Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan dörän eserler

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan dörän eserler

Ýur­du­my­zyň dün­ýä ýü­zün­dä­ki ab­ra­ýy­nyň has-da be­len­de gal­ma­gy, onuň äh­li ba­bat­lar­da ösüş­le­re bes­len­me­gi ug­run­da ta­gal­la­sy­ny gaý­gyr­ma­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň her bir gü­ni, her bir pur­sat­la­ry be­ýik ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň dür­li ugur­lar bo­ýun­ça giň göw­rüm­li eser­le­ri dö­red­ýän­di­gi hem­me­le­re mä­lim­dir. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň paý­ha­syn­dan ke­mal ta­pan düýp­li çe­per we yl­my ki­tap­la­ry dün­ýä­niň dür­li dil­le­ri­ne ter­ji­me edi­lip, giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne el­ýe­ter­li bol­dy. Tä­ze eser­le­ri dö­ret­mek ar­ka­ly hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mil­li gym­mat­lyk­la­rymyzyň giň­den wa­gyz edil­me­gi­ne aja­ýyp müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň tä­ze eser­le­riň üs­tün­de iş­le­me­gin­de aý­ra­tyn ma­ny bar. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da gö­nü­den-gö­ni hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len äh­li ugur­lar bi­len bir ha­tar­da me­de­ni­ýet we sun­gat ul­gam­la­ry­nyň yzy­gi­der­li ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu ugur­da giň möç­ber­li mak­sat­na­ma­la­ýyn çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär, tä­ze eser­ler dö­re­dil­ýär.hormatly-prezidentimizin-pahim-payhasyndan-doran-eserler

 

ÇAÝ – MELHEM HEM YLHAM

Hal­ka­ra Now­ruz gü­nü­niň öň­ýa­nyn­da çap­dan çy­kan türk­men hal­ky­nyň lez­zet alyp iç­ýän be­je­riş hä­si­ýet­li ça­ýy ba­ra­da­ky owa­dan be­ze­len ne­şir mil­li Li­de­ri­mi­ziň äh­li wa­ta­ndaş­la­ry­my­za baý­ram­çy­lyk sow­ga­dy bol­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bu işi dö­wür­le­riň hem-de ne­sil­le­riň, ta­ry­hyň we hä­zir­ki za­man türk­men­le­riň me­de­ni­ýe­ti­niň hem-de çaý iç­mek­ligiň aý­ra­tyn orun tut­ýan dur­mu­şy­nyň aý­ryl­maz ara­bag­la­ny­şy­ga eýe bo­lan duý­gu­sy­na bes­le­nen­dir. Mil­li Li­de­ri­miz ça­ýyň tä­sin dün­ýä­si­ne ugur gör­ke­zi­ji di­ýip, at­lan­dy­ryp bol­jak ki­ta­by­nyň ba­şyn­da bu hak­da ga­dy­my ro­wa­ýat­la­ry we aň­lat­ma­la­ry ge­tir­mek bi­len, dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da bo­lup, beý­le­ki halk­la­ryň çaý me­de­ni­ýe­ti­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na özü­niň üns be­ren­di­gi­ni hem-de bu öz­bo­luş­ly däp­le­riň dur­nuk­ly­dy­gy ba­ra­da ne­ti­jä ge­len­di­gi­ni bel­le­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ki­ta­byn­da çaý dem­le­me­giň dä­be öw­rü­len usul­la­ry, ýur­du­my­zyň dür­li se­bit­le­rin­de onuň hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da giň­den gür­rüň be­ril­ýär. Şeý­le hem ne­şi­riň sa­hy­pa­la­ryn­da dür­li ke­sel­le­re gar­şy sal­gy be­ril­ýän mel­hem çaý­la­ry taý­ýar­la­ma­gyň usul­la­ry, ça­ýa de­giş­li halk ara­syn­da aý­dyl­ýan ata­lar söz­le­ri we na­kyl­lar, şeý­le hem çaý taý­ýar­la­mak­da ula­nyl­ýan adal­ga­lar ge­ti­ril­ýär. “Gaý­tar­mak” çaý içil­mez­den öň, ony çäý­nek­den kä­sä we yzy­na guý­ma­gy aň­lad­ýar.
“Çaý iç­seň ömür uzar” ba­byn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz alym-luk­man hök­mün­de ke­se­le gar­şy dur­nuk­ly­ly­gy ýo­kar­lan­dyr­mak hem-de şäh­da­çyk bol­mak üçin, nä­dip hem­me wi­ta­min­le­ri, mak­ro we mik­ro ele­ment­le­ri, 300 tö­we­re­gi dür­li mad­da­la­ry özün­de sak­la­ýan çaý ýap­ra­gy­nyň efir ýag­la­ry­ny sak­la­ma­ly­dy­gy, bu şy­pa be­ri­ji ça­ýy nä­hi­li dog­ry dem­le­me­li­di­gi we iç­me­li­di­gi ba­ra­da peý­da­ly mas­la­hat­lary ber­ýär.

