20-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde BMG tarapyndan yglan edilen “2018 – 2028-nji ýyllarda durnukly ösüş üçin suw” atly Hereketleriň on ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli Halkara maslahatyna gatnaşdy.

Fo­ru­ma Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Mam­nun Hu­seýn, Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýe­ti­niň Baş­tu­ta­ny Ab­dul­la Ab­dul­la, BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň orun­ba­sa­ry Lýu Çžen­min, dün­ýä­niň 110-dan gow­rak ýur­dun­dan ýo­ka­ry de­re­je­li we­ki­li­ýet­ler, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň kä­bir dü­züm­le­ri­niň, hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry­nyň, ma­li­ýe ins­ti­tut­la­ry­nyň, işe­wür to­par­la­ryň we beý­le­ki gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ta­rap­la­ryň we­kil­le­ri-de gat­naş­dy­lar.
Fo­ru­ma gat­na­şy­jy we­ki­li­ýet­le­riň baş­tu­tan­la­ry­nyň res­mi bi­le­lik­de su­ra­ta düş­mek da­ba­ra­syn­dan soň­ra “Ko­hi So­mon” Köş­gü­niň Uly mej­lis­ler za­lyn­da “Dur­nuk­ly ösüş üçin suw” at­ly Hal­ka­ra mas­la­ha­ty­nyň da­ba­ra­ly açy­ly­şy bol­dy.
Il­ki bi­len, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Emo­ma­li Rah­mon çy­kyş et­di.
Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ne söz be­ril­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, dün­ýä­niň äh­li halk­la­ry üçin suw dur­mu­şyň we bol­çu­ly­gyň mu­kad­des çeş­me­si­dir, suw bi­len te­bi­gat jan­lan­ýar, üm­mül­mez säh­ra­lyk­lar bol­sa, gül­le­ýän me­ka­na öw­rül­ýär. Şol se­bäp­li hem bi­ziň ata-ba­ba­la­ry­myz su­wa sar­pa go­ýup, onuň her bir dam­ja­sy­ny al­tyn dä­ne­si­ne de­ňäp­dir­ler. Türk­men hal­ky ýa­şaý­şyň göz­ba­şy bo­lan su­wa aýaw­ly çe­me­leş­mek ba­ra­da “Suw – ata, top­rak – ene”, “Suw bi­len top­rak — gül­zar­lyk, suw­suz — çöl­lük”, “Suw – top­ra­gyň be­ze­gi, guw — su­wuň be­ze­gi” ýa­ly köp­ san­ly çuň maz­mun­ly na­kyl­la­ry dö­re­dip­dir­ler. Şol se­bäp­li hem suw se­riş­de­le­ri­ni go­rap sak­la­mak we on­dan re­je­li peý­da­lan­mak me­se­le­le­ri di­ňe bir bi­ziň hal­ky­myz üçin däl-de, hä­zir­ki za­ma­nyň mö­hüm we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar di­ýip, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti nyg­ta­dy. Umu­my­dün­ýä iş­le­ri­niň bar­şy, dün­ýä­de berk pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dur­nuk­ly­ly­gyň, ösü­şiň we aba­dan­çy­ly­gyň üp­jün edil­me­gi hä­zir­ki wagt­da suw bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň çö­zül­me­gi­ne köp ba­bat­da bag­ly­dyr.
Sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, dur­muş ugur­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan suw me­se­le­si hal­ka­ra de­re­je­sin­de bir pi­ki­re ge­lin­me­gi­ni hem-de umu­my dün­ýä ga­ra­ýyş­lar ul­ga­myn­da döw­let­le­riň ta­gal­la­la­ry­nyň bir­leş­di­ril­me­gi­ni ta­lap ed­ýär. Şun­da, aý­ry-aý­ry bäh­bit­ler­den ha­ky­kat ýü­zün­de äh­lu­mu­my mak­sat­lar, uzak möh­let­le­ýin gel­jek üçin suw ba­ba­tyn­da he­re­ket­le­riň bi­te­wi stra­te­gi­ýa­sy­nyň iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ma­gy ile­ri tu­tul­ma­ly­dyr.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, di­ňe Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len Dur­nuk­ly Ösüş Mak­sat­la­ry­nyň hem-de BMG-niň “Rio+20” Mas­la­ha­tyn­da, Te­gu şä­he­rin­de ge­çi­ri­len VII Bü­tin­dün­ýä suw fo­ru­myn­da, beý­le­ki äh­lu­mu­my hal­ka­ra du­şu­şyk­la­ryn­da ka­bul edi­len mak­sat­na­ma­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ryň esa­syn­da ýa­kyn hyz­mat­daş­lyk et­mek bi­len şu­nuň ýa­ly we­zi­pe­le­ri çö­züp bo­lar. Suw se­riş­de­le­ri­ne deň we ada­lat­ly el­ýe­ter­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne berk yg­rar­ly­lyk, onuň ada­myň esa­sy hu­ku­gy hök­mün­de yk­rar edil­me­gi ýö­rel­ge­le­ri bi­le­lik­dä­ki işiň baş şer­ti bol­ma­gyn­da gal­ma­ly­dyr. Bi­ziň dü­şü­ni­şi­mi­ze gö­rä, su­wa el­ýe­ter­li­lik hu­ku­gy­nyň we onuň üçin jo­gap­kär­çi­li­giň üp­jün edil­me­gi dün­ýä­niň äh­li döw­let­le­ri üçin hök­ma­ny bol­ma­ly­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, yk­dy­sa­dy iş bi­len suw se­riş­de­le­ri­niň aýaw­ly sak­la­nyl­ma­gy­nyň we ola­ryň ne­ti­je­li do­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň ara­syn­da­ky deňag­ram­ly­ly­gyň sak­la­nyl­ma­gy mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar. Ho­wa­nyň äh­lu­mu­my maý­la­ma­gy hem-de dür­li gör­nüş­li te­bi­gy hem-de teh­no­gen hä­si­ýet­li he­läk­çi­lik­le­riň ýü­ze çyk­ma­gy – bu­la­ryň äh­li­si bü­tin dün­ýä­niň öňün­de dur­ýan me­se­le­ler­dir di­ýip nyg­ta­mak bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ola­ra di­ňe hä­zir­ki pur­sa­tyň, çäk­li mil­li ze­rur­lyk­la­ryň nuk­daý­na­za­ryn­dan çe­me­le­şil­me­li däl­di­gi­ni bel­le­di.
