Enem-atam – şirin dilli ussadym

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de asyr­la­ryň gat­la­ry­na si­ňen me­de­ni mi­ra­sy­my­zy düýp­li öw­ren­mek, ony yl­my esas­da öz­leş­dir­mek, dün­ýä ta­nat­mak, gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mek, tä­ze öwüş­gin bi­len hal­ky­my­za gaý­ta­ryp ber­mek işi has-da ýo­ka­ry dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ýar. “Mi­ra­sa sar­pa goý­mak, Wa­ta­ny öz­gert­mek ýy­ly” tu­ruw­baş­dan uly üs­tün­lik­le­re, hoş ha­bar­la­ra bes­len­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz hal­ky­na “Paý­has çeş­me­si” at­ly gym­mat­ly ki­ta­by­ny sow­gat ber­di. Asyr­la­ryň do­wa­myn­da hal­ky­my­zyň dö­re­den ru­hy we me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň ber­ýän bu ki­tap na­kyl­lar­dyr ata­lar söz­le­ri­ni özün­de jem­le­ýän ter­bi­ýe mek­de­bi­dir.
Türk­men hal­ky­nyň mil­li halk dö­re­di­ji­li­gi­niň ter­bi­ýe­çi­lik äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Da­na ež­dat-pe­der­le­ri­miz öz do­wa­mat­la­ry­ny, ne­sil­le­ri­ni aras­sa ah­lak­ly, päk kalp­ly, yn­sap­ly, yg­rar­ly, leb­zi ha­lal, wa­tan­sö­ýü­ji, pä­him-paý­has­ly, mert, ba­tyr, eli çe­per edip ýe­tiş­dir­mek is­läp­dir­ler. Ola­ryň şeý­le hä­si­ýet­le­ri öz­le­rin­de jem­le­mek­le­ri üçin, hal­ky­myz öz­bo­luş­ly mil­li ter­bi­ýeçi­lik äh­mi­ýe­ti ýo­ka­ry bo­lan na­kyl­la­ry, lä­le­le­ri, hüw­dü­le­ri, aý­dym-saz­la­ry, dö­re­dip­dir­ler. Halk dö­re­di­ji­li­gi bol­sa, bi­ziň me­de­ni mi­ra­sy­my­zyň öze­ni bo­lup dur­ýar.
Ata-ba­ba­la­ry­myz, ene-ma­ma­la­ry­myz dür­li te­ma­da na­kyl­la­ry we ata­lar söz­le­ri­ni dö­re­dip­dir­ler. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň “Paý­has çeş­me­si” at­ly ki­ta­byn­da bu te­ma­da aý­dy­lan na­kyl­la­ra aý­ra­tyn orun be­ril­ýär. “Ataň bar­ka dost ga­zan, atyň bar­ka ýol ga­zan”, “Enem-atam – şi­rin dil­li us­sa­dym”, “Küm­şüň-gy­zy­lyň kö­ne­si bol­maz, ata­nyň-enä­niň ba­ha­sy”, “Ata-enä­niň gar­ry­sy bol­maz, asyl par­ça­nyň-kö­ne­si”, “Ejem eli ak pa­myk” ýa­ly na­kyl­lar ýaş ne­sil­le­ri kä­mil şah­sy­ýet edip ýe­tiş­dir­mek­de, mil­li­li­gi­mi­zi ber­jaý et­mek­de, her bir ra­ýa­tyň dur­muş­da öz or­nu­ny tap­ma­gyn­da ýol ýö­rel­ge bo­lup dur­ýar.
Çün­ki ata-ene mer­te­be­si mil­le­ti­miz­de be­lent­den tu­tul­ýar. Ata­nyň kyb­la, enä­niň Kä­bä de­ňel­me­gi-de ýö­ne ýe­re däl­dir. Türk­men­le­riň ga­dym dö­wür­ler­den göz­baş alyp gaýd­ýan asyl­ly däp­le­ri­niň bi­ri-de ene-ata­ny ar­zy­la­mak, söý­mek we ola­ry çyn­dan hor­mat­la­mak­dyr. Özü­ne siň­di­ril­ýän mäh­iriň gady­ry­ny bil­mek, oňa sar­pa goý­mak ça­ga­nyň per­zent­lik bor­ju­dyr. Çün­ki ça­ga dog­lan gü­nün­den baş­lap, ke­ma­la gel­ýän­çä, ene ga­ty köp uku­syz gi­je­le­ri sarp ed­ýär. Ata-ene­ler örän ge­çi­rim­li we dö­züm­siz bol­ýar. Ola­ryň kal­by dün­ýä ýa­ly giň, gül­ler de­ýin nä­zik­dir. Şol nä­zik­li­gi yn­jyt­maz­ly­ga ça­lyş­mak, ola­ryň sar­pa­sy­ny sak­la­mak per­zen­di al­kyş­la­ýan, bagt­ly ýol­la­ra ro­wa­na ed­ýän när­se­dir. Ata-enä­ni hor­mat­la­mak ba­ra­da “Ko­wus­na­ma­da” şeý­le se­tir­ler bar: “Eý, ba­lam, akyl esa­syn­dan bil­gin ­ki, ata-enä­niň hor­ma­ty­ny boý­nu­ňa al­mak ze­rur, çün­ki per­zen­diň as­ly ata-ene­dir… Eger her bir per­zent akyl­ly we da­na bol­sa, ata-enä hor­mat goý­ma­ly­dyr. Ata-enä­niň işi se­ni ulalt­mak, sa­ňa ýag­şy gy­lyk öw­ret­mek­dir”. Hal­ky­myz ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri per­zen­diň ata-ene öňün­dä­ki ber­gi-bor­jy ba­ra­da bir­nä­çe pä­him-paý­ha­sa ýug­ru­lan ah­lak ka­da­la­ry­ny iş­läp dü­züp­dir. Bu ka­da­lar müň­ler­çe ýyl­la­ryň, asyr­la­ryň dur­muş tej­ri­be­sin­de sün­nä­le­nip, ti­mar­la­nyp, iş­le­ni­lip ke­ma­la ge­lip­dir. Türk­men şol ka­da­la­ryň, hut türk­me­niň dur­mu­şyn­da ka­bul edi­len ah­lak ka­nun­la­ry­nyň esa­syn­da ýa­şap­dyr, mil­li­li­gi­ni sak­lap­dyr, şo­la­ryň esa­syn­da maş­ga­la we jem­gy­ýet gu­rup­dyr. Olar ene-ata­nyň ýü­zü­ne ba­kyp gür­le­me­gi, gül­me­gi bie­dep­lik ha­sap­lap­dyr­lar. Bu te­ma ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ryň dö­re­di­ji­li­gin­de hem esa­sy orun tu­tup­dyr.
Türk­me­niň akyl­dar şa­hy­ry, alym Döw­let­mäm­met Aza­dy özü­niň “Wag­zy-Azat” ki­ta­by­nyň 11-nji ba­byn­da ça­ga­nyň ata-ene­si­niň öňün­dä­ki bor­jy ba­ra­da aý­ra­tyn du­rup geç­ýär. Şa­hyr:
Gel, ata bir­le eneň­ni kyl ry­za,
Ra­zy bo­lar, şüb­he­siz, sen­den Hu­da.
di­ýip, ata-enä­ni ra­zy et­mek ba­ra­da bel­le­ýär.
“Paý­has çeş­me­si” at­ly akyl san­dy­gyn­da Aza­dy­nyň şeý­le se­tir­le­ri­ne ma­ny taý­dan meň­zeş na­kyl­la­ra duş gel­ýä­ris. “Ata ra­zy – Hu­daý ra­zy. Ene ra­zy – py­gam­ber ra­zy”. Döw­let­mäm­met Aza­dy ola­ry dört bö­le­ge böl­ýär: he­re­ket üs­ti bi­len ama­la aşyr­ma­ly borç­la­ry (on sa­ny), dil ar­ka­ly ber­jaý et­me­li borç­la­ry (on sa­ny), kö­ňül, ýü­rek bi­len ber­jaý et­me­li borç­la­ry (on sa­ny), mal-zat bi­le öde­me­li borç­la­ry. Bu borç­la­ryň äh­li­si­ni akyl­dar şeý­le se­tir­ler bi­len jem­läp­dir:
Üş­bu kyrk­dan bol­ma­sa bi­ri be­ja,
Hak eda al­maz alar­nyň müd­da­ga.
Şeý­le diý­mek bi­len, şa­hyr bu borç­la­ryň bi­ri-bi­ri bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly bo­lup, ola­ryň haý­sy­dyr bi­ri­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­dik ýag­da­ýyn­da beý­le­ki­le­ri­niň güý­jü­niň bol­ma­jak­dy­gy­ny berk nyg­tap­dyr. Bu borç­la­ra dog­ry dü­şü­nip, ola­ry do­ly ber­jaý et­mek bol­sa, her bir per­zen­diň hök­ma­ny ýe­ri­ne ýe­tir­me­li bor­ju­dyr.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýi­ti ze­hi­ni esa­syn­da eli­mi­ze ge­lip gow­şan bu ki­ta­by okap, on­dan ma­ny çy­kar­mak, ony gel­jek­ki dur­mu­şy­myz­da ýol-ýö­rel­ge edin­mek bi­ziň her bi­ri­mi­ziň hem ra­ýat­lyk, hem we­zi­pe bor­ju­myz­dyr.
Goý, mil­li mi­ra­sy­my­zy öw­ren­mä­ge, aýaw­ly sak­la­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­ler dö­red­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak, be­lent tu­tum­ly iş­le­ri el­my­da­ma ro­waç bol­sun!

Gül­jan NA­ZA­RO­WA,
Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.

Kategori: Watan Waspy

1090 izlenme

Teswirle