An­tar­­kti­dadan mun­dan ozal, bar­dy­gy nä­mä­lim bo­lan 1,5 mil­li­on ade­li ping­win­le­ri ta­pyl­dy. «Scientific Reports» (Yl­my ha­sa­bat­lar) žur­na­lyn­da çap edi­len ma­ka­la­da ping­win­le­riň bu gör­nü­şi­niň sa­ny­nyň aza­lyp baş­lan­dy­gy çak­la­nyl­ýar­dy. Olaryň adam­la­ryň aýak bas­ma­dyk, ma­ýyl­gan­ly­gyň tä­si­ri­niň du­ýul­ma­ýan ýe­ri bo­lan Danger ada­syndan ta­py­lan­dy­gy mä­lim edil­di. Yl­my bar­lag­çy­lar ada­nyň An­tar­ktida­nyň de­mir­ga­zy­gyn­dan uzak bol­ma­gy we ga­lyň buz­lar bi­len ör­tü­len­di­gi se­bäp­li öz­le­ri­ni daş­ky tä­sir­ler­den go­ran­dy­gyny aýd­ýar­lar. Bu sü­rü­le­riň An­tar­­kti­dada­ky ade­li ping­win­le­ri­niň iň uly sü­rü­si­di­gi ha­bar be­ril­ýär.
Nýu-Ýork­da­ky Sto­ni Bruk uni­wer­si­te­ti­niň eko­lo­gi­ýa hü­när­me­ni Hi­ter Linç ping­win sü­rü­si bi­len bag­ly il­kin­ji ala­mat­la­ryň 2014-nji ýyl­da ta­py­lan­dy­gy­ny aýd­ýar. Linç şol ýyl kos­mos­dan al­nan su­rat­larda olaryň yzlarynyň görlendigini bel­leýär.