Hä­zir­ki wagt­da tö­wek­gel­çi­lik­le­riň müm­kin bol­du­gy­ça pe­sel­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ne­ti­je­li gu­ral­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak mö­hüm­dir. Anyk bel­le­ni­len, özü­ňi alyp bar­ma­gyň öz­bo­luş­ly ter­ti­bi bo­lup dur­ýan düz­gün­ler ze­rur­dyr, olar äh­li döw­let­le­riň bäh­bit­le­ri­niň ha­sa­ba alyn­ma­gy esa­syn­da iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ma­ly­dyr hem-de oza­ly bi­len, adam­la­ryň ze­rur­lyk­la­ry, ola­ryň ada­ta öw­rü­len asyr­la­ryň do­wa­myn­da eme­le ge­len dur­muş ýö­rel­ge­le­ri bi­len şert­len­di­ril­me­li­dir. Suw dün­ýä­niň äh­li halk­la­ry­na de­giş­li bo­lan tu­tuş adam­za­dyň umu­my mi­ra­sy­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, suw me­se­le­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ne­ti­je­li usul­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň ze­rur­ly­gy äş­gär­dir. Ta­ry­hy, te­bi­gy-ge­og­ra­fi­k aý­ra­tyn­lyk­la­ryň bir­nä­çe­si se­bäp­li Mer­ke­zi Azi­ýa üçin hyz­mat­daş­ly­gyň şeý­le gör­nü­şi aý­ra­tyn mö­hüm­li­ge eýe bol­ýar. Suw se­riş­de­le­ri­ne el­ýe­ter­li­lik, ola­ryň ne­ti­je­li do­lan­dy­ryl­ma­gy bi­ziň se­bi­ti­mi­ziň döw­let­le­ri­niň ösü­şi­ne, ola­ryň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne, dur­muş ul­ga­my­na, halk­la­ryň aba­dan­çy­ly­gy­na hem dur­mu­şy­nyň hi­li­ne gö­nü­den-gö­ni tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Şol se­bäp­li hem deň­hu­kuk­ly­lyk, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak, jo­gap­kär­çi­lik­li suw­dan peý­da­lan­mak me­se­le­le­rin­de Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry kes­git­le­ýän bin­ýat go­ýu­jy öl­çeg­ler bol­ma­ly­dyr di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy.

Mer­ke­zi Azi­ýa üçin suw me­se­le­le­ri bo­ýun­ça BMG-niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­sy­nyň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň bu ugur­da ne­ti­je­li çä­re­le­riň bi­ri bo­lup bil­jek­di­gi­ni bel­läp, mil­li Li­de­ri­miz hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­niň hut şeý­le hyz­mat­daş­lyk­da suw we suw-ener­ge­ti­ka me­se­le­le­ri­niň çöz­gü­di­ni tap­mak­da top­lan tej­ri­be­si­niň ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­nyň müm­kin­di­gi­ne yna­my­ny be­ýan et­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz se­bi­tiň döw­let­le­ri­ne hem-de BMG-niň Mü­di­ri­ýe­ti­ne bu me­se­lä düýp­li ga­ra­mak ba­ra­da­ky tek­lip bi­len ýüz­len­di.
