Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň kä­mil de­re­je­de ösü­şi­ni ala­mat­lan­dyr­ýan yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­ler bu gün­ki gün Türk­me­nis­ta­ny ösen se­na­gat­ly, yk­dy­sa­dy­ýet­li döw­let hök­mün­de dün­ýä äş­gär ed­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li yk­dy­sa­dy çak­la­ma­la­ry mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ösen döw­let­le­riň de­re­je­si­ne ýe­tir­mek­de be­lent sep­git bol­dy. Ýurt­da ama­la aşy­ryl­ýan yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler gö­nü­den-gö­ni bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga, kä­mil bi­lim­li, sag­dyn ýaş­la­ry ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mä­ge gö­nük­diri­len­dir.
Bu gün dün­ýä­niň ün­sü­ni özün­de jem­le­ýän TOPH trans­mil­li gaz ge­çi­ri­ji­si­niň “Asy­ryň tas­la­ma­sy” di­ýen be­lent ada eýe bol­ma­gy mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň be­lent de­re­je­le­re ýet­me­gin­de ýe­ne-de bir uly ädim bol­dy. Ine, şeý­le ýe­ňiş­li ädim­le­riň bi­ri hem “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” ýy­ly­nyň il­kin­ji aý­la­ryn­da bo­lup geç­di. Has dog­ru­sy, few­ral aýy­nyň 23-ine Ma­ry we­la­ýa­tyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da asy­ryň tas­la­ma­sy bol­jak TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­niň ow­gan bö­le­gi­ne ba­dal­ga be­ril­di. Bu tas­la­ma­nyň örän uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni oňa da­hyl­ly ýurt­la­ryň döw­let ýol­baş­çy­la­ry uly buý­sanç bi­len bel­läp geç­di­ler.
Go­laý­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň Pa­ty­şa­sy Sal­man ben Ab­del Aziz Al Sau­dyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ýol­lan ha­ty mil­li Li­de­ri­mi­ziň Ku­weýt Döw­le­ti­ne, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­ne sa­pa­ry ma­ha­lyn­da ýo­ka­ry de­re­je­de ga­za­ny­lan yla­la­şyk­lar TOPH tas­la­ma­sy­nyň tu­tuş dün­ýä­de uly gol­da­wa eýe bo­lan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar.
Ga­dy­my Merw top­ra­gyn­da ýe­ne-de bir ta­ry­hy baş­lan­gyç hök­mün­de ägirt uly bu tas­la­ma­nyň ug­ry bo­ýun­ça TOP ýurt­la­ry­na güý­jen­me­si 500 ki­lo­wolt bo­lan elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­myň çe­kil­me­gi­ni hem ag­za­mak bo­lar. Bu elekt­rik ul­ga­my TOPH tas­la­ma­sy bi­len bag­lany­şyk­ly bo­lup, gaz ge­çi­ri­ji­niň tu­tuş ug­ru­ny elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len üp­jün eder. Elekt­rik ge­çi­ri­ji tas­la­ma­nyň işi­ni bu ugur­dan baý tej­ri­be­si bo­lan “Ça­lyk Hol­ding A.Ş” kom­pa­ni­ýa­sy alyp ba­rar.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ba­dal­ga be­ren ýe­ne-de bir tas­la­ma­sy op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my­dyr. 814 ki­lo­metr uzyn­ly­gy bo­lan bu tas­la­ma hem öz wag­tyn­da üs­tün­lik­li ama­la aşy­ry­lar. Se­bi­tiň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­na do­ly de­re­je­de tä­sir et­jek bu tas­la­ma­lar ara­gat­na­şyk pu­da­gy­nyň hä­zir­ki za­man de­re­je­sin­de kä­mil­leş­me­gi­ne iter­gi be­rer. Ulag lo­gis­ti­ka­sy­nyň esa­sy öze­ni­ni düz­ýän de­mir ýol dün­ýä de­re­je­sin­de ýük da­şa­ma­gyň esa­sy da­ýan­jy ha­sap­lan­ýar. Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ba­dal­ga ber­me­gin­de Ser­he­ta­bat – Tur­gun­dy de­mir ýo­lu­nyň açyl­ma­gy uly şat­lyk-şow­hu­na bes­len­di. Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ser­he­ta­bat et­ra­byn­dan Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Tur­gun­dy pos­tu­na ug­ran ot­ly bu ýol­dan geç­jek ot­lu­la­ryň il­ki­nji buş­luk­çy­sy bol­dy.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len gur­lan hal­ka­ra de­mir ýol­la­ry dün­ýä­niň de­mir ýol hal­ka­sy­ny dö­ret­mek­de örän uly iş­le­riň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Kä­mil mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ýo­ka­ry de­re­je­de kuw­wat­lan­ma­gy döw­le­ti­mi­ziň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň baş ýö­rel­ge­si bo­lup dur­ýar. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä de­re­je­sin­de tä­ze­çil­lik­le­riň ga­za­nyl­ma­gy bi­len bi­ziň ýur­du­myz­da hem mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi yl­ma da­ýa­nyp, ös­dür­mek­ bo­ýun­ça ýo­ka­ry ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ba­zar şert­le­ri­ne geç­me­gi bi­len döw­let de­re­je­sin­de tä­ze­çe me­ýil­na­ma­lar­dyr mak­sat­na­ma­lar, şeý­le hem dün­ýä­niň ün­sü­ni özün­de jem­läp bil­ýän trans­mil­li tas­la­ma­lar ýo­ka­ry de­re­je­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2017-nji ýyl­da ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň mas­la­ha­tyn­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça gel­jek 7 ýyl bo­ýun­ça edil­me­li iş­ler ha­kyn­da, has dog­ru­sy, “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2018–2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň” ka­bul edil­me­gi mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Mak­sat­na­ma­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň esa­sy gör­ke­zi­ji­si ha­sap­lan­ýan je­mi içer­ki önü­miň ýyl­lyk ösüş dep­gi­ni­ni 6,2 — 8,2 % de­re­je­de sak­la­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu bol­sa, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň kä­mil­leş­me­gi­niň ra­ýat­la­ry­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na ge­ti­rer. “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2018–2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň” ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi üçin hem esa­sy ma­ýa go­ýum hök­mün­de 240 mil­liard ma­nat­dan gow­rak se­riş­de goý­be­ri­ler. Ýurt­da ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty­nyň ýo­ka­ry de­re­je­de al­nyp ba­ryl­ma­gy mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­te özü­niň oňaý­ly şert­le­ri­ni dö­ret­mek bi­len ila­tyň ýa­şa­ýyş dur­mu­şy­na ýo­ka­ry de­re­je­de tä­sir ed­ýär.
Mil­li yk­dy­sa­dy­ýet­de al­nyp ba­ryl­ýan dur­muş sy­ýa­sa­ty­na trans­mil­li tas­la­ma­la­ryň tä­si­ri ýo­ka­ry bol­ma­gyn­da gal­ýar. Hä­zir­ki döw­rü­mi­ziň be­ýik öz­gert­me­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň ösen döw­let­le­riň ha­ta­ry­na go­şul­ma­gy­na berk bin­ýat­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen şy­ga­ry bu gün­ki gün kalp­la­ry­my­za ru­hy şat­lyk, ba­ky gel­je­gi­mi­ze be­ýik şam­çy­rag­dyr.
Biz şeý­le be­ýik mak­sat­la­ry dur­mu­şa ge­çi­rip, hal­ky­ny ösü­şiň be­lent sep­git­le­ri­ne alyp bar­ýan, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kä­mil de­re­je­de ös­me­gi­ni ga­zan­mak­da be­ýik tu­tum­ly iş­le­ri alyp bar­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýä­ris!

Ak­ja­gül AŞY­RO­WA,
Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we
do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.