Zarapat – 1) päkizelik, nepislik, owadanlyk; 2) ýumor; şorta sözlülik; 3) sypaýylyk.
Zarar – zyýan; päsgel, zelel.
Zark – 1) sopularyň geýýän mawy geýimi; 2) ikiýüzlülik, gözboýagçylyk; zarky-ryýa – ikiýüzlülik we gözboýagçylyk.
Zarp – urgy, güýç; zarby-dest – güýç-kuwwat; el güýji.
Zaryp – 1) näzik, sypaýy; 2) şorta sözli, degişmäni gowy görýän.
Zat I – 1) şahsyýet, bir zadyň asly; esasy; 2) zaty-päk — akýürek; zaty-agzam – beýik şahsyýet.
Zat – II – arap elipbiýiniň on bäşinji harpy.
Zahym – ýara, baş.
Zahymdar – ýaradar, ýaraly.
Zahymnäk – ýaraly, ýaralanan.
Zahyr – 1) daşky görnüş, şekil, 2) mälim, aýan, äşgär, belli; zahyr etmek – äşgär etmek, daşyna çykarmak; zahyr bolmak – görünmek, çykmak.
Zahyra – tygşyt, ätiýaç, zapas, mal.
Zahyran – göräýmäge, daş görnüşi boýunça.
Zahyt – namazhon, terkidünýä, galandar, sopy. Zahytlyk – namazhonlyk, sopuçylyk.
Zeber – 1) arap elipbiýinde üstün hereketi; ýokary, üst.
Zeberdest – 1) eli çalt, ezber, ýiti, ýeser, zor, çalasyn, başarjaň; 2) hökümli; pälwan.
Zeberjet – gymmatbaha daş, hrizolit.
Zebih – 1) kesilen, kesiljek mal; 2) gurbanlyk üçin kesilen ýa kesiljek mal.
Zebun – 1) biçäre, pakyr, haldan düşen, ejiz. 2) ýeňlen, ýesir; ähmiýetsiz.