Hy­taý­da aý­na­dan gurlan dün­ýä­niň iň uzyn köp­rü­si ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Ol 200 metr be­lent­lik­de ýer­le­şip, onuň uzyn­ly­gy tak­my­nan ýa­rym ki­lo­met­re deň­dir. Köp­ri­niň äh­li gur­na­ma iş­le­ri du­ry aý­na­dan edi­lip­dir, onuň ga­lyň­ly­gy 4 san­ti­met­re ba­ra­bar­dyr.
— Biz bu köp­ri­ni geç­me­gi ba­şar­dyk. Aşak se­ret­mek örän gor­kunç. Du­ry aý­na we 200 metr çuň­luk. Örän tä­sin. Bu ýe­re ge­len­di­gi­miz üçin bir­jik-de ökün­me­dik – di­ýip, sy­ýa­hat­çy­lar gür­rüň ber­ýär.
Aý­na­dan gur­na­lan bu köp­ri bir­ba­da 3 müň ada­my gö­ter­mek müm­kin­çi­li­gi­ne eýe­dir. Ýö­ne bir­wagt­da köp­rä 600-den köp adam goý­be­ril­me­ýär. Bu py­ýa­da köp­rü­si Hy­ta­ýyň He­beý we­la­ýa­tyn­da gu­rul­dy.

Da­gyň 2 be­ýik ga­ýa­la­ry­ny bir­leş­dir­ýän köp­ri­niň be­ýik­li­gi 66 gat­ly bi­na­nyň be­ýik­li­gi­ne deň­dir. Ol 1000-den gow­rak we 4 san­ti­metr ga­lyň­ly­gyn­da­ky aý­na pa­nel­den ýa­sal­dy. Ýur­duň beý­le­ki we­la­ýat­la­ryn­da-da şeý­le aý­na köp­rü­le­ri gör­mek bol­ýar. Ge­çen ýyl Hu­nan we­la­ýa­tyn­da 430 metr uzyn­ly­gyn­da ýe­ne-de bir aý­na­dan köp­ri ulan­ma­ga ber­lip­di.