Türkmen-eýran gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk

Türkmen-eýran gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk

Soňky günlerde Eýranyň we beýleki döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde gaz pudagyndaky türkmen-eýran gatnaşyklaryna degişli dürli maglumatlar beýan edilýär. Olaryň käbirinde 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Eýranyň türkmen gazy bilen üpjün edilmeginiň «duýdansyz we ikitaraplaýyn ylalaşyga gabat gelmän» bes edilmegi barada gürrüň edilýär. Beýleki neşirlerde bolsa, tersine «Eýran Türkmenistan bilen türkmen gazynyň akdyrylmagy barada 5 ýyllyk ylalaşyga gol çekdi»-diýlip, bellenilýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, şuňa meňzeş, çapraz häsiýetli we öz mazmuny boýunça garşylykly maglumatlaryň hiç bir esasynyň ýokdugyny mälim edýär.
Hakykatdan hem, 1997-nji ýylyň dekabryndan başlap, gazy aluw-satuw şertnamasyna laýyklykda, ikitaraplaýyn ylalaşygyň ähli şertlerini berjaý edip, Türkmenistan Eýrana gazyň iberilmegini amala aşyrýar.
Şunuň bilen bir wagtda, gynansakda, Eýranyň milli gaz kompaniýasy 2013-nji ýyldan başlap, Eýran Yslam Respublikasyna ozal iberilen türkmen tebigy gazy üçin bergisini üzmek boýunça zerur tagallalary ýerine ýetirmeýär. Munuň netijesinde eýran tarapynyň ep-esli bergisi emele gelip, uzakmöhletleýin şertnama esasynda Eýrana gazyň eltilmegine ugrukdyrylan, Türkmenistanyň gaz daşaýjy infrastrukturasynyň üznüksiz tertipde işlemegine maliýe kynçylyklyklar päsgelçilik döredýär.
2016-njy ýylyň dowamynda eýran tarapynyň gaz üpjünçiliginde emele gelen ýaramaz ýagdaý we türkmen tebigy gazynyň iberilmeginde mümkin bolan çäklendirme barada resmi taýdan ençeme gezek habardar edildi. Şol birwagtda, türkmen tarapy emele gelen meseleleriň işjeň ýagdaýda çözülmegine gönükdirilen teklipleriň ençemesini berdi.
Emma, Türkmenistanyň konstruktiw başlangyçlaryna Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň oňyn seslenmesiniň ýoklugy, arkalaşykly çözgütleriň görnüşlerini agtarmakda oňun haýallygy, 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Eýrana türkmen tebigy gazynyň akdyrylmagynyň alaçsyz çäklendirilmegine getirilendigi mälim edildi.
Şonuň yzysüre Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň (EMGK) resmi internet saýtynda ýerleşdirilen maglumatyna degişlilikde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şu aşakdakylary beýan etdi.
EMGK-niň esassyz we obýektiw bolmadyk maglumatyna öz tarapymyzdan Kompaniýanyň türkmen tarapyna bolan bergisini üzmek bilen bagly meselede hemmäni ýalňyş pikire ugrukdyrmak synanyşygy hökmünde garaýarys.
Hususan hem, «Türkmengaz» Döwlet konserni tarapyndan üpjün edilýän gazyň hili we möçberi bilen bagly şertnamanyň düzgünleriniň bozulmagy baradaky tassyklama hakykata laýyk gelmeýar.
Hakykatda, Eýrany tebigy türkmen gazy bilen üpjün etmek hakyndaky şertnamanyň ýerine ýetirilmeginiň dowamynda EMGK tarapyndan öz üstüne alynan borçlarynyň ençeme gezek ýerine ýetirilmändigi bellenilipdi. Hususanda, Şertnamanyň esasy ýörelgeleriniň biri «take or pay» — «al ýa-da töle» bolup durýandygyna garamazdan, Eýranyň milli gaz kompaniýasy birnäçe ýyllaryň dowamynda şertlendirilen gazyň esli möçberiniň alynmagyny üpjün etmedi. Şol bir wagtda, Kompaniýa türkmen tarapyna hiç hili maliýe öwez töleglerini üpjün etmedi.
EMGK-niň geçirilen «köpsagatlyk netijesiz gepleşikler» baradaky birtaraplaýyn beýannamalary delilsiz we esassyz bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, hut türkmen tarapynyň başlangyjy bilen Eýranyň nebit ministrliginiň we EMGK-niň wekilleri bilen yzygiderli esasda gepleşikleriň geçirilendigini bellemelidir. Bu ugurda türkmen tarapy diňe bir uzakmöhletleýin Şertnama boýunça gazyň iberilmegi bilen baglylykda ýüze çykýan meseleleriň çözülmegine gönükdirilen anyk teklipler bilen çäklenmän, gaz pudagyndaky türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny giňeltmäge degişli teklipler bilen hem çykyş etdi. Türkmen tarapynyň bu konstruktiw çemeleşmeleri esasynda gaz ulgamyndaky Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri boýunça netijeleri gazanmaga mümkinçilikler döredi.
Kompaniýanyň «iki kompaniýalaryň arasyndaky hukuk jedeline Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň gatyşmagy Şertnamanyň bozulmagy» diýen belligi nädogry maglumatyň nusgasy bolup durýar.
Bu ýagdaýda kadanyň bozulmagy hiç bir düzgün boýunça esaslandyrylyp bilinmeýär. Sebäbi şuňa meňzeş meseleler söwda şertnamalarynda ýa-da ylalaşyklarynda bellenilmeýär. Şol bir wagtyň özünde, hemmelere mälim bolşy ýaly, islendik döwletiň daşary syýasat edarasynyň esasy wezipeleriniň biri ýurduň bähbitlerini (şol sanda ykdysady), onuň raýatlarynyň we ýuridiki şahslarynyň hukuklaryny goramak bolup durýar. Ýokarda agzalan meseläni şöhlelendirmekde Türkmenistanyň DIM-niň işjeňligini hut şu nukdaýnazardan düşünmeli.

Kategori: Uncategorized

11 izlenme

Teswirle