2017-nji ýylda kosmosda nämeler bolar?!

2017-nji ýylda kosmosda nämeler bolar?!

Kosmosda üstümizdäki ýylda köp täzeligiň bolmagyna garaşylýar. Olaryň arasynda älem giňişligi bilen bagly taslamalar hem az däl. Şular barada maglumat bermegi müwessa bildik.
Sa­tur­ny öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len ug­ra­dy­lan “Cas­si­ni” eme­li hem­ra­sy hal­ka­ly pla­ne­ta­nyň aja­ýyp su­rat­la­ry­ny ug­ra­dar. 15-nji sent­ýabr­da eme­li hem­ra pla­ne­ta­nyň bu­lut hal­ka­la­ry­nyň ara­sy­na gi­rer. 1997-nji ýyl­da uçu­ry­lan eme­li hem­ra 2004-nji ýyl­dan bä­ri, bu pla­ne­ta­nyň or­bi­ta­syn­da he­re­ket ed­ýär. As­lyn­da 13 ýyl­dan bä­ri or­bi­ta­da bo­lan en­ja­myň beý­le uzak wagt ula­nyl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ma­ýar­dy. Ol NA­SA-nyň iň kö­ne eme­li hem­ra­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Ýu­pi­te­riň or­bi­ta­syn­da he­re­ket ed­ýän “Voya­ger” we “Ga­li­leo” hem “ýaş” ha­sap­lan­ma­ýar. “Cas­si­ni”-niň äh­li en­jam­la­ry­nyň saz iş­le­ýän­di­gi aý­dyl­ýar. Ol özü­ne tab­şy­ry­lan ýu­m­şuň ta­mam­lan­ma­gy­nyň öň ýa­nyn­da iň jo­gap­kär­li işi ýe­ri­ne ýe­ti­rer. “Cas­si­ni” gaz, to­zan we buz bö­le­jik­le­ri­ni tu­tup, ola­ry sel­je­rer we ýo­ka­ry du­ru­lyk­da su­ra­ta dü­şü­rer. Sent­ýabr aýy­nyň or­ta­laryn­da on­dan mag­lu­mat al­ynma­gy bes edi­ler. As­lyn­da, ast­ro­nom­lar ony mun­dan hem uzak wagt­lap ulan­mak is­le­ýär­ler. Em­ma onuň ýan­gy­jy aza­lyp bar­ýar. Şol se­bäp­li ony do­lan­dyr­mak kyn­laş­ýar. Onuň Sa­tur­nyň hem­ra­la­ry­na öz­baş­dak gaç­ma­gy hem is­len­me­ýär. Se­bä­bi, eme­li hem­ra­da hä­zi­rem bar­dy­gy çak­la­nyl­ýan mik­rop­la­ryň “ýo­kuş­ma­gy” müm­kin. Esa­san hem, diý­seň dy­kyz at­mos­fe­ra­sy bo­lan Ti­tandan hem-de buz bi­len ör­tü­len we aşa­gyn­da uly um­man bar bo­lan Ensela­ddan ägä bolunýar. Ensela­d­da­ky um­man­da ýa­şaý­şyň bo­lup bil­jek­di­giniň çak­la­nyl­ýandygy se­bäp­li ast­ro­nom­lar eme­li hem­ra­ny bel­li bir ýe­re gon­dur­ma­gyň ala­da­sy­ny ed­ýär.
Hal­ka­ra kos­mos be­ke­di hem Ýe­riň or­bi­ta­syn­da aý­lan­ma­gy­ny do­wam et­di­rer. Adat­da­ky­sy ýa­ly onuň eki­pa­žy al­ty aý­dan üýt­gäp du­rar.
Täze gämi peýda bolar
Ýy­lyň ahy­ryn­da “SpaceX” şe­re­ke­ti­ be­ke­de tä­ze gä­mi­si­ni ug­ra­dar. Hä­zir­ki wagt­da be­ke­de ýük gat­nat­mak­da “Dra­gon”, kos­mo­nawt gat­nat­mak­da hem “So­ýuz” kos­mos gä­mi­le­rin­den peý­da­la­nyl­ýar. Kos­mo­nawt­la­ry at­mos­fe­ra­nyň da­şy­na çy­ka­ryp, ýe­ne-de yzy­na ge­tir­mek­de peý­da­la­nyl­ýan ame­ri­kan gä­mi­le­ri 2011-nji ýyl­da öz iş­le­ri­ni ta­mam­lap­dy­lar. Şon­dan bä­ri, rus­la­ryň “So­ýu­zyn­dan” peý­da­la­nyl­ýar­dy. “SpaceX”-iň ra­ke­ta­la­ry we gä­mi­le­ri ola­ryň ýe­ri­ne peý­da­la­ny­lar.
“SpaceX”-iň “Falcon Heavy” ra­ke­ta­sy hem şu ýyl uçu­ry­lar. Ol gel­jek­de Mar­sa git­mek üçin peý­da­la­ny­lar.
In­di­ki ýyl bol­sa, kos­mos te­les­ko­py “Hubb­le”-yň de­re­gi­ni tut­jak, em­ma on­dan has kä­mil hem­ra älem gi­ňiş­li­gi­ne ug­ra­dy­lar.
Planetalar ýyl­dyz ýa­ly bo­lup gör­ner
Ýe­riň beý­le­ki goň­şu­sy We­ne­ra ýan­war-few­ral aý­la­ryn­da as­man­da ýyl­dyz ýa­ly bo­lup gör­ner. Ap­rel­den baş­lap, al­ty aý­lap, ir sä­her ýyl­dyz ýa­ly bo­lup gör­ner. Ýu­pi­te­ri bol­sa, gi­jäň ýa­ryn­dan soň­ra gör­mek bo­lar. Sa­turn gü­nor­ta ýa­rym­şar­da has uly bo­lup gör­ner. Ol iýun aýyn­da has go­wy gö­ze iler.
Me­te­or­it “ýa­gyş­la­ry” bo­lar
Üs­tü­miz­dä­ki ýyl has köp “ýyl­dy­zyň süýn­me­gi­ne” hem ga­ra­şyl­ýar. Has dog­ru­sy, me­teo­rit­ler at­mos­fe­ra ga­çar. 10-14-nji aw­gust­ ara­ly­gyn­da, 16-19-njy no­ýabr ara­ly­gyn­da, 11-14-nji de­kabr ara­ly­gyn­da me­te­or­it “ýa­gyş­la­ry” bo­lar. 21-nji aw­gust­da do­ly Gün tu­tul­ma ha­dy­sa­sy bo­lar. Ol di­ňe ABŞ-nyň ­çäk­le­rin­de tä­sir­li bo­lar. Bu ha­dy­sa 2 mi­nut 40 se­kunt do­wam eder. Tä­sin te­bi­gy ha­dy­sa De­mir­ga­zyk we Or­ta Ame­ri­ka­da hem do­ly däl hal­da bo­lup ge­çer. 26-njy few­ral­da Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da we Af­ri­ka­nyň kä­bir ýer­le­rin­de Gün tu­tu­lar. Aý Gü­nüň öňü­ne ge­ler, em­ma ol ki­çi bo­lan­soň, öňüni do­ly ýa­pyp bil­mez. 7-nji aw­gust­da Awst­ra­li­ýa­da, Azi­ýa­da, Af­ri­ka­da we Ýew­ro­pa­nyň uly bö­le­gin­de Aý tu­tul­ma ha­dy­sa­sy bo­lar. Em­ma Ýe­riň hem­ra­sy do­lu­ly­gy­na tu­tul­maz.

19 izlenme

Teswirle