Awtoulagyň ata watanynda

Her ýylyň başynda awtoulagyň watany hasaplanýan ABŞ-nyň Detroit şäherinde bu ugra bagyşlanyp, sergi geçirilýär. Ertir öz işine başlajak halkara çärede nusgalyk, ýöriteleşdirilen hem-de önümçilige taýýar ulaglaryň birnäçesi görkeziler. Olaryň käbiri barada gyzykly maglumatlary siziň dykgatyňyza ýetirýäris.
“Audi Q8 Kon­sept”: aw­tou­lag sö­ýü­ji­ler ge­çen aý az­da-kän­de mag­lu­mat ber­len ula­gy il­kin­ji ge­zek gör­mä­ge müm­kin­çi­lik alar­lar. Daş­ky şe­ki­li­niň nä­hi­li­di­gi hä­zir­lik­çe nä­mä­lim bo­lan nus­ga­lyk ulag­da V6 we V8 he­re­ket­len­di­ri­ji­le­riniň ben­zin­li hem-de di­zel gör­nüş­le­ri­niň bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.
“Mercedes-Benz E-Class Coupe”: se­ri­ýa­nyň sport ag­za­sy bo­lan bu ulag bren­diň iň soň­ky teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny özün­de jem­lär. “E-Class Coupe” hem il­kin­ji ge­zek köp­çü­li­ge gör­ke­zi­ler.
“Volks­wa­gen I.D Van”: bu ula­gyň daş­ky gör­nü­şi nus­ga­wy çy­zyk­la­ry hem-de elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag­la­ry ýa­da sal­ýan çy­zyk­la­ry özün­de bir­leş­di­rer. Bren­diň iň meş­hur mo­de­li “T1”-e meň­ze­jek­di­gi aý­dyl­ýar.
“VW Ti­gu­an Alls­pace”: bren­diň iň soň­ky uly göw­rüm­li SUV ag­za­sy bo­ljak “Ti­gu­an Alls­pace” ada­ty “Ti­gu­an”-dan 110 mm uzyn bo­lar. “Ti­gu­an”-yň iň yg­ty­bar­ly ulag saý­lan­ma­gy bu mo­de­le hem uly is­leg bil­di­ril­jek­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar.
“In­fi­ni­ti QX50”: yk­jam SUV ulag­la­ry­nyň ha­ta­ry­na gir­ýän QX50-niň tä­ze ag­za­sy bo­lan mo­del­de ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­dan peý­da­la­ny­lan he­re­ket­len­di­ri­ji otur­dy­lyp­dyr.
KIA GT: kom­pa­ni­ýa­nyň iň ýo­ka­ry tiz­lik­li ula­gy bol­jak mo­de­liň ko­reý bren­di­niň ab­ra­ýy­ny art­dyr­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.
“Ýyl­dy­rym McQueen”: 2006-njy ýyl­da pro­ka­ta çy­kan “Ulag­lar” ani­ma­si­ýa­sy ulu­dan-ki­çä hem­mä­niň ün­sü­ni özü­ne çe­kip­di. “Pixar” ta­ra­pyn­dan çy­ka­ry­lan we aw­tou­lag­la­ryň “dur­mu­şy” ba­ra­da gür­rüň ber­ýän mult­fil­miň ikin­ji­si 2011-nji ýyl­da peý­da bo­lup­dy. Mult­fil­miň üçün­ji bö­lü­mi­niň şu ýyl to­ma­şa­çy­la­ra ýe­ti­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Mult­film­dä­ki “Ýyl­dy­rym McQueen” ula­gy­nyň ha­ky­ky gör­nü­şi bu ser­gi­de köp­çü­li­ge gör­ke­zi­ler. Bu ula­gyň beý­le­ki sergä gatnaşýan äh­li ulag­lardan has köp üns çek­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.

14 izlenme

Teswirle