Hok­keý­çi­le­rimiz gyş­ky Azia­da taý­ýar­lan­ýar­

Hok­keý­çi­le­rimiz gyş­ky Azia­da  taý­ýar­lan­ýar­

Hok­keý bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­myz Mins­ki­de (Be­la­rus) “Rau­bi­çi” olim­pi­ýa sport top­lu­my­nyň bin­ýa­dyn­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şy­gyn­dan do­la­nyp gel­di. Mil­li ýy­gyn­dy­myz ýer­li to­par­lar bi­len ýol­daş­lyk du­şu­şy­gy­nyň iki­si­ni ge­çi­rip, olar­dan ynam­ly ýe­ňiş ga­zan­dy­lar.
Hä­zir­ki ýyg­na­ny­şyk­lar türk­me­nis­tan­ly­lar üçin in­di­ki aý­da Sap­po­ro şä­he­rin­de (Ýa­po­ni­ýa) ge­çi­ril­jek VIII Azi­ýa gyş­ky oýun­la­ry­na taý­ýar­lyk gör­me­giň mö­hüm tap­gy­ry bol­dy. Şol ýa­ryş­lar­da bi­ziň hok­keý­çi­le­ri­miz il­kin­ji ge­zek çy­kyş eder­ler.
Meş­hur hal­ka­ra tä­lim­çi­le­riň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ge­çen okuw-tür­gen­le­şi­gi­niň bar­şyn­da hü­jüm we go­rag ugur­la­ryn­da he­re­ket et­me­giň usul­la­ry­nyň üs­tün­de iş­le­mä­ge aý­ra­tyn uly üns be­ril­di. Öw­re­ni­len emel­ler Be­la­ru­syň hö­wes­jeň to­par­la­ry bi­len ge­çi­ri­len oýun­la­ryň bar­şyn­da bar­la­nyp gö­rül­di. Bi­rin­ji du­şu­şyk­da türk­me­nis­tan­ly­la­ra “So­ýuz” to­pa­ry­nyň hok­keý­çi­le­ri gar­şy dur­du­lar. Olar bi­ziň der­we­ze­çi­mi­ziň to­ru­na ba­ry-ýo­gy bir hok­keý pök­gü­si­ni ge­çir­me­gi ba­şar­dy­lar, em­ma öz der­we­ze­le­ri­ne 18 pök­gi goý­ber­di­ler. Ikin­ji du­şu­şyk­da mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň gar­şy­da­şy “Aýs Soft” to­pa­ry bol­dy. Bu oýun­da hem türk­men tür­gen­le­ri 17:3 ha­sa­by bi­len üs­tün çyk­dy­lar. Tä­lim­çi­le­riň pi­ki­ri­ne gö­rä, öň­de bol­jak gyş­ky Azia­da­nyň öň ýa­nyn­da Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ge­çi­ren ýyg­na­ny­şyk­la­ry ne­ti­je­li bol­dy.
Ýa­po­ni­ýa­da­ky Oýun­lar­dan soň, türk­me­nis­tan­ly­lar ýe­ne-de bir jo­gap­kär­li ýa­ryş­la­ra – ap­rel­de Ku­weýt­de ge­çi­ril­jek Azi­ýa­nyň Ku­bo­gy ug­run­da­ky ýa­ry­şa taý­ýar­lyk gör­me­li bo­lar. Tür­gen­le­ri­miz bi­rin­ji dwi­zi­on­da çy­kyş eder. Ýa­ryş­la­ryň to­par­la­ýyn tap­gy­ryn­da türk­me­nis­tan­ly­la­ryň gar­şy­daş­la­ry­nyň Fi­lip­pin­le­riň, Oma­nyň, Ka­ta­ryň, Ku­weý­tiň, Hin­dis­ta­nyň we Ma­kao­nyň to­par­la­ry­nyň bol­jak­dy­gy eý­ýäm­den bel­li­dir.

Kategori: Uncategorized

10 izlenme

Teswirle