Sag­dyn­ly­K, belent ruh — geljekki ösüşlere badalga

Sag­dyn­ly­K, belent ruh — geljekki ösüşlere badalga

Hormatly Prezidentimiz
2017-nji ýyly “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýip teklip etdi. Munuň özi üstümizdäki ýylyň has uly üstünliklere beslenjekdigini, türkmen türgenleriniň ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende galdyrjakdygyny alamatlandyrýar.
2016-njy ýyl hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len Mi­ra­sa sar­pa goý­mak, Wa­ta­ny öz­gert­mek ýy­ly hök­mün­de Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň ýyl­ýaz­gy­syn­da mü­di­mi­lik orun al­dy. Be­re­ket­li türk­men top­ra­gyn­da yz­da ga­lan ýylda ama­la aşy­ry­lan giň ge­rim­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň go­wu­lan­ma­gy­na hem-de ýur­du­my­zyň dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy­nyň has-da ber­ke­me­gi­ne sal­dam­ly go­şant goş­dy. 2016-njy ýyl­da mak­ro­yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­ler bo­ýun­ça oňat ne­ti­je­ler ga­za­nyl­dy. Ýur­du­my­zyň halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ry­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan ýer­li önüm­çi­li­giň saz­la­şyk­ly ýo­la go­ýul­ma­gy hal­ka­ra ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry­nyň hem ýo­ka­ry ba­ha­sy­na my­na­syp bol­dy.
2016-njy ýy­ly oňat ne­ti­je­ler bi­len ta­mam­lap, 2017-nji ýy­la ga­dam bas­dyk. Hem­mä­mi­ze mä­lim bol­şy ýa­ly, 2017-nji ýyl­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat Azi­ýa­nyň sport paý­tag­ty­na öw­rü­ler. Se­bä­bi, şu ýy­lyň güý­zün­de Mer­ke­zi Azi­ýa­da il­kin­ji ge­zek bi­ziň döw­le­ti­miz­de yk­ly­myň iri sport ýa­ry­şy – “Sag­dyn­lyk. Ru­hu­be­lent­lik. Dost­luk.” di­ýen şy­gar as­tyn­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry ge­çi­ri­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­z 2017-nji ýyly “Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýy­ly” diý­ip teklip etdi. Mu­nuň özi üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň has uly üs­tün­lik­le­re bes­len­jek­di­gi­ni, türk­men tür­gen­le­ri­niň ýur­du­my­zyň hal­ka­ra sport ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dyr­jak­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar.
Şeý­le hem üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da-da mö­hüm wa­ka­la­ryň ýe­ne-de bi­ri bo­lar. Mil­li de­mok­ra­ti­ýa­nyň da­ba­ra­lan­ma­gy­nyň şa­ýa­dy bo­la­rys. Ýur­du­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň saý­law­la­ry ge­çi­ri­ler, ola­ra taý­ýar­lyk gör­mek güýç­li dep­gin­de do­wam ed­ýär. Ýur­du­myz­da saý­law­la­ryň öň­ýa­nyn­da­ky möw­süm do­wam ed­ýär, onuň bar­şyn­da ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­ne da­laş­gär­le­riň do­ku­zysy bel­li­ge alyn­dy, şu gün­ler olar mil­li te­le­wi­de­ni­ýede we mer­ke­zi met­bu­gat­da mak­sat­na­ma­la­ry bi­len çy­kyş ed­ýär­ler. Ýa­kyn wagt­da saý­law­çy­lar bi­len du­şu­şyk­lar baş­la­nar. 12-nji few­ral­da bol­sa, her bir türk­me­nis­tan­ly gel­je­giň öňün­de äh­li jo­gap­kär­çi­li­gi bi­len öz erk-is­le­gi­ni be­ýan edip, eziz Wa­ta­ny­my­zyň we tu­tuş hal­kyň gel­jek­ki yk­ba­ly üçin umyt bag­la­ýan ada­my üçin öz se­si­ni be­rer.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 2017-nji ýyl­da bol­jak ýo­kar­da ag­za­lyp ge­çilýän uly wa­ka­la­ry na­za­ra al­mak bi­len, ony “Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýy­ly” di­ýen şy­gar as­tyn­da ge­çir­me­gi tek­lip et­di. Şeý­le­lik­de, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ba­şy­ny baş­lan ýy­ly ýur­du­my­zyň hä­zir­ki ösü­şi­ni we ro­waç­ly­gy­ny, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny has-da be­len­de gal­dy­rar.
