22-27-nji ap­rel ara­ly­gyn­da Ger­ma­ni­ýa­nyň Gan­no­wer şä­he­rin­de “In­teg­rir­le­nen se­na­gat: öza­ra gat­na­şyk we hyz­mat­daş­lyk” şy­ga­ry as­tyn­da 2018-nji ýy­lyň se­na­gat ser­gi­si (Han­nover Mes­se — 2018) ge­çi­ril­di. 1947-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan Gan­no­wer se­na­gat ser­gi­si dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ser­gi­le­ri­niň bi­ri­dir.
Onuň açy­lyş da­ba­ra­sy­na GFR-iň kans­le­ri An­ge­la Mer­kel gat­naş­dy. Ne­mes kans­le­ri bu ýer­de eden çy­ky­şyn­da ser­gi­niň esas­lan­dy­ry­lan gü­nün­den bä­ri, 70 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda di­ňe bir ösü­şiň ga­za­nan­la­ry­ny we in­no­wa­si­ýa­ny gör­kez­män, eý­sem, gel­jek­ki se­na­ga­ta na­zar aý­la­ma­ga hem giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
An­ge­la Mer­kel HHR-de we ABŞ-da hä­zir­ki wagt­da eme­li aňyň iş­jeň ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni we Ger­ma­ni­ýa­nyň bu ugur­da ma­ýa go­ýum­la­ry­ny art­dyr­ma­gy ni­ýet edin­ýän­di­gi­ni bel­läp geç­di. Şeý­le hem ol 2025-nji ýy­la çen­li yl­my-bar­lag­la­ra we iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ra ýur­duň mil­li gir­de­ji­sin­den 3,5 gö­te­ri­me çen­li ma­ýa go­ýul­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Ser­gä dün­ýä­niň 75 ýur­dun­dan we se­bi­tin­den 5 müň­den gow­rak adam gat­naş­dy. Bu ser­gi­de ada­myň ma­şyn we mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­sy bilen yla­la­şyk­ly işi aý­dyň be­ýan edil­ýär. Şo­nuň ýa­ly hem bu ýer­de Hy­ta­ýyň ae­ro­kos­mos yl­my-se­na­gat kor­po­ra­si­ýa­sy CASIC, “Hua­wei”, “Haier” we beý­le­ki hy­taý kär­ha­na­la­ry öz ýur­du­nyň se­na­ga­ty­nyň ga­za­nan­la­ry­ny we müm­kin­çi­lik­le­ri­ni köp­çü­li­ge hö­dür­le­di.
Ser­gi ener­gi­ýa, aw­to­mat ul­gam­lar, mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­sy, daş­ky gur­şaw teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, sena­gat önüm­çi­lik teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we in­no­wa­si­ýa ýa­ly aý­ra­tyn ugur­lar­da ge­çi­ril­di. Bu çä­re bi­len bir­wagt­da ge­çi­ril­ýän Lo­gis­ti­ka Am­mar Ser­gi­si (CEMAT) hem gu­ral­dy.