Mil­li Li­de­ri­miz da­şa­ry ýurt­lar bi­len oňyn gat­na­şyk­la­ry has-da ýyg­jam­laş­dyr­mak bo­ýun­ça mö­hüm tek­lip­le­ri öňe sür­ýär hem-de ola­ry iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek­de yzy­gi­der­li iş­ler al­yp ba­r­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň asyl­ly baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da bi­na edi­len Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­ty bu aý­dy­lan­la­ra aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.
Tol­kun atyp, at-owa­za­sy dün­ýä do­lan Ha­zar deň­zi­niň türk­men ke­na­ryn­da ägirt uly tas­la­ma – Hal­ka­ra de­ňiz por­ty ulan­ma­ga be­ril­di. Bu iri möç­ber­li dü­züm­le­ýin tas­la­ma Mer­ke­zi Azi­ýa we Ha­zar deň­zi se­bi­ti­niň äh­li ýurt­la­ry üçin, ha­ky­kat­dan-da, stra­te­gik äh­mi­ýe­te eýe­dir. Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­ty mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz we tu­tuş se­bit üçin tä­ze “de­ňiz der­we­ze­si” äh­mi­ýe­ti­ne eýe bo­lup, hal­ka­ra yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar pu­da­gy­nyň esa­sy ug­ru­na öw­rü­ler.

Teh­ni­ka­nyň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­ty Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň Ýa­kyn we Or­ta Gün­do­ga­ryň ha­ryt we çig mal ba­zar­la­ry­na hem-de Hin­di um­ma­ny se­bi­ti­niň döw­let­le­ri­ne çyk­ma­gy üçin aň­ry­baş amat­ly şert­le­ri dö­red­ýär, giň ge­rim­li ýük akym­la­ry­nyň ýo­lu­ny we wag­ty­ny has gys­galt­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Gün­do­gar-Gün­ba­tar hem-de De­mir­ga­zyk-Gü­nor­ta ugur­la­ry bo­ýun­ça tä­ze söw­da gat­na­şyk­la­ry­ny has-da iş­jeň­leş­dir­mä­ge oňaý­ly müm­kin­çi­lik­ler dö­ret­jek bu ägirt uly in­že­ner­çi­lik des­ga­syn­da de­ňiz ýo­ly bi­len ge­len ýük­le­ri bar­ma­ly ýe­ri­ne çen­li bök­denç­siz we yg­ty­bar­ly äkit­mek mak­sa­dy bi­len por­tuň de­mir we aw­to­mo­bil ýol­la­ry inf­rast­ruk­tu­ra­sy dö­re­dil­di.

