi­ýa we geo­fi­zi­ka ins­ti­tu­ty­nyň alym­la­ry ha­bar ber­ýär­ler. Ti­be­tiň ga­zap­ly kli­ma­ty­nyň bar­dy­gy üçin bu ýer­de çaý ösdürilme­ýär. Şo­nuň üçin çaý bu ýe­re goň­şy et­rap­lar­dan ge­ti­ri­lip­dir.
1800 ýyl mun­dan ozal, de­ňiz de­re­je­sin­den 4,5 müň metr be­lent­lik­dä­ki hä­zir­ki Nga­ri ok­ru­gy­nyň ýer­leş­ýän ýe­rin­de Žang Žung şa­ly­gy hö­küm sü­rüp­dir. Ýer­li halk ça­ýy di­ňe bir go­wy gö­rüp iç­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, ony ýy­lyn­mak üçin hem ula­nyp­dyr­lar.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, ga­dy­my dö­wür­de çaý Hy­taý­dan Mer­ke­zi Azi­ýa we Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da­ky beý­le­ki ýurt­la­ra hem ug­ra­dy­lyp­dyr.
Ti­bet­de ge­çi­ri­len yl­my-bar­lag iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de, dür­li gym­matba­ha­ly zat­la­ryň ara­syn­da çaý ýap­rak­la­ry­na hem duş gel­nip­dir.

Ýaponlaryň söýgüli içgisi

Ýa­po­ni­ýa­da çaý iç­mek bo­ýun­ça ýörite däp­ler sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Çaý iç­me­gi ýa­po­ni­ýa­ly­la­ryň sun­gat de­re­je­si­ne ýe­ti­rip, “Çaý da­ba­ra­la­ry­ny” gu­ra­ýan­dy­gy­ny-da aýt­ma­ly­dy­rys. Se­bä­bi ol ýa­po­ni­ýa­ly­la­ryň söý­gü­li iç­gi­si­dir. Dä­be gö­rä, çaý içiş­lik wag­ty oňa 5-den ar­tyk adam gat­naş­ma­ýar. Çaý içiş­lik hat­da gü­neş­li gün­ler­de-de ota­gyň içi bi­raz ga­raň­ky­ra­dy­lyp içil­ýär. Ýa­pon­lar­da ýö­ri­te çaý otag­la­ry bar. Olary sün­nä­läp be­ze­ýär­ler. Çaý içiş­lik wag­ty gür­leş­mek bol­ma­ýar. Di­ňe ça­ýyň iň soň­ky owur­dy­myny içe­niň­den soň, kä­sä­niň we çäý­ne­giň ni­re­den ge­ti­ri­len­di­gi, ony ki­miň ýa­san­dy­gy, ha­çan ýa­sa­lan­dy­gy bi­len gy­zyk­lan­sa bo­lýar.

Kategori: Dünýä

820 izlenme

Teswirle