Adam­zat ka­gy­zy müň­ler­çe ýyl bä­ri ula­nyp gel­ýär. Ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ol dur­mu­şyň äh­li ugur­la­ryn­da giň ge­rim­de peý­da­la­nyl­dy. Alym­lar şeý­le meş­hur zat­la­ra baş­ga göz bi­len ga­ra­ma­gy hem unut­ma­ýar. Alym­lar to­pa­ry ada­ty sell­ýu­lo­za­dan peý­da­la­nyp, tä­ze ma­te­ri­al oý­lap tap­dy­lar. Ol bol­sa, dür­li me­tal önüm­le­rin­den berk­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.
Şwe­si­ýa­nyň Pa­ty­şa teh­no­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty bi­len Ame­ri­ka­nyň hi­mi­ýa jem­gy­ýe­ti sell­ýu­lo­za­nyň sü­ýü­mi­niň na­no gur­lu­şy­ny, ýag­ny aga­jyň öý­jük di­wa­ry­nyň berk gat­la­gy­ny öw­ren­di­ler. Sell­ýu­lo­za­nyň esa­syn­da berk ma­te­ria­ly ön­dür­me­giň müm­kin­di­gi­ni mä­lim et­di­ler. Sell­ýu­lo­za­nyň na­no sü­ýüm­le­ri­niň üs­tün­de al­nyp bar­lan yl­my-bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de, sü­ýüm­dä­ki na­no bö­lek­le­riniň ýer­leş­me­gi­niň kes­git­le­nen ter­ti­bi bu işiň esa­sy sy­ry bol­dy.
— Na­no sü­ýüm­ler esa­syn­da ön­dü­ril­jek bio­ma­te­ri­al­lar möý ýü­pe­gin­den hem 8 es­se mä­käm bol­ýar – di­ýip, hü­när­men Da­ni­el So­der­berg gür­rüň ber­ýär. Tä­ze bio­ma­te­ria­lyň berk­li­gi­niň po­lat­dan, dür­li me­tal­lar­dan, ke­ra­mi­ka­dan we aý­na sü­ýüm­le­rin­den hem mä­käm bol­jak­dy­gy aý­dyl­ýar.
Tä­ze ma­te­ria­ly me­bel, uçar, aw­tou­lag hem-de jaý gur­lu­şy­gyn­da ulan­mak mak­sat edi­nil­ýär.

Durdyguly ATAÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň talyby.