SY­LAG­LAR WE ŞA­HA­DAT­NA­MA­LAR

Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by ta­ra­pyn­dan Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­ty 2 ugur bo­ýun­ça: bi­rin­ji­si, de­ňiz de­re­je­sin­den aşak­da ýer­le­şen (umu­my meý­da­ny 1 mil­li­on 358 müň 484 ine­dör­dül metr) iň uly de­ňiz por­ty hem-de ikin­ji­si, de­ňiz de­re­je­sin­den aşak­da ýer­leş­ýän iň uly eme­li ada bo­lup, ol gö­çüp-gon­ýan guş­lar üçin örän äh­mi­ýet­li we mö­hüm tas­la­ma hök­mün­de yk­rar edil­di.
“Ýü­pek ýo­ly” Hal­ka­ra söw­da pa­la­ta­sy­nyň (SRCIC) hem-de “Tang West Mar­ket Group” kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ga­dy­my Ýü­pek ýo­lu­ny di­kelt­mek ar­ka­ly Gün­do­ga­ryň we Gün­ba­ta­ryň bir­leş­di­ril­me­gi­ne ýar­dam ed­ýän Türk­men­ba­şy­da­ky Hal­ka­ra de­ňiz por­ty tas­la­ma­sy­ny ama­la aşyr­mak­da öň­den­gö­rü­ji­lik­li us­sat­ly­gy üçin ser­ti­fi­ka­ty gow­şu­ryl­dy.
Azi­ýa – Ýu­waş um­ma­ny se­bi­ti ýurt­la­ry­nyň Söw­da-se­na­gat pa­la­ta­la­ry kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­ (CACCI) ta­ra­pyn­dan döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da­ky ýurt­la­ryň ös­me­gi­ne we ro­waç­lan­ma­gy­na go­şan­dy üçin ser­ti­fi­ka­ty gow­şu­ryl­dy.
Maks Plan­kyň or­ni­to­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty ta­ra­pyn­dan se­bit­de guş­la­ryň köp­dür­lü­li­gi­ni go­rap sak­la­mak üçin şert­le­riň dö­re­di­len­di­gi hem-de ola­ry go­ra­mak bo­ýun­ça tas­la­ma üçin mil­li Li­de­ri­mi­ze Maks Plan­kyň or­ni­to­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň ser­ti­fi­ka­ty we sy­la­gy gow­şu­ryl­dy.
Awst­ri­ýa­nyň or­ni­to­lo­gi­ýa mer­ke­zi­niň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze te­bi­ga­ty go­ra­mak bo­ýun­ça aý­ra­tyn ta­gal­la­la­ry­nyň yk­rar­na­ma­sy ba­ra­da­ky ser­ti­fi­ka­ty gow­şu­ryl­dy.
Gam­burg­da­ky “Pricewa­ter­hou­seCoo­pers” (PwC) kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan mil­li Li­de­ri­mi­ze “Pricewa­ter­hou­seCoo­pers” kom­pa­ni­ýa­syn­dan Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň “Iň go­wy de­ňiz por­ty” diý­lip yk­rar edil­me­gi­niň ser­ti­fi­ka­ty gow­şu­ryl­dy.
“Ham­bur­ger Ha­fen und Lo­gis­tik AG” (HHLA) kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Gam­burg Kon­teý­ner ter­mi­na­ly ta­ra­pyn­dan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze Türk­men­ba­şy­da­ky Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­ny ne­ti­je­li de­ňiz por­ty di­ýip yk­rar et­me­giň ser­ti­fi­ka­ty gow­şu­ryl­dy.
Zee­land de­ňiz por­tu­nyň Gö­zeg­çi ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tun­da iň öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ula­ny­lan­dy­gy üçin mil­li Li­de­ri­mi­ze ser­ti­fi­ka­ty hem-de de­giş­li ny­şa­ny gow­şu­ryl­dy.

POR­TUŇ TER­MI­NAL­LA­RY BA­RA­DA GYS­GA­ÇA MAGLUMAT

Ýo­lag­çy we ýük ter­mi­na­ly 230 müň ine­dör­dül meý­dan­da ýer­leş­ýär. Ter­mi­nal ýyl­da 300 müň ýo­lag­ça we 75 müň ula­ga hyz­mat eder we onuň 256 metr uzyn­lyk­da gur­na­lan du­ral­ga­sy­na birwag­tyň özün­de 2 sa­ny gä­mi ýa­na­şyp bi­ler. Ýo­lag­çy ter­mi­na­ly 600 ýo­lag­ça ni­ýet­le­nip­dir. Bu ter­mi­na­lyň çäk­le­rin­de 50 orun­lyk döw­re­bap myh­man­ha­na hem bi­na edil­di.

Kon­teý­ner ter­mi­na­ly ägirt uly des­ga­nyň iň esa­sy ter­mi­nal­la­ry­nyň bi­ridir. Ol 400 müň TEU/ýyl üçin ni­ýet­le­nen­dir (TEU – şert­li stan­dart kon­teý­ne­ri). Onuň uzyn­ly­gy 480 metr bo­lup, birwagt­da 3 sa­ny 5000 DWT ag­ram­ly gä­mi ýük­le­me we dü­şür­me iş­le­ri­ni ama­la aşy­ryp bo­lar.

