Dün­ýä­de ada­ty bol­ma­dyk te­bi­gy gö­zel­lik­le­riň ara­syn­da Ka­na­da­nyň Bri­tan Ko­lumbi­ýa­sy şta­tyn­da­ky «teg­mil­li» köl öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýär. Si­mil­ka­min jül­ge­si­niň gün­do­ga­ryn­da Osu­ýus şä­he­ri­niň go­la­ýyn­daky bu kö­le ýer­li halk “Stai­ned La­ke” (teg­mil­li köl) diý­ýär. Kli­luk diý­lip hem at­lan­dy­ryl­ýan ýa­ta suw­ly köl şor we mi­ne­ral­la­ra baý bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Onuň su­wun­da kü­müş, kal­siý, ti­tan, nat­riý we beý­le­ki bir­nä­çe mi­ne­ral­ bar. To­msuna  su­wuň iň köp bu­gar­ýan wag­ty, onuň ýü­zi bö­lek-bö­lek teg­mil­li ýa­ly bo­lup gö­rün­ýär. Her teg­mil baş­ga­ça reňk­li bol­ýar. Hal­ka gör­nüş­li teg­mil­le­riň şe­ki­li, ulu­ly­gy, reň­ki yzy­gi­der­li üýt­ge­ýär. Su­wuň bu­gar­ma­gy ne­ti­je­sin­de aza­lyp, kö­lüň için­de peý­da bol­ýan ýo­da­lar ak, ýa­şyl, sa­ry we gök reňk­li «me­nek­le­ri» has ýa­kyn­dan gör­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu tä­sin kö­lüň su­wu­nyň sag­ly­ga peý­da­sy ulu­dyr. Adam­lar onuň şy­pa­ly su­wun­dan ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri peý­da­lan­ýar­lar. Bu tä­sin kö­li gör­mä­ge bar­ýan­la­ryň sa­ny ýyl­sa­ýyn art­ýar.