2017-nji ýy­lyň şy­ga­ryn­da iki dü­şün­je – sag­dyn­lyk we ru­hu­be­lent­lik saz­la­şyk­ly ut­gaş­ýar. Mu­nuň özi ka­nu­na­la­ýyk­lyk­dyr: sag­dyn adam ägirt uly me­ýil­na­ma­la­ry düz­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, ola­ry ama­la aşyr­mak hö­we­si­ne hem eýe bol­ýar. Sag­dyn jem­gy­ýet – bu ru­hu­be­lent we mak­sa­da ok­gun­ly adam­la­ryň jem­gy­ýe­ti bo­lup, olar umu­my­mil­li mak­sat­la­ryň da­şyn­da je­bis­leş­ýär, ol ýurt­da dur­nuk­ly dur­muş-sy­ýa­sy ýag­daý hem-de dur­nuk­ly ösüş, ra­ýat we de­mok­ra­tik kä­mil­li­gi bo­lup dur­ýar.
Ru­hu­be­lent­lik – bu “uç­gun­jyk” bo­lup, ol is­len­dik işe, zäh­me­te, mak­sa­da paý­ha­syň, erk-is­le­giň we dö­re­di­ji­lik yl­ha­myň gu­jur-gaý­ra­ty­ny çaý­ýar. Ga­ra­şy­ly­şy ýa­ly, ýy­lyň mak­sat­na­ma­sy­na sag­dyn­lyk, iş­jeň dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni or­naş­dyr­ma­gy, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe – sport he­re­ke­ti­ni wa­gyz et­me­gi, mil­le­tiň me­de­ni we ru­hy ma­ýa­sy­ny art­dyr­ma­gy ugur edin­ýän çä­re­ler gi­rer.
Sag­dyn­lyk we ru­hu­be­lent­lik ýy­ly­nyň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň ha­ta­ryn­da dur­muş äh­mi­ýet­li tas­la­ma­la­ry, şol san­da ça­ga­la­ry sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga hö­wes­len­dir­mek, wa­tan­çy­ly­gy ter­bi­ýe­le­mek, ösüp gel­ýän nes­li ru­hy-ah­lak taý­dan ös­dür­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ry gol­da­mak ýa­ly we­zi­pe­ler bar.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň aý­ra­tyn üns ber­me­gi ne­ti­je­sin­de, ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak me­se­le­le­ri di­ňe luk­man­çy­lyk ul­ga­my­na de­giş­li bol­man, jem­gy­ýet­çi­lik, döw­let hem-de şah­sy hä­si­ýet­li ile­ri tu­tul­ýan de­re­je­le­re ge­çip, dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şiň hem­me ta­rap­la­ry­ny we ugur­la­ry­ny gur­şap al­dy.
Onuň mer­ke­zin­de bol­sa, adam, dur­mu­şyň my­na­syp şert­le­ri dur­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, bu gün, bir ta­rap­dan, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da döw­let sy­ýa­sa­ty, şol san­da her ki­miň öz sag­ly­gy­na jo­gap­kär­çi­li­gi­niň ýo­kar­lan­ma­gy­ny göz öňün­de tut­ýan bol­sa, beý­le­ki ta­rap­dan, döw­let mu­nuň üçin hem­me şert­le­ri, giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip, äh­li­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­ýär.
Sag­ly­gy go­ra­ýyş sy­ýa­sa­ty daş­ky gur­şa­wy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da, yk­dy­sa­dy we bi­lim sy­ýa­sa­tyn­da, me­de­ni hem-de ru­hy ul­gam­da, sport­da ber­jaý edil­ýär. Bir söz bi­len aý­dy­lan­da, ol adam­la­ryň be­den we ru­hy taý­dan do­ly ba­ha­ly sag­dyn bol­ma­gy üçin äh­mi­ýet­li bo­lan äh­li ugur­la­ry öz içi­ne al­ýar. Köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe he­re­ke­ti hem, ýur­du­my­zyň azyk ul­ga­my­nyň dü­zü­mi­niň we gör­nüş­le­ri­niň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy hem, aras­sa­çy­lyk-eko­lo­gi­ýa ka­da­la­ry­nyň üp­jün edil­me­gi hem, adam­la­ryň zäh­met çek­mek, bi­lim alyş, dur­muş hem-de dynç alyş şert­le­ri­niň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy hem, maş­ga­la­nyň ab­ra­ýy­nyň art­ma­gy hem, ah­lak gym­mat­lyk­la­ry­nyň we sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ka­rar bol­ma­gy hem di­ňe teh­no­lo­gik taý­dan luk­man­çy­lyk ösü­şin­den jem­gy­ýe­te we ada­ma has köp peý­da ge­tir­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ka­rar bol­ma­gy­ny tas­syk­lap, wa­tan­daş­la­ry­my­za şah­sy gö­rel­de gör­kez­ýär. Sag­dyn­ly­gyň, iş­jeň dynç al­şyň, sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­gyň ta­rap­da­ry bo­lan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sö­zü­niň iş­den aý­ra çyk­ma­ýan­dy­gy­ny anyk ne­ti­je­ler bi­len su­but ed­ýär. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­kit­mek, ila­ty köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä we spor­ta çek­mek ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan çä­re­le­riň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­nyň hem-de bu ugur­da ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­le­re eýe bol­mak ug­run­da ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­niň aý­dyň ny­şa­ny­dyr. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň sport ba­bat­da­ky mak­sat­na­ma­la­ýyn sy­ýa­sa­ty oňyn ne­ti­je­si­ni ber­ýär. Türk­men spor­ty ösü­şiň tä­ze de­re­je­si­ne çy­kyp, ýur­du­myz iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän mer­ke­zi­ne öw­rül­ýär.