 

ARŞYŇ NEPISLIGI

Şu ýy­lyň maý aýyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň mil­li ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­na ba­gyş­la­nan “Ar­şyň ne­pis­li­gi” at­ly tä­ze ese­ri­niň ta­nyş­dy­ryş da­ba­ra­la­ry ge­çi­ril­di. Ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Türk­men ha­ly­sy­nyň baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da ne­şir edi­len el hü­nä­ri­niň ebe­di gö­zel­li­gi ha­kyn­da­ky bu ki­tap mil­li Li­de­ri­mi­ziň öz hal­ky­na, çe­per el­li türk­men ha­ly­çy­la­ry­na, bu tä­sin sun­ga­tyň ýur­du­myz­da­ky we dün­ýä ýü­zün­dä­ki äh­li muş­dak­la­ry­na ýe­ne bir aja­ýyp sow­gady bol­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň “Ar­şyň ne­pis­li­gi” at­ly ki­ta­by türk­men hal­ky­nyň baý ru­hy we mad­dy me­de­ni­ýe­ti bo­lan deň­siz-taý­syz mil­li ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­na ba­gyş­la­nyp­dyr. Aja­ýyp be­ze­len bu ne­şir türk­men, iň­lis we rus dil­le­rin­de çap edi­lip­dir, bu bol­sa dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­ri­niň giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi üçin onuň düş­nük­li bol­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär. Ne­şir­de hal­ky­my­zyň gym­mat­ly mi­ra­sy bo­lan aja­ýyp ha­ly­lar ha­kyn­da gy­zyk­ly gür­rüňler be­ril­ýär. Bu ki­tap müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da hal­ky­myz ta­ra­pyn­dan tä­sin gö­zel­li­gi sak­la­nan aja­ýyp mil­li sun­ga­ty­my­zyň dün­ýä­si­ne sy­ýa­ha­ta ça­gyr­ýar.

 

