Fi­lip­pin­ler Res­pub­li­ka­sy­nyň esa­sy ho­wa men­zi­li­niň dur­ku­ny tä­ze­le­mek hem-de onuň ge­çi­ri­ji­lik kuw­wa­ty­ny ýo­kar­lan­dyr­mak üçin 6,7 mil­liard dol­lar­lyk ma­ýa go­ýum tek­lip edil­ýär. Ýur­duň 7 iri kom­pa­ni­ýa­sy ho­wa men­zi­li­niň ge­çi­ri­ji­lik kuw­wa­ty­ny 3 es­se­den gow­rak art­dyr­mak üçin tas­la­ma iş­läp düz­di. Tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de goş­ma­ça uçuş-go­nuş zo­lak­la­ry we ýo­lag­çy ter­mi­nal­la­ry gur­lar. Hä­zir­ki dur­kun­da ho­wa men­zi­li bir ýyl­da 30 mil­li­on ýo­lag­ça hyz­mat et­mek müm­kin­çi­li­gi­ne eýe­dir. Ge­çen ýyl 40 mil­li­on­dan gow­rak ýo­lag­ça hyz­mat edi­lip, kä­bir kyn­çy­lyk­lar ýü­ze çy­kyp­dy. Tä­ze tas­la­ma­nyň bi­rin­ji tap­gy­ry bo­ýun­ça 65 mil­li­on ýo­lag­ça hyz­mat et­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.

Af­ri­ka­nyň il­kin­ji ze­nan döw­let Baş­tu­ta­ny, Li­be­ri­ýa­nyň ozal­ky Pre­zi­den­ti El­len Jon­son Sir­lea­fa ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si döw­rün­dä­ki ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri üçin 5 mil­li­on dol­lar möç­be­rin­de baý­rak be­ril­di. Ol Mo Ib­ra­him adyn­da­ky baý­rak ko­mi­te­ti ta­ra­pyn­dan sy­lag­lan­ýar. 2006-njy ýyl­da Li­be­ri­ýa­nyň baş­tu­tan­ly­gy­na saý­la­nan Sir­le­af bu we­zi­pe­de 10 ýyllap iş­län ­ döw­rün­de ýur­duň tä­ze­den döw­re­bap­laş­ma­gy­na uly go­şant goş­dy. Su­dan we Ang­li­ýa­nyň ra­ýa­ty bo­lan işe­wür Mo­ham­med Ib­ra­hi­miň ady­ny gö­ter­ýän gaz­na her ýyl Af­ri­ka­da döw­let Baş­tu­ta­ny we­zi­pe­sin­de iş­län ýol­baş­çy­la­ry sy­lag­la­ýar.

Ame­ri­ka­nyň “SpaceX” kos­mos kom­pa­ni­ýa­sy 2018-nji ýyl­da Aýa iki sy­ýa­hat­çy­ny gezelenje äkit­me­gi göz öňün­de tut­ýar. Iki ra­ýat bu ba­ra­da de­giş­li gep­le­şik­le­ri ge­çir­di­ler we ama­la aşy­ryl­jak uçuş üçin ep-es­li möç­ber­de pul hem tölediler. Ja­han­keş­de­ler ABŞ-nyň Flo­ri­da şta­tyn­da­ky Ka­na­we­ral bur­nun­dan ibe­ri­ler. Kom­pa­ni­ýa ABŞ-nyň kos­mos agent­li­gi (NA­SA) bi­len bi­le­lik­de “Dra­gon-2” kos­mos gä­mi­si­ni dö­ret­di.

Bol­ga­ri­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Ru­men Ra­dew Er­me­nis­tan­da res­mi sa­par­da bol­dy. Ol er­me­ni kär­de­şi Serž Sargs­ýan bi­len gep­le­şik­ler ge­çir­di. Serž Sargs­ýan bol­ga­ri­ýa­ly kär­de­şi­ni Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň dö­wür­le­ýin baş­lyk­ly­gy­na saý­lan­ma­gy bi­len gut­lap, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len has ýyg­jam gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­ga is­leg bil­dir­ýän­dik­le­ri­ni mä­lim et­di. Şeý­le hem gep­le­şik­le­riň çäk­le­rin­de bir­nä­çe mö­hüm yla­la­şyk­lar ga­za­nyl­dy.

Ka­tar döw­le­ti­niň Emi­ri Şe­ýh Ta­mim Al Ta­ni Do­ha şä­he­rin­de mil­li sport gü­nü­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şe gat­naş­dy. Ol Ka­tar­da spor­tuň we­lo­si­ped gör­nü­şi­ni ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni bel­läp, 2020-nji ýy­la çen­li 2 müň ki­lo­metr­den gow­rak we­lo­si­ped ýo­lu­nyň çe­kil­jek­di­gi­ni aýt­dy. Ka­tar­da her ýy­lyň few­ral aýyn­da mil­li sport gü­ni bel­le­nil­ýär we şol gün res­mi taý­dan iş gü­ni däl diý­lip, yg­lan edi­lýär.

“Emi­ra­tes” awia­kom­pa­ni­ýa­sy 38 sa­ny “Air­bus-A380” ky­sym­ly uçar­la­ry sa­tyn al­mak ba­ra­da de­giş­li yla­la­şy­ga gol çe­kiş­di. Yla­la­şy­gyň ba­ha­sy 16 mil­liard dol­la­ra deň­dir. Hä­zir­ki wagt­da kom­pa­ni­ýa­nyň uçar flo­tu­nyň dü­zü­min­de 101 sa­ny “Air­bus-A380” ky­sym­ly uçar bar. Sar­gyt­lar 2020-nji ýyl­dan baş­lap, awia­kom­pa­ni­ýa gow­şu­ry­lyp baş­la­nar.

— Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy Azer­baý­ja­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne 770 mil­li­on dol­lar­dan gow­rak ma­ýa go­ýum goý­dy. Bu ba­ra­da ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri Şa­hin Mus­ta­fa­ýew ha­bar ber­di. Mi­nist­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, ma­ýa go­ýum­la­ryň ag­ram­ly bö­le­gi ne­bit pu­da­gyn­da öz­leş­di­ril­di.

Ser­bi­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Alek­sandr Wu­çiç Hor­wa­ti­ýa ta­ry­hy sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy. Ol Zag­reb­de Hor­wa­ti­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Ko­lin­da Gra­bar Ki­ta­ro­wiç bi­len du­şuş­dy. Bu du­şu­şyk iki ýur­duň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň 2013-nji ýyl­dan soň­ky il­kin­ji res­mi du­şu­şy­gy bol­dy.