2017-nji ýyl – Hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­lyk ýy­ly

2017-nji ýyl – Hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­lyk ýy­ly

Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 2017-nji ýyl durnukly ösüş üçin hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­lyk ýy­ly diý­lip yg­lan edil­di. Mu­nuň bi­len bag­la­ny­şyk­ly de­giş­li Re­zol­ýu­si­ýa ka­bul edil­di. Şol ka­rar­da gu­ra­ma ag­za döw­let­ler sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­na gol­daw ber­mä­ge, onuň dur­nuk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mä­ge hem-de gi­ňelt­mek ba­bat­da de­giş­li çä­re­le­ri gör­mä­ge ça­gy­ryl­dy. Şu ýy­lyň 18-nji ýan­wa­ryn­da Is­pa­ni­ýa­nyň Mad­rid şä­he­rin­de Hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­lyk ýy­ly­na res­mi taý­dan ba­dal­ga ber­ler.
— Bu çäre BMG-niň durnukly ösüşi ilerletmek babatda alyp barýan giň gerimli maksatnamalaryna goşant goşmagy maksat edinýär. Ol sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň ösü­şi hem-de tu­tuş dün­ýä­de äh­lu­mu­my öz­gert­me­le­riň iler­le­me­gi üçin tä­ze döw­rüň baş­lan­gy­jy bo­lar – di­ýip, Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry Ta­leb Ri­fai gür­rüň ber­di.
BMG-niň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, her ýyl 1 mil­liard­dan gow­rak adam dür­li ýurt­la­ra sy­ýa­hat ed­ýär. Şo­nuň ha­sa­by­na sy­ýa­hat­çy­lyk dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň öň­de­ba­ry­jy pu­dak­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Tu­tuş dün­ýä bo­ýun­ça je­mi içer­ki önü­miň 10 gö­te­ri­mi we bü­tin­dün­ýä eks­por­tu­nyň 6 gö­te­ri­mi bu pu­da­gyň pa­ýy­na düş­ýär. Sy­ýa­hat­çy­lyk in­dust­ri­ýa­sy ga­ryp­ly­gyň azal­ma­gy­na hem-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ösü­şiň ýo­kar­lan­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär.
Dün­ýä­niň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­na sal­dam­ly go­şant goş­ýan ýurt­la­ryň bi­ri-de köp ilat­ly Hy­taý­dyr. Şu ge­ze­gem Tä­ze ýy­lyň gar­şy­lan­ýan döw­rün­de Hy­taý­da 120 mil­li­on sy­ýa­hat­ça hyz­mat edil­di. Ýur­duň sy­ýa­hat­çy­lyk bo­ýun­ça döw­let eda­ra­sy­nyň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, 120 mil­li­on ja­han­keş­dä hyz­mat edi­lip, 67,9 mil­liard ýu­an gir­de­ji ga­za­nyl­dy.
2016-njy ýy­lyň 31-nji de­kab­ry bi­len 2017-nji ýy­lyň 2-nji ýan­wa­ry ara­ly­gyn­da de­mir ýol ar­ka­ly 26,727 mil­li­on ýo­lag­çy gat­na­dyl­dy. Goş­ma­ça 461 ot­ly gat­na­wy ama­la aşy­ryl­dy. Ra­ýat awia­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan bol­sa, 2,6 mil­li­on ada­ma hyz­mat edil­di.

Kategori: Dünýä

12 izlenme

Teswirle