Hy­taý kom­pa­ni­ýa­sy­nyň tä­ze we­lo­si­pe­di

Hy­taý  kom­pa­ni­ýa­sy­nyň tä­ze we­lo­si­pe­di

Hy­taý kom­pa­ni­ýa­sy “LeEco” özü­niň “ОС And­ro­id” prog­ram­ma­ly iki sa­ny “akyl­ly” elekt­rik we­lo­si­pe­di­ni CES 2017 ser­gi­si­ne hö­dür­le­di. “Smart Ro­ad Bi­ke” şä­her­de sür­mek üçin ni­ýet­le­nip, 8,3 ki­log­ram ag­ra­my, “Smart Mo­un­ta­in Bi­ke” bol­sa, 12,2 ki­log­ram ag­ra­my bi­len ta­pa­wut­la­nyp, be­ýik­li-pes­li we dag­lyk ýer­ler üçin ni­ýet­le­nen­dir. We­lo­si­ped­le­riň iki­si­niň hem ra­ma­sy ýe­ňil we mä­käm ug­le­rod sü­ýü­min­den ýa­sa­lan.
Elekt­rik smart-we­lo­si­ped­le­ri “Snapd­ra­gon” 410 pro­ses­so­ry, 600 mAh ba­ta­re­ýa­sy, la­zer gör­ke­zi­ji­si, ýü­rek ur­gu­sy­ny gör­kez­ýän dat­çik, di­na­mi­ka we ka­me­ra bi­len ab­zal­laş­dyr­ylan. We­lo­si­ped­le­riň äh­li amal­la­ry­nyň do­lan­dy­ry­ly­şy “Bi­ke­OS” daş­lyk­ly “And­ro­id” ama­ly ul­ga­my bilen ber­jaý edil­ýär. Elekt­ro­baýk gi­dip bar­ýar­ka, ho­ja­ýy­ny­nyň smart­fo­nun­daky jaň­la­ry ug­rat­ma­ga, ýaz­gy üs­ti bi­len ha­bar ýollama­ga, kar­ta­dan bar­ýan ug­ru­ňy gör­mä­ge ukyp­ly­dyr. “LeEco” kom­pan­iýa­sy he­niz elekt­ro­we­lo­si­ped­le­riň anyk ba­ha­sy­ny mä­lim et­me­di, ýö­ne ola­ryň 2017-nji ýy­lyň ikin­ji çär­ýe­gin­de sa­tu­wa çykaryl­jak­dy­gy­ny ha­bar ber­di.

Kategori: Habarlar

19 izlenme

Teswirle