Stoun­hen­jiň go­la­ýyn­dan ýe­ne-de bir des­ga ta­pyl­dy

Stoun­hen­jiň go­la­ýyn­dan  ýe­ne-de bir des­ga ta­pyl­dy

Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da Uilt­şir graf­ly­gy­nyň çäk­le­rin­den dün­ýä bel­li Stoun­henj­den uzak­da bol­ma­dyk ýer­den ga­dy­my yba­dat­ha­na top­lu­my tapyldy. Ta­pyn­dynyň Stoun­hen­jiň iki ýa­rym ki­lo­metr uzak­ly­gyn­dan ýü­ze çy­ka­ry­lan­dy­gy ha­bar be­ril­ýär. Stoun­henj çyl­şy­rym­ly des­ga bo­lup, ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len­dir.
Ýü­ze çy­ka­ry­lan top­lu­myň ýa­şy 5600 ýyl diý­lip, çak edil­ýär. Alym­lar onuň Stoun­henj­den müň tö­we­re­gi ýyl ozal, gur­lan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar­lar. Hä­zir­ki wagt­da ar­heo­log­lar bu des­ga­nyň bäş­den bir bö­le­gi­ni ga­zyp ag­tar­dy­lar. Ol umu­my mer­ke­zi bo­lan aý­law­dan yba­rat bo­lup, ola­ry suw ak­ýan ýap bir­leş­dir­ýär. Şeýle hem go­rag ger­me­wi bo­lup, hyz­mat ed­ýän daş­ky aý­la­wyň dia­met­ri 200 metr­den yba­rat. Alym­lar ga­naw­dan al­ty lit­re çen­li suw sak­la­ma­ga ukyp­ly bo­lan ça­nak­la­ry ýü­ze çy­kar­dy­lar.
Açyş bu et­rap­da Stoun­henj gu­rul­maz­dan kän ýyl ozal hem ýa­şa­ýyş bo­lan­dy­gy­ny su­but ed­ýär. Mun­dan ozal, alym­lar Stoun­hen­jiň aý­ra­tyn bir ýa­dy­gär­lik däl-de, eý­sem, onuň ägirt uly yba­dat­ha­na top­lu­my­nyň bir bö­le­gi­di­gi­ni mä­lim edip­di­ler. Hä­zir­ki wagt­a çen­li bu des­ga­nyň tö­we­re­gin­den 17 sa­ny nä­bel­li ýa­dy­gär­lik ýü­ze çy­ka­ryl­dy.

Göwher Möm­mi­no­wa,
Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.

Kategori: Uncategorized

6 izlenme

Teswirle