Ma­laý­zi­ýa­da ge­çi­ri­len par­la­ment saý­law­la­ryn­da 92 ýaş­ly Ma­hat­hir Mo­ha­mad ýe­ňiş ga­zan­dy. Saý­law ko­mis­si­ýa­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, saý­law­la­ra gat­na­şyk 76 gö­te­rim tö­we­re­gi bol­dy. Mun­dan ozal­ky do­lan­dy­ry­jy bi­le­le­şik 60 ýyl­lap hä­ki­mi­ýet­de bo­lup, saý­law­lar­da 13 ge­zek yz­ly-yzy­na ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. In­di Ma­hat­hir Mo­ha­mad dün­ýä­niň iň gar­ry Prem­ýer-mi­nist­ri bo­lar. Ol mun­dan ozal, bu we­zi­pe­de 1981-nji ýyl­dan 2003-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da iş­läp­di.

Weng­ri­ýa­nyň par­la­men­ti Wik­tor Or­ba­ny tä­ze dört ýyl­lyk möh­let bi­len ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri we­zi­pe­si­ne tas­syk­la­dy. Or­ban 1998-2002 we 2010-2018-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da Weng­ri­ýa­nyň mi­nistr­ler ka­bi­ne­ti­ne ýol­baş­çy­lyk et­di.

Ita­li­ýa­nyň As­si­zi şä­he­rin­de Ger­ma­ni­ýa­nyň kans­le­ri An­ge­la Mer­kel pa­ra­hat­çy­ly­gy go­ra­mak­da, şeý­le hem bos­gun­la­ra ýar­dam ber­mek­de ta­gal­la­la­ry­ny gaý­gyr­ma­ýan­ly­gy üçin “Mu­kad­des Fran­sis­ko­nyň pa­ra­hat­çy­lyk lam­pa­da­sy” or­de­ni bi­len sy­lag­lan­dy. Da­ba­ra Ita­li­ýa­nyň mi­nistr­ler ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Pao­lo Jen­ti­lo­ni, şeý­le hem Ko­lum­bi­ýa­yň Pre­zi­den­ti, No­be­liň pa­ra­hat­çy­lyk bo­ýun­ça baý­ra­gy­nyň eýe­si Hu­an Ma­nu­el San­tos gat­naş­dy. Hu­an Ma­nu­el San­tos iki ýyl mun­dan ozal, bu baý­rak bi­len sy­lag­la­nyp­dy.

Baha­ryň iň aja­ýyp baý­ram­çy­lyk­la­ry­nyň bi­ri — Ka­na­da­da ge­çi­ril­ýän Çi­gil­dem­le­riň baý­ram­çy­ly­gy (The Cana­di­an Tu­lip Fes­tival) maý aýy­nyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da Ot­ta­wa­da baş­lap, iki hep­de­läp do­wam ed­ýär. Her ýy­lyň maý aýyn­da Ka­na­da­nyň paý­tag­ty dür­li gör­nüş­li çi­gil­dem­le­re gark bol­ýar. Paý­tagt­da bu gül­le­re dost­lu­gyň hem-de ha­ky­ky ba­ha­ryň ala­ma­ty hök­mün­de ga­ral­ýar. Şu gün­ki gün­de dün­ýä­niň is­len­dik şä­he­ri bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, bu şä­her­de has köp gül­ler ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär.

Hytaý­ly al­pi­nist Sýa Bo­ýuý 70 ýa­şyn­da Ewe­rest be­lent­li­gi­ni bo­ýun eg­dir­di. Ol öm­rü­niň do­wa­myn­da dört sa­par Ewe­rest be­lent­li­gi­ne çyk­ma­ga sy­na­ny­şýar. Ol şol sy­na­ny­şyk­la­rynyň bi­rin­de iki aýa­gy­ny so­wuk al­dy­ryp, aýak­syz ga­lýar. Ol oturt­ma aýak­la­ry bi­len Ýer to­ga­la­gy­nyň iň be­ýik de­pe­si­ne çy­kan ikin­ji adam­dyr. Bi­rin­ji­si Tä­ze ze­lan­di­ýa­ly Mark Ing­lis bo­lup, 2006-njy ýyl­da Ewe­res­te çy­kýar. Ewe­rest Gi­ma­laý­da ýer­leş­ýän Ýe­riň iň be­ýik da­gy­dyr. Ewe­rest de­ňiz de­re­je­sin­den 8848 ­metr ýo­kar­da­dyr. Onuň de­pe­si­ne çyk­mak al­pi­nist­le­riň iki aý wag­ty­ny al­ýar. 1953-nji ýy­lyň 29-njy ma­ýyn­da Ten­sing Nor­geý we Ed­mund Hil­la­ri da­gy onuň de­pe­si­ne çyk­ýar­lar.