Mek­si­kan ýa­zy­jy­sy, ter­ji­me­çi­si, dip­lo­ma­ty Ser­hio Pi­tol De­me­ne­gi, 12-nji aprelde Ha­la­pa şä­he­rin­dä­ki öýün­de 85 ýa­şy­nyň için­de ara­dan çyk­dy. Ol “Söý­gi ýörişi” we “Gül oý­ny” ýa­ly ro­man­la­ryň aw­to­ry­dyr. Ser­hio Pi­tol 1933-nji ýy­lyň 18-nji mar­tyn­da mek­si­kan şta­ty Pu­eb­la­nyň Pu­eb­la-de-Sa­ra­go­sa şä­he­rin­de dün­ýä in­ýär. Bäş ýa­şyn­da­ka ka­ka­sy­ny, eje­si­ni we uýa­sy­ny ýi­tir­ýär. Ol mek­si­kan Mil­li aw­to­nom uni­wer­si­te­ti­ni ta­mam­la­ýar we şol ýer­de mu­gal­lym­çy­lyk ed­ýär, soň­ra bol­sa, We­rak­ru­sa we Bris­tol uni­wer­si­tet­le­rin­de iş­le­ýär. 1960-njy ýyl­dan baş­lap, Pa­riž, War­şa­wa, Bu­da­peşt, Mosk­wa we Pra­ga şä­her­le­rin­dä­ki Mek­si­ka­nyň il­çi­ha­na­la­ry­nyň me­de­ni­ýet bö­lüm­le­rin­de iş­leýär. Şeý­le hem Rim­de, Pe­kin­de we Bar­se­lo­na­da iş­le­ýär. Ol 1969-njy ýyl­dan 1972-nji ýy­la çen­li Ka­to­lo­ni­ýa­da “Seix Bar­ral”, “Tusquets”, “Anag­ra­ma” ýa­ly dür­li ne­şir­ýat­lar­da ter­ji­me­çilik edýär. Ol ýüz­den gow­rak da­şa­ry ýurt­ly aw­torlaryň eser­le­ri­ni is­pan di­li­ne geçirýär.
Ser­hio Pi­tol 1981-nji ýyl­da “Bu­har mu­ka­my” he­ka­ýa­sy üçin ilkinji gezek edebiýat baýragy — “Haw­ýer Wil­ýa­ur­ru­ti­ýa” baý­ra­gy bilen sylaglanýar. 1984-nji ýyl­da “Söý­gi ýörişi” ro­ma­ny üçin oňa “Er­ral­de” baý­ra­gy gowşurylýar. Ýa­zy­jy 1999-njy ýyl­da “Hu­an Rul­fo” baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­ýar, 2005-nji ýyl­da ol is­pan dil­li ede­bi­ýat­da has ab­raý­ly baý­rak­la­ryň bi­ri “Mi­gel de Ser­wan­tes” baý­ra­gyna mynasyp bolýar.