Ür­gün ýük ter­mi­na­lynyň ýyl­lyk kuw­wa­ty 3 mil­li­on ton­na ba­ra­bar­dyr. Onuň am­ma­ryn­da dä­ne, iým, un, hi­mi­ki önüm­ler we se­ment sak­la­mak üçin ýö­ri­te en­jam­lar gur­nal­dy. Ter­mi­na­lyň du­ral­ga­sy­nyň uzyn­ly­gy 440 metr bo­lup, ol birwagt­da 3 sa­ny 5000 DWT gä­mä ür­gün ýük­le­ri ýük­le­mä­ge we dü­şür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Umu­my ýük ter­mi­na­ly ýö­ri­te ideg ta­lap et­me­ýän ýük­ler üçin ni­ýet­le­nen­dir. Onuň 26 müň 934 ine­dör­dül metr­lik ýa­pyk am­ma­ryn­da te­bi­gy şert­ler­de zy­ýan çe­kip bil­jek pag­ta, ma­ta önüm­le­ri sak­la­nar. 75 müň ine­dör­dül metr­lik meý­dan­da bol­sa, te­bi­gy şert­ler­den zy­ýan çek­me­jek de­mir we de­mir önüm­le­ri­ne meň­zeş ha­ryt­lar sak­la­nar. Ter­mi­na­lyň kuw­wa­ty 4 mil­li­on ton­na­dyr. Onuň du­ral­ga­sy­nyň uzyn­ly­gy 625 metr bo­lup, birwagt­da 4 gä­mä hyz­mat eder.

De­mir ýol pa­rom ter­mi­na­ly­ döw­re­bap gör­nü­şe we til­si­mat­la­ra eýe bol­dy. 85 metr uzyn­ly­gyn­da­ky de­mir ýol wa­gon­la­ry gal­dy­ry­jy ul­ga­m düýp­li abat­lan­dy. De­ňiz ýa­ka­sy­na 2 de­mir ýol wa­gon­la­ry­ny da­şa­ýan gä­mi­niň ýa­naş­ma­gy üçin gur­lu­şyk iş­le­ri ama­la aşy­ryl­dy.

Po­lip­ro­pi­len ter­mi­na­lynyň gi­ňel­dil­me­gi ar­ka­ly de­ňiz por­tun­dan her ýyl 120 müň ton­na po­lip­ro­pi­len ibe­ri­ler. Bu ýer­de ýer­leş­di­ri­len de­mir rels­de he­re­ket ed­ýän 45 ton­na ýük gö­te­ri­ji­lik­li we 17 metr aý­lan­ma burç­ly port ýük göterijileri birwagt­da 3 gä­mä ýük­le­ri ýük­le­mä­ge we dü­şür­mä­ge ukyp­ly­dyr.

“Bal­kan” gä­mi gur­lu­şyk we abat­la­ýyş za­wo­dynda döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry hem-de hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ul­gam­la­ry ulan­mak bi­len 4-6 gä­mi­ni gur­ma­ga ukyp­ly­dyr. Mun­dan baş­ga-da, bu önüm­çi­lik des­ga­sy 20-30 gä­mi­ni abat­la­mak we hyz­mat et­mek bo­ýun­ça iş­le­ri ge­çir­mek mümkinçiligine doly eýedir.