GADAMY BATLY BEDEW

Şu ýy­lyň ap­rel aýyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Ga­da­my bat­ly be­dew” at­ly ki­ta­by­nyň ta­nyş­dy­ryş da­ba­ra­la­ry ge­çi­ril­di. Tä­ze ki­tap ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Türk­men be­de­wi­niň baý­ra­my my­na­sy­bet­li türk­me­nis­tan­ly­la­ra aja­ýyp sow­gat bol­dy.
Tä­ze ne­şi­riň mak­sa­dy ahal­te­ke be­de­wi­ni türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy we ru­hy gym­mat­lyk­la­ry bi­len bag­ly­lyk­da gör­kez­mek­den yba­rat­dyr. Mu­nuň özi Mi­ra­sa sar­pa goý­mak, Wa­ta­ny öz­gert­mek ýy­lyn­da aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ahal­te­ke be­de­wi türk­men te­bi­ga­ty we yn­san ze­hi­ni bi­len dö­re­di­len gud­rat­dyr. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bu söz­le­ri ki­ta­byň ma­ny-maz­mu­ny­ny kes­git­le­di. Ki­tap “Dün­ýä­niň wa­jyp­ly­gy”, “Ga­dy­my­ýe­tiň se­da­sy”, “Türk­me­niň ru­hy baý­ly­gy”, “Gö­zel­li­giň syr­ly dün­ýä­si”, “Ede­bi mi­ras”, “At — my­rat”, “Ta­ry­hyň için­dä­ki ta­ryh” at­ly bö­lüm­ler­den yba­rat­dyr.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tä­ze ese­rin­de köp­ýyl­lyk bar­lag­lar, pi­kir ýö­ret­me­ler, ta­ry­hy we ede­bi mag­lu­mat­lar jem­le­nen­dir. On­da aw­to­ryň at­çy­ly­gyň mil­li däp­le­ri ba­ra­da­ky çuň­ňur bi­lim­le­ri, türk­men be­dew­le­ri­ne ba­gyş­la­nan na­kyl­lar­da, pä­him­ler­de we pa­ra­sat­ly söz­ler­de öz be­ýa­ny­ny ta­pan halk pä­hi­mi­niň ägirt uly baý­ly­gy şöh­le­len­ýär.
Ki­ta­byň gur­lu­şy aw­to­ra hä­zir­ki döw­ri hem-de ta­ry­hy bir sa­pa­ga düz­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rip, oky­jy­ny mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň geç­mi­şi, şu gü­ni we gel­je­gi ba­ra­da­ky pi­kir dö­ret­me­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­ýar. Tä­ze ki­tap türk­men hal­ky­nyň şöh­rat­ly ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne paý­has­ly ga­raý­şy­nyň dün­ýä­si­ne tä­sin sy­ýa­hat­dyr. Ki­ta­byň çe­per di­li ün­sü­ňi özü­ne çek­ýär. Ol aw­to­ryň be­hiş­di be­dew­le­re — asyr­la­ryň do­wa­myn­da türk­men­le­riň we­pa­ly dos­tu­na bo­lan çuň­ňur söý­gü­si­ni şöh­le­len­dir­ýär.

 

PARAHATÇYLYK SAZY, DOSTLUK, DOGANLYK SAZY

Hal­ky­my­zyň iň söý­gü­li bag­şy­la­ry­nyň bi­ri bo­lan be­ýik türk­men sa­zan­da­sy Şü­kür bag­şy ba­ra­da döw­le­ti­mi­ziň alyp bar­ýan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk sy­ýa­sa­ty bi­len öza­ra ut­gaş­dy­ry­lyp be­ýan edil­ýän Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 25 ýyl­lyk baý­ram­çy­ly­gy­nyň öň­ýa­nyn­da çap­dan çy­kan bu ne­şir mil­li Li­de­ri­mi­ziň äh­li wa­tan­daş­la­ry­my­za aja­ýyp sow­ga­dy­dyr.
Milli Liderimiz özü­niň ki­ta­byn­da Şü­kür bag­şy­nyň köp­ta­rap­ly keş­bi­ni açyp gör­ke­zip, bu keş­biň öze­nin­de du­ran hem-de ony çe­per ese­riň we wag­tyň çäk­le­rin­den çy­kar­ýan pi­ki­riň özü­niň umu­ma­dam­zat maz­mu­ny­ny nyg­ta­ýar.
Bu ki­tap bap­la­ryň 13-si­ni we söz­so­ňy­ny özün­de jem­le­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz adam­za­dyň öňün­de kyn we çyl­şy­rym­ly so­rag­la­ryň ýe­ne-de ör­bo­ýu­na gal­ýan döw­rün­de an­ti­ki dö­wür­de dö­rän jüm­lä­ni tä­ze­çe ug­ruk­dy­ryp, ony: “Sun­gat­lar söh­bet­leş­ýär­kä, top­la­ryň se­si çyk­ma­ýar!” di­ýen gör­nü­şe ge­tir­me­giň wag­ty­nyň ýe­tip ge­len­di­gi­ne ynan­ýar.
El­bet­de, mil­li Li­de­ri­mi­ziň ga­la­my­ndan çy­kan yl­my-köp­çü­lik­le­ýin be­ýan edi­len me­de­ni-ta­ry­hy no­bat­da­ky işi pa­ra­hat­çy­ly­gyň we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gyň me­de­ni­ýe­ti­niň ter­bi­ýe­len­me­gi­ne, şeý­le hem mil­li ru­hy gym­mat­lyk­la­ryň we mi­ra­syň, şol san­da bag­şy­la­ryň däp­le­ri­niň ne­sil­den-nes­le ge­çi­ji­li­gi­ni aýaw­ly sak­la­ma­ga hem-de mun­dan beý­läk-de wa­gyz et­mä­ge ýar­dam eder.

