Hy­ýar giň­den ýaý­ran gök önüm­le­riň bi­ri­dir. Go­laý­da ABŞ-nyň Me­ri­lend uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da onuň bir­gi­den aý­ra­tyn hä­si­ýet­le­re eýe­di­gi bel­li bol­dy. Bi­ler­men­ler iý­mit siň­di­rişe iş­jeň gat­naş­ýan hem-de be­de­niň mad­da çal­şy­gy­na ýar­dam ber­ýän bu önü­miň gün­de­lik iý­mit sa­na­wy­na go­şul­ma­gy­ny tek­lip et­di­ler.
Şeý­le­lik­de, hor­lan­mak is­le­ýän­le­re hem hy­ýar iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, hy­ýar ne­pe­si­ňi dur­la­ma­ga ýar­dam edip, onuň dü­zü­min­de agyz boş­lu­gyn­da­ky ýa­ra­maz ys­la­ra se­bäp bol­ýan bak­te­ri­ýa­la­ryň he­re­ke­ti­ni güýç­den ga­çyr­ýan mad­da­lar bar. Bu­lar­dan baş­ga-da hy­ýar gan­da­ky rak öý­jük­le­ri­niň iş­jeň­li­gi­ni ba­syp ýa­tyr­ýar. Şeý­le hem, ol da­mar­la­ry ho­les­te­ri­niň çö­kün­di­le­rin­den aras­sa­lap, in­su­li­niň — ga­ry­nas­ty mäz gor­mo­ny­nyň iş­läp çyk­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär.
Şol bir wag­tyň özün­de Me­ri­lend uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri fer­men­tir­le­nen önüm­le­riň hem-de ru­hy ýag­da­ýyň ara­syn­da bag­la­ny­şy­gyň bar­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy­lar. Tä­ze bar­lag­lar­da yzy­gi­der­li duz­ly hy­ýar iý­ýän­le­riň, ony ha­la­ma­ýan­la­ra ga­ra­nyň­da, ynjalyksyzlygynyň de­re­je­si pes bo­lup çyk­dy. Bar­lag ge­çi­ri­ji­le­riň aýt­mak­la­ry­na gö­rä, fer­men­tir­le­nen önüm­le­riň dü­zü­min­dä­ki mik­ro­be­den­le­riň abat­ly­gy üçin zerur bo­lan pro­bio­tik­ler içe­ge­le­riň mik­rof­lo­ra­sy­ny ka­da­laş­dyr­ýar. Me­ge­rem, onuň ne­ti­je­sin­de, yn­ja­lyk­syz­ly­gyň de­re­je­si pe­se düş­ýär.