Sanlar we MAG­LU­MAT­LAR

Por­tuň umu­my meý­da­ny 1 mil­li­on 358,5 müň ine­dör­dül metr­den gow­rak­dyr.
De­ňiz por­tu­nyň umu­my ge­çi­ri­ji­lik kuw­wa­ty, ne­bit önüm­le­ri­ni ha­sa­ba al­ma­nyň­da, 17 mil­li­on ton­na ýü­ke ba­ra­bar­dyr.
Gä­mi­le­riň du­ral­ga has ýa­kyn gel­me­gi üçin 10 mil­li­on kub­metr möç­be­rin­dä­ki top­ra­gy aýyr­mak hem-de deň­ziň düý­bü­ni çu­ňalt­mak bo­ýun­ça ägirt uly iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di.
20 metr giň­lik­dä­ki gä­mi du­ral­ga­sy­nyň umu­my uzyn­ly­gy 3 müň 600 met­re deň­dir.
“De­ňiz der­we­ze­si” bir wag­tyň özün­de gä­mi­le­riň 17-si­ne hyz­mat edip bil­ýär.
Port ýyl­da 300 müň ýo­lag­ça we 75 müň ýük ulag­la­ry­na hyz­mat eder hem-de 400 müň kon­teý­ne­ri da­şa­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.
Türk­men­ba­şy­da­ky Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň des­ga­la­ry bi­len bir ha­tar­da, “Bal­kan” gä­migur­lu­şyk we abat­la­ýyş za­wo­dy hem gu­rul­dy. Ýyl­da po­la­dyň 12 müň ton­na­sy­ny iş­le­mek müm­kin­çi­li­gi­ne eýe bo­lan bu za­wod gä­mi­le­riň dör­dü­si­ni gur­ma­ga hem-de 20 gä­mi­ni abat­la­ma­ga ni­ýet­le­nen­dir.
Umu­man, tas­la­ma tu­tuş­ly­gy­na “Ýa­şyl port” hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. Tä­ze de­ňiz por­tu­nyň gur­lu­şy­gy­nyň bar­şyn­da ga­zy­lyp çy­ka­ry­lan top­rak Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da­ky de­ňiz aý­la­gyn­da meý­da­ny 170 gek­tar bo­lan eme­li ada­ny dö­ret­mek üçin ula­nyl­dy.
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty 2500 adamy iş orny bilen üpjün eder.

 

 

 

Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ast­ra­han
ob­las­ty­nyň gu­ber­na­to­ry Alek­sandr Žil­kin:
Türk­men­ba­şy şä­he­rin­dä­ki Hal­ka­ra de­ňiz por­ty se­bit­dä­ki goň­şy ýurt­lar hem-de dün­ýä­niň beý­le­ki döw­let­le­ri bi­len do­ly möç­ber­li hal­ka­ra yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­ler aç­ýar.

Azi­ýa — Ýu­waş um­ma­ny se­bi­ti ýurt­la­ry­nyň
Söw­da-se­na­gat pa­la­ta­la­ry kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň
Pre­zi­den­ti Je­mal Inaiş­wi­li:
Türk­men­ba­şy­da­ky Hal­ka­ra de­ňiz por­ty di­ňe bir Türk­me­nis­tan üçin däl, eý­sem, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň äh­li döw­let­le­ri hem-de tä­ze Ýü­pek ýo­lu­na gat­naş­ýan ýurt­lar üçin hem ta­ry­hy wa­ka­dyr.

Eks­pe­di­tor as­so­sia­si­ýa­la­ry­nyň hal­ka­ra
fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň (EAHF) ýol­baş­çy­sy Ba­ba­r Ba­dat:
Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň Hal­ka­ra de­ňiz por­ty Ha­zar­ýa­ka se­bit­de mö­hüm lo­gis­ti­ka çat­ry­gy­nyň ke­ma­la gel­me­gi­ne, ula­gyň äh­li gör­nüş­le­ri­ni peý­da­lan­mak bi­len, ýük akym­la­ry­ny ut­gaş­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.

Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer —
mi­nist­ri­niň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry Açil­baý Ra­ma­tow:
Öz­be­gis­tan türk­men Li­de­ri­niň ba­şy­ny baş­lan, Azi­ýa­nyň we Ýew­ro­pa­nyň, Ýa­kyn hem-de Uzak Gün­do­ga­ryň ulag ul­gam­la­ry­ny bir­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len se­bit we hal­ka­ra äh­mi­ýet­li iri tas­la­ma­la­ry­ny iş­jeň gol­da­ýar.