Atly ýöriş Lebap topragynda

Atly ýöriş Lebap topragynda

Atlylar 250 günüň dowamynda welaýatlaryň serhetlerinde estafetany geçirip, ýol ugrunda 30-dan gowrak desga baryp gördüler. Şu döwürde ahalteke bedewlerine atlanan ýigitler Gökdepe etrabynyň Babarap obasyna, gadymy Paryzdepe ýadygärligine, Merkezi Garagumdaky Derweze obasyna, Içoguz demir ýol bekedine we Ahal welaýatynyň başga-da birnnäçe ajaýyp ýerlerine baryp gördüler.
Atlylar iýun aýynyň ahyrlarynda Balkan welaýatynyň çägine geldi. Serdar etrabynyň merkezinde, Parawbibi taryhy-medeni ýadygärlikden uzak bolmadyk ýerde atlylar Türkmenistanyň döwlet Baýdagyny we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň baýdagyny hem-de Aziýa oýunlarynyň alawynyň nyşanyny balkanlylara geçirdiler. Şonda, atlylaryň ýoly gadymy Uzboýyň ýakasy, Mollagara kölüniň, Hazar deňziniň kenarlary, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy boýunça dowam etdi. Atlylar birnäçe şäherlere we obalara bardylar.
Oktýabr aýynda Garagumuň merkezinde ýerleşýän “Altyn asyr” Türkmen kölüniň kenarynda atly ýörişi Daşoguz welaýatynyň atlylary kabul etdi. Welaýat boýunça ýörişiň ugruna laýyklykda, 17 çapyksuwardan ybarat topar Gaplaňgyr döwlet goraghanasyna, Aşyk Aýdyň piriň aramgähine, “Köneürgenç” taryhy-medeni goraghana, gadymy Akjagala, etraplaryň merkezlerine, şeýle hem täze Bagtyýar zaman obasyna bardylar.
Şeýlelikde, atly ýöriş Lebap welaýatynyň çägine geldi. Bu ýerde atly ýörişi kabul etmek dabarasy boldy.
Soňra atly ýöriş öz ýoluny dowam etdi hem-de iri ýangyç ýatagy bilen giň meşhurlyga eýe bolan Gazojak şäherine geldi. Bu ýerde, welaýatyň demirgazygynda, Üňüz aňyrsyndaky Garagumda mundan ýarym asyr ozal Türkmenistanyň gaz senagatyna badalga berildi. Mundan 20 ýyla golaý wagt ozal bolsa Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň ösüşinde strategiki ähmiýete eýe bolan Naýyp senagat toplumy işe girizildi. Birmahallar adamsyz hem-de suwsyz çöllerde ýollary, elektrik ulgamlary, suw geçirijileri arkaly baglanyşýan gaz toplumlary, köp gatly ýaşaýyş jaýlary bolan şäherçeler hem-de durmuş düzüminiň desgalary peýda boldy. Üňüz aňyrsyndaky Garagumuň gaz çykaryjy kärhanalary soňra ýurdumyzyň beýleki gaz ýataklaryny netijeli ulanmak üçin hünärmenleri ýetişdirýän kärhana öwrüldi.
Atly ýörişe gatnaşyjylary demirgazyk Lebabyň gaz pudagynyň taryhy we şu güni, Gazojak şäheriniň gözel ýerleri bilen tanyşdyryldy. Ýerli ilat olary dabaraly hem-de uly şatlyk bilen garşylady.
Soňra ajaýyp ahalteke bedewlerinde Watanymyzyň ýaşyl Tuguny, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň baýdagyny hem-de Aziýa oýunlarynyň alawynyň nuşanyny uly buýsanç bilen alyp barýan 17 atly Gazojak şäheriniň ilaty bilen hoşlaşyp, Birata etrabynyň merkezine tarap ýola düşdi.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň gündogar welaýaty Aziada-2017 mynasybetli geçirilýän atly ýörişi kabul etdi. 100 günüň dowamynda atlylar Amyderýa jülgesiniň şäherlerinde hem-de obalarynda bolar, Daýahatyn kerwensaraýyna, Astanababa, Alamberdar aramgählerine, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymgulynyň bilim alan Idrisbaba medresesine, Amul galasyna hem-de “Repetek”, “Amyderýa” döwlet goraghanalaryna baryp görerler. Olar Köýtendag gerişlerindäki dinozawrlaryň tekizligine hem-de beýleki taryhy-medeni ýadygärliklerine aýlanyp, Amyderýa boýunça gämili gezelenç ederler.

Kategori: Uncategorized

15 izlenme

Teswirle