Türk­me­nis­tan baş baý­ra­ga my­na­syp bol­dy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yg­lan eden Mi­ra­sa sar­pa goý­mak, Wa­ta­ny öz­gert­mek ýy­lyn­da ýur­du­myz tä­ze ösüş­le­re we üs­tün­lik­le­re bar­ýar. Mil­li mi­ra­sy­myzy ­dün­ýä ta­nat­maga, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­za tä­ze­çe ba­ha ber­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­di­len ýy­lyn­da ýur­du­my­zyň folk­lor to­pa­ry Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­syn­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra fes­ti­wal­da baş baý­ra­ga my­na­syp bol­dy.
Şu ýy­lyň 7-12-nji iýu­ly ara­ly­gyn­da do­gan­lyk Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Bur­sa we­la­ýa­tyn­da 55-nji ge­zek ge­çi­ril­ýän Hal­ka­ra Bur­sa fes­ti­wa­ly­nyň çäk­le­rin­de “Al­tyn Ga­ra­göz” at­ly hal­ka­ra folk­lor to­par­la­ry­nyň bäs­le­şi­gi ge­çi­ril­di. Şu ýy­l 30-njy ge­zek ge­çi­ril­ýän me­de­ni­ýet bäs­le­şi­gi­ne 23 döw­let­den folk­lor to­par­la­ry gat­naş­dy. Fes­ti­wa­lyň çäk­le­rin­de dün­ýä­niň en­çe­me ýur­dun­dan ge­len folk­lor to­par­la­ry Bur­sa we­la­ýa­ty­nyň 17 et­ra­byn­da gör­kez­me çy­kyş­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. Şol bir­wagt­da bu fes­ti­wal oňa gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň mil­li me­de­ni­ýet­le­ri­ni we gym­mat­lyk­la­ry­ny ta­nyş­dyr­ma­ga-da giň müm­kin­çi­lik ber­di.
Bur­sa­nyň şä­her hä­kim­li­gi­niň gu­ra­ma­gyn­da ge­çi­ri­len bäs­le­şi­giň jem­leý­ji tap­gy­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň folk­lor to­pa­ry­nyň çy­ky­şy emin ag­za­la­ry­nyň ýo­ka­ry ba­ha­sy­na my­na­syp bol­dy.

Ýur­du­my­zyň folk­lor to­pa­ry baş baý­ra­ga eýe bol­dy. Bäs­le­şik­de ikin­ji or­ny Gru­zi­ýa­nyň, üçün­ji or­ny bol­sa, Çi­li­niň folk­lor to­pa­ry eýe­le­di.
Bäs­le­şi­giň emin ag­za­la­ry Tür­ki­ýe döw­le­tin­den Mus­ta­fa Tu­ran, Ga­za­gys­tan­dan Ar­man Nur­mak­ha­ta­mu­ly, Ta­ta­rys­tan­dan Leý­san Ha­me­to­wa, Baş­kyr­dys­tan­dan Il­ýu­za Nug­ma­no­wa, Ma­ke­do­ni­ýa­dan Bla­gi­ça Iliç, Gü­nor­ta Ko­re­ýa­dan Mo­on Hyung Song we Ger­ma­ni­ýa­dan Die­ter Wan­ger da­gy­dan dü­zü­len to­par­dan yba­rat bol­dy.
Bi­ziň ýur­du­my­zyň folk­lor to­pa­ry hal­ka­ra emin­ler to­pa­ry­nyň çy­ka­ran ne­ti­je­si bo­ýun­ça ýe­ňi­ji diý­lip, yg­lan edil­di. Bur­sa şä­he­ri­niň hä­ki­mi Re­jep Al­te­pe folk­lor to­pa­ry­my­za baş baý­ra­gy da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şur­dy.

Kategori: Habarlar

148 izlenme

Teswirle