Ýur­du­myz­da gu­ral­ýan köp­çü­lik­le­ýin sport we be­den­ter­bi­ýe he­re­ke­ti­ne dür­li ýaş­da­ky adam­la­ryň müň­ler­çe­si gat­naş­ýar. Ýaş türk­me­nis­tan­ly­la­ryň müň­ler­çe­si ýo­ka­ry ne­ti­je­li sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ýar. Olar hä­zir­ki dö­wür­de 2017-nji ýyl­da paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ril­jek Azi­ýa oýun­la­ry­na yk­jam taý­ýar­lyk gör­ýär­ler.
2017-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek bäs­le­şik­ler ýur­du­myz­da gu­ral­ýan il­kin­ji yk­lym­la­ýyn ýa­ryş­lar­dyr. Bu ýa­ryş­la­ry ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­tan Azi­ýa Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi, beý­le­ki hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry, da­şa­ry ýurt­la­ryň tej­ri­be­li hü­när­men­le­ri, bi­ler­men­le­ri bi­len ýa­kyn hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ýar. Mu­nuň özi ýa­ryş­la­ryň hem­me­ler üçin has ýat­da ga­ly­jy hem-de ne­ti­je­li bol­ma­gy­na kö­mek eder.
Azia­da­nyň ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­me­gi, oňa gö­rül­ýän taý­ýar­ly­gyň ýo­ka­ry hi­li Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy­nyň be­len­de gö­te­ril­me­gi­ne ýar­dam eder hem-de ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin spor­tuň ös­dü­ril­me­gi­ne kuw­wat­ly iter­gi be­rer. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Azia­da­nyň esa­sy mak­sat­la­ry­nyň bi­ri­niň spor­ty wa­gyz et­mek­den yba­rat­dy­gy­ny bel­läp, onuň ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­me­gi­niň Bi­ta­rap ýur­du­myz üçin örän äh­mi­ýet­li­di­gi­ni aýd­ýar. Hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry ila­tyň be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy üçin ze­rur şert­le­ri, ýaş ne­sil­le­ri berk be­den­li edip ter­bi­ýe­le­mek­de oňat müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­der hem-de ýo­ka­ry de­re­je­li tür­gen­le­riň taý­ýar­la­nyl­ma­gy­ny üp­jün eder.
Paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi di­ňe bir sport ýa­ryş­la­ry­ny ge­çir­mä­ge ni­ýet­le­nen des­ga­lar top­lu­my bol­man, eý­sem, Türk­me­nis­ta­nyň sport ba­bat­da alyp bar­ýan iş­le­ri­niň mö­hüm bö­le­gi­ne öw­rü­ler hem-de Aş­ga­ba­dyň keş­bi­ne tä­ze öwüş­gin ça­ýar. Mu­nuň özi be­ýik ýe­ňiş­le­re we be­lent ru­ha bo­lan güý­jüň, er­kiň jem­len­me­si­dir. 2017-nji ýyl­da ge­çi­ril­jek Azi­ýa oýun­la­ry müň­ler­çe tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­re­der. Içer­ki hem-de da­şar­ky söw­da­nyň, işe­wür we sy­ýa­hat­çy­lyk çä­re­le­ri­niň möç­ber­le­ri­niň ýo­kar­lan­ma­gy­ny üp­jün eder. Oýun­la­ra ýar­dam­çy bol­jak hü­när­men­le­riň umu­my sa­ny 11 mü­ňe go­laý bo­lup, ola­ryň 10 mü­ňü­si meý­le­tin ýar­dam­çy­lar­dyr. Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek yk­lym ýa­ryş­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň sport ab­ra­ýy­nyň be­len­de gal­ma­gy­ny üp­jün et­mek bi­len hal­ka­ra te­le­ýaý­lym­lar­da, In­ter­net gi­ňiş­lik­le­rin­de ýur­du­my­zyň giň­den wa­gyz edil­me­gi­ne, sy­ýa­hat­çy­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne, döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä­niň sport he­re­ke­ti­ne iş­jeň go­şu­lyş­ma­gy­na kuw­wat­ly iter­gi be­rer.
Aş­ga­bat­da gu­rul­ýan Oilm­pi­ýa şä­her­ji­gin­de ge­çi­ril­jek Oýun­lar öz tap­gy­ryn­da giň ge­ri­me eýe bo­lup, dün­ýä ýurt­la­ry­nyň 62-sin­den, şol san­da Okea­ni­ýa­dan tür­gen­le­riň 5 müň­den gow­ra­gy­ny bir ýe­re jem­lär, mu­nuň özi Azia­da­nyň ta­ry­hyn­da de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk wa­ka­dyr.

Kategori: Uncategorized

25 izlenme

Teswirle