 

TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň aka­de­mi­gi, luk­man­çy­lyk ylym­la­ry­nyň dok­to­ry, pro­fes­sor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri” yl­my işi­niň VIII jil­di, 2009-njy ýyl­da baş­la­ny­lan düýp­li yl­my işiň do­wa­my bo­lup dur­ýar, onuň öň­ki jilt­le­ri hä­zir­ki dö­wür­de dün­ýä­niň köp dil­le­ri­ne ter­ji­me edil­di. Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­rin­de ös­ýän ösüm­lik­le­riň der­man­lyk hä­si­ýet­le­ri­ne ba­gyş­la­nan köp jilt­li düýp­li yl­my iş, di­ňe bir mil­li der­man­çy­lyk ul­ga­my­nyň däl, eý­sem, dün­ýä fi­to­te­ra­pi­ýa­sy­nyň ösü­şin­de mö­hüm ädim­dir.
“Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri” at­ly yl­my iş da­şa­ry ýurt­ly hü­när­men­ler­de uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Çün­ki onuň sa­hy­pa­la­ryn­da der­man­lyk ösüm­lik­le­riň be­je­riş aý­ra­tyn­ly­gy, ola­ry yl­my we halk luk­man­çy­ly­gyn­da peý­da­lan­ma­gyň usul­la­ry ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň be­ril­ýär.
Bu ki­ta­byň dün­ýä­niň dür­li dil­le­ri­ne ter­ji­me edil­me­gi ne­şi­riň örän gym­mat­ly­dy­gy­nyň we meş­hur­ly­ga eýe bol­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Mil­li­on­lar­ça oky­jy­la­ra ni­ýet­le­nen der­man­lyk ösüm­lik­le­riň we halk luk­man­çy­ly­gy­nyň öz­bo­luş­ly en­sik­lo­pe­di­ýa­sy bo­lan bu ne­şir adam­zat me­de­ni­ýe­ti­niň ha­zy­na­sy­na, şol san­da luk­man­çy­lyk ul­ga­my­na ägirt uly go­şant go­şan türk­men hal­ky­nyň kö­pa­syr­lyk tej­ri­be­si we ýö­rel­ge­le­ri bi­len ta­nyş­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
Kitapda her bir ösüm­li­giň mag­lu­mat­la­ry öz­bo­luş­ly su­rat­lar bi­len ut­gaş­dy­ryl­ýar. Ki­ta­byň so­rag-jo­gap bö­lü­min­de ola­ryň der­man­lyk aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň gör­ke­zi­ji­si, der­man­lyk ösüm­lik­le­riň at­la­ry­nyň rus-la­tyn-türk­men söz­lü­gi, se­riş­de­le­ri ýyg­na­ma­gyň we sak­la­ma­gyň möh­let­le­ri­niň se­ne­si ýer­leş­di­ri­lip­dir.

Kategori: Baş Sahypa

312 izlenme

Teswirle