Saý­law möw­sü­mi iş­jeň­leşýär

Saý­law möw­sü­mi iş­jeň­leşýär

Ýur­du­myz­da şu ýy­lyň 12-nji few­ra­lyn­da ge­çi­ril­jek Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň saý­law­la­ry­ny ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk ýag­da­ýyn­da gu­ra­mak üçin uly ta­gal­la edil­ýär. Saý­law möw­sü­mi iş­jeň ýag­daý­da do­wam ed­ýär. Ol mun­dan ozal­ky saý­law­la­ra ga­ra­nyň­da, düýp­li ta­pa­wut­lan­ýar. Pre­zi­dent saý­la­wy­na ýur­du­myz­da he­re­ket ed­ýän 3 sy­ýa­sy par­ti­ýa ilkinji gezek gat­naş­ýar. Ýur­du­myz­da­ky Saý­law ko­dek­si­ne la­ýyk­lyk­da, da­laş­gär­li­ge hö­dür­le­mek hu­ku­gy sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ra, şeý­le hem ra­ýat­la­ryň tek­lip­çi to­pa­ry­na de­giş­li­dir. Türk­me­nis­ta­nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy 1991-nji ýyl­da, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler par­ti­ýa­sy 2012-nji ýy­lyň aw­gus­tyn­da, Ag­rar par­ti­ýa 2014-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da dö­re­dil­di.
Par­ti­ýa­la­ryň üçü­si-de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­dent­li­gi­ne da­laş­gär­le­ri kes­git­le­di­ler: De­mok­ra­tik par­ti­ýa hä­zir­ki döw­let baş­tu­ta­ny Gurbanguly Berdimuhamedowy; Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler par­ti­ýa­sy “Rys­gal“ Tä­jir­çi­lik paý­dar­lar ban­ky­nyň mü­diri­ýe­ti­niň baş­ly­gy Bek­my­rat Ata­ly­ýe­wi; Ag­rar par­ti­ýa — par­ti­ýa­nyň Ma­ry we­la­ýat ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy Dur­dy­gy­lyç Ora­zo­wy hö­dür­le­di.
Saý­law­lar­da ra­ýat­la­ryň tek­lip­çi­ler to­par­la­ry­nyň al­ty­sy dö­re­dil­di. Olar­dan Türk­me­nis­ta­nyň Azyk se­na­ga­ty döw­let bir­le­şi­gi­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Mak­sat An­na­ne­pe­sow, Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi­niň orun­ba­sa­ry Ju­ma­na­zar An­na­ýew, Seý­di­niň ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­sy­nyň di­rek­to­ry Ra­ma­zan Dur­dy­ýew, Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi­niň orun­ba­sa­ry Me­ret­dur­dy Gur­ba­now, Ahal we­la­ýa­ty­nyň yk­dy­sa­dy­ýet we ösüş baş mü­dir­li­gi­niň baş­ly­gy Ser­dar Je­li­low, “Ga­ra­bo­gaz­sul­fat“ ÖB-niň baş di­rek­to­ry Sü­leý­man­ne­pes Nur­ne­pe­sow da­gy Pre­zi­dent­li­ge da­laş­gär­li­ge hö­dür­le­n­di.
Hä­zir­ki saý­law­lar­da to­par­la­ryň al­ty­sy­nyň hem­me­si­ne ses­le­riň ze­rur sa­ny­ny top­la­mak ba­şart­dy, bu bol­sa türk­men jem­gy­ýe­ti­niň ra­ýat­lyk kä­mil­li­gi­ne, hal­kyň, ýur­duň sy­ýa­sy dur­mu­şy­na iş­jeň gat­naş­ýan­ly­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Bu uly sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik çä­re­si­ne taý­ýar­ly­gyň çäk­le­rin­de ýur­du­myz bo­ýun­ça saý­law uças­tok­la­ry­nyň 2582-si, daşa­ry ýurt­lar­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryn­da 39-sy dö­re­dil­di.
Hä­zir­ki wagt­da da­laş­gär­ler öz mak­sat­na­ma­la­ry bi­len il­deş­le­ri­mi­zi ta­nyş­dyr­ýar­lar. Saý­law­la­ryň gu­ra­ma­çy­lyk ýag­da­ýyn­da ge­çi­ril­me­gi üçin ta­gal­la ed­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Saý­law­la­ry we sa­la sal­şyk­la­ry ge­çir­mek ba­ra­da­ky mer­ke­zi to­pary saý­law möw­sü­mi ba­ra­da hal­kyň ara­syn­da giň­den wa­gyz et­mek üçin ýö­ri­te­leş­di­ri­len in­ter­net saý­ty­ny dö­ret­di. “say­lav.gov.tm” saý­tyn­da Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň ge­çi­şi ba­ra­da mag­lu­mat al­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­dil­ýär. Türk­men, rus we iň­lis dil­le­rin­de saý­law­lar ba­ra­da­ky ha­bar­la­ry we ana­li­tik ma­ka­la­la­ry oka­ma­ga we olar bi­len ta­nyş­ma­ga äh­li şert­ler üp­jün edil­di.

Kategori: Uncategorized

14 izlenme

Teswirle