Gury ýere iň uzak nokat

Gury ýere iň uzak nokat

Ýer ýü­zün­de aşa ys­sy hem-de so­wuk, köp ýa­gyş ýag­ýan, hiç hi­li ygal düş­me­ýän, adam aýa­gy sek­me­dik to­kaý­lyk­lar, hiç hi­li ösüm­lik gö­ger­me­ýän buz­luk­lar we beý­le­ki bir-bi­rin­den ta­pa­wut­ly ýer­ler bar. Kä­bir ýurt­lar bol­sa, gu­ry ýer­den has alys­da­ky ada­lar­da ýer­leş­ýär. Gu­ry ýe­re iň uzak ýer Ne­mo no­ka­dy ha­sap­lan­ýar. Bu at meş­hur fran­suz ýa­zy­jy­sy Žýul We­riň “Deň­ziň as­tyn­da 20 müň lýo” ese­ri­niň gah­ry­ma­ny ka­pi­tan Ne­mo ba­gyş­la­nyp goý­lup­dyr. Ne­mo la­tyn­ça­da “hiç kim” diý­me­gi aň­lad­ýar. Ol ýer hem hiç ki­miň bar­ma­ýan künjegi bo­lan­soň, şeý­le at­lan­dy­ry­lyp­dyr.
Ne­mo no­ka­dy özü­ne iň ýa­kyn üç ada­dan 2688 km uzak­lyk­da ýer­leş­ýär. Onuň de­mir­ga­zy­gyn­da Dýu­si ada­sy, de­mir­ga­zyk-gün­do­ga­ryn­da Is­ter ada­la­ryn­dan Mo­tu Nui we gü­nor­ta­syn­da An­tark­ti­ka­nyň go­la­ýyn­da­ky Ma­her ada­sy bar.
Bu no­kat res­mi taý­dan 1992-nji ýyl­da ka­na­da­ly kar­tograf Hrwo­ýe Lu­ka­te­la ta­ra­pyn­dan anyk­la­nyp­dyr. Lu­ka­te­la mu­ny komp­ýu­ter ar­ka­ly ge­çi­ren bar­lag­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de ta­pyp­dyr. Şol se­bäp­li bu ara­lyk­lar ha­ky­kat­da­ky­syn­dan bir­nä­çe metr az ýa-da köp bo­lup bi­ler.
Ne­mo no­ka­dy gu­ry ýe­re şeý­le bir daş we­lin, hat­da ol ýe­re kos­mo­nawt­lar has ýa­kyn bol­ýar­lar. Kos­mos eda­ra­la­ry bu no­ka­dy “Gü­nor­ta Ýu­waş um­ma­ny­nyň ço­la se­bi­ti” di­ýip at­lan­dyr­ýar­lar. Ol ýe­re gä­mi­li ba­ryl­man­soň, köp­lenç ha­lat­da kos­mos­da ula­nyş­dan ga­lan en­jam­lar Ýe­re taş­lan­ma­ly bo­lan­da, şol ýe­re gon­du­ryl­ýar. Ola­ryň ara­syn­da ra­ke­ta­lar, kos­mos gä­mi­le­ri we kos­mos be­ket­le­ri bar. Em­ma Ýe­riň at­mos­fe­ra­sy­na da­şar­dan gel­ýän is­len­dik zat kis­lo­ro­da de­ge­nin­de ýa­nyp baş­la­ýar. Eger aşa uly bol­sa, kä­bir bö­lek­le­ri ýe­re ga­çyp bil­ýär. Ki­çi­räk zat­lar bol­sa, ýa­nyp ýok bo­lup gid­ýär. Şol se­bäp­li bu ço­la ýe­re kos­mos ga­lyn­dy­la­ry taş­lan­ýan hem bol­sa, ola­ryň di­ňe kä­bir bö­lek­le­ri ge­lip düş­ýär.
Um­ma­nyň bu ço­la ýe­rin­de o di­ýen köp jan­dar ýa-da ösüm­lik ýok. Se­bä­bi ol ýer­de güýç­li akym bo­lup, suw jan­dar­la­ryň ýa­şa­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­me­ýär.

Kategori: Habarlar

12 izlenme

Teswirle