Be­ýon­se 9 ugur­dan da­laş­gär

Be­ýon­se 9 ugur­dan da­laş­gär

Be­ýon­se 9 ugur­dan da­laş­gär
Aý­dym-saz dün­ýä­si­niň iň ab­raý­ly sy­la­gy bo­lan 59-njy “Grem­mi” baý­rak­la­ryn­da meş­hur aý­dym­çy Be­ýon­se Now­les 9 ugur­dan da­laş­gär­li­ge hö­dür­len­di. Ri­han­na, Dreýk we Kan­ýe West 8, Chance the Rap­per bol­sa, 7 ugur­dan “Grem­mi­niň” hyrydary bol­dy. Owa­dan aý­dym­çy Be­ýon­se­niň “Le­mo­na­de” at­ly al­bo­my Ade­liň “25”, Jas­tin Bi­be­riň “Pur­po­se”, Dreý­kiň “Views”, Star­jill Simp­so­nyň “A Sai­lor’s Gui­de to Earth” al­bom­la­ry bi­len “Grem­mi” ug­run­da bäs­le­şer. Ýy­lyň aý­dy­my baý­ra­gy­ny Be­ýon­se­niň “For­ma­ti­on”, Ade­liň “Hel­lo”, Maýk Pos­ne­riň “I To­ok a Pill in Ibi­za”, Jas­tin Bi­be­riň “Love Your­self” hem-de Lu­kas Gra­ha­myň “7 Years” aý­dym­la­rynyň haý­sy hem bol­sa bi­ri­ alar. Ýy­lyň ýaz­gy­sy diý­len ugur­da ýe­ne-de şol aý­dym­la­ryň üçü­si – “For­ma­ti­on” (Be­ýon­se), “Hel­lo” (Adel), “7 Years” (Lu­kas Gra­ham) bi­len bir ha­tar­da, Ri­han­na­nyň “Work” (Dreýk bi­len bi­le­lik­de aýd­ýar) hem-de “Twen­ty One Pi­lots” to­pa­ry­nyň “Stres­sed Out” aý­dym­la­ry da­laş­gär gör­ke­zil­di. Ýy­lyň tä­ze aý­dym­çy­sy baý­ra­gy ug­run­da-da Kel­sea Bal­le­ri­ni, “The Chains­mo­kers”, Chance the Rap­per, Ma­ren Mor­ris, An­der­son .Pa­ak da­gy da­laş eder. 80-e go­laý heý­kel­ji­giň gow­şu­ryl­jak 59-njy “Grem­mi” aý­dym-saz baý­rak­la­ry­nyň da­ba­ra­sy öňü­miz­dä­ki ýy­lyň 12-nji few­ra­lyn­da ge­çi­ri­ler. Los An­je­les­dä­ki “Stap­les Sentr­de” bol­jak çä­rä­ni Jeýms Kor­den alyp ba­rar.

Meş­hur akt­ýor 100 ýa­şa­dy
Ame­ri­ka­ly akt­ýor, prod­ýu­ser hem-de re­žiss­ýor Kirk Dug­las 9-njy de­kabr­da 100 ýa­şa­dy. Gol­li­wu­dyň “Al­tyn döw­ri” di­ýil­ýän ýyl­la­ryn­da en­çe­me film­de su­ra­ta dü­şen Kirk Dug­las 1916-njy ýyl­da Nýu Ýor­kuň Ams­ter­dam di­ýen ýe­rin­de dün­ýä in­ýär. 1946-njy ýyl­da ki­no sun­ga­ty­na ara­la­şyp baş­lan Dug­las 100-e go­laý ulu­ly-ki­çi­li film­de dür­li keşp­le­ri jan­lan­dyr­ýar. Bel­li akt­ýor Maýkl Dug­la­syň ka­ka­sy bo­lan Kirk Dug­la­syň meş­hur ki­no­la­ry hök­mün­de “Çem­pi­on” (1949), “Ýan Ster­ling” (1951), “Aň­taw­çy­nyň ro­wa­ýa­ty” (1951), “Ýa­şa­ma­ga bo­lan hy­juw” (1956), “Wag­şy gö­reş” (1957), şol san­da ta­ny­mal re­žiss­ýor Sten­li Kub­ri­giň su­ra­ta dü­şü­ren “Ýe­ňiş ýol­la­ry” (1957) we “Spar­tak” (1960) hem-de “Tol­gun­dy­ry­jy gün­ler” (1964) at­ly film­le­ri ag­za­mak bo­lar. 3 ge­zek iň go­wy akt­ýor ug­run­da Os­ka­ra da­laş­gär bo­lan Kirk Dug­las 2 sa­par öý­len­di. 4 ça­ga­nyň ka­ka­sy Dug­la­sa 1996-njy ýyl­da “Ömür­bo­ýy ba­şar­nyk” Os­ka­ry be­ril­di.

Kategori: Sungat

374 izlenme

Teswirle