Ara­ly ha­las et­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň işi Mer­ke­zi Azi­ýa­da suw me­se­le­le­ri­niň örän mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar. Hä­zir­ki wagt­da bu Gaz­na­da baş­lyk­lyk ed­ýän­di­gi­ni aý­dyp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öz içi­ne anyk çä­re­le­riň bir­nä­çe­si­ni al­ýan baş­lyk­lyk et­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň dü­zü­len­di­gi­ni bel­le­di. Şol çä­re­le­riň ha­ta­ryn­da Aral deň­zi­niň se­bi­ti­niň ýurt­la­ry­na kö­mek ber­mek, Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň bi­te­wi eko­lo­gi­ýa mak­sat­na­ma­sy hök­mün­de daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça he­re­ket­le­riň Se­bit me­ýil­na­ma­sy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça he­re­ket­le­riň tä­ze Mak­sat­na­ma­sy­nyň iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ma­gy­ny we ka­bul edil­me­gi­ni gör­kez­mek bo­lar.
Şu ýyl Türk­me­nis­tan­da bu gaz­na­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Sam­mi­ti­ni ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar, biz onuň jem­le­ri bo­ýun­ça Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek, onuň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin ze­rur bo­lan anyk çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi­ne ga­raş­ýa­rys. Şun­da biz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan gol­da­wa we ýar­dam be­ril­me­gi­ne bil bag­la­ýa­rys di­ýip, türk­men Li­de­ri bel­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gür­rü­ňi do­wam edip, dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça “Rio+20” Mas­la­ha­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Aral deň­zi­niň se­bi­ti üçin BMG-niň Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­mak we Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Aral me­se­le­le­ri bo­ýun­ça işi­niň ýö­ri­te ug­ru­ny dö­ret­mek ba­ra­da öňe sü­ren baş­lan­gy­jy­ny ýat­lat­dy.
Aral me­se­le­si­ne in­di içer­ki, se­bit me­se­le­si hök­mün­de ga­rap bol­ma­jak­dy­gy düş­nük­li­dir. Onuň üs­tün­lik­li çöz­gü­di­ni tap­mak üçin hä­zir­ki wagt­da dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň gol­da­wy, tä­ze­çil top­lum­la­ýyn hal­ka­ra çe­me­leş­me­si, bu işe BMG-niň iş­jeň we yzy­gi­der­li gat­naş­ma­gy ze­rur­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­ni, Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­ny türk­men ta­ra­py­nyň tek­li­bi­ni gol­da­ma­ga hem-de onuň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne gi­riş­mä­ge ça­gyr­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça şu ýy­lyň 18-nji ap­re­lin­de BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň “Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň we Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk” at­ly Ka­rar­na­ma­sy­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­me­gi mu­nuň üçin yg­ty­bar­ly bin­ýat bo­lup dur­ýar. Biz suw me­se­le­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň mil­li de­re­je­de iş­le­riň de­giş­li ka­da­la­ry­na berk da­ýan­ma­ly­dy­gyn­dan ugur al­ýa­rys. Bu­lar bi­ri-bi­ri­niň üs­tü­ni ýe­tir­ýän, bi­ri-bi­ri bi­len berk bag­ly me­se­le­ler­dir di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz her bir döw­le­tiň öz or­nu­na we jo­gap­kär­çi­li­gi­ne do­ly de­re­je­de göz ýe­tir­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.
Türk­me­nis­tan hä­zir­ki mas­la­ha­tyň gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len mak­sat­la­ry we we­zi­pe­le­ri hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­ýar. Onuň işi­niň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça ka­bul edil­jek çöz­güt­le­riň mak­sa­da gö­nük­di­ri­len hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy, hä­zir­ki ýag­daý­la­ry na­za­ra al­mak bi­len, onuň uzak­möh­let­le­ýin ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek, bu ugur­da se­bit we äh­lu­mu­my me­ýil­na­ma­la­ry bo­lan suw­dan peý­da­lan­ma­gyň mil­li mak­sat­na­ma­la­ry­ny ut­gaş­dyr­mak bo­ýun­ça in­no­wa­si­on nus­ga­la­ry we do­lan­dy­ryş stra­te­gi­ýa­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak üçin bin­ýat­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­jek­di­gi­ne umyt ed­ýä­ris di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.
Türk­men ta­ra­py­nyň öz hyz­mat­daş­la­ry bi­len hö­kü­met, ka­nun­ çy­ka­ry­jy­lyk we bi­ler­men­ler de­re­je­sin­de öza­ra gat­na­şyk­la­ra, öza­ra peý­da­ly tej­ri­be­le­ri alyş­ma­ga, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len giň­den hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­mak bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň hem­me­si­ne ne­ti­je­li iş­le­me­gi ar­zuw et­di.
Hal­ka­ra mas­la­ha­ty­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy ta­mam­la­nan­dan soň, ýo­ka­ry de­re­je­li we­ki­li­ýet­le­riň baş­tu­tan­la­ry “Ko­hi So­mon” Köş­gü­niň Uly mas­la­hat­lar za­lyn­dan çyk­dy­lar. Şeý­le hem şol gün Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Du­şen­bä iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Emo­ma­li Rah­mon, Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýe­ti­niň Baş­tu­ta­ny Ab­dul­la Ab­dul­la hem-de Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Mam­nun Hu­seýn bi­len iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ry ge­çir­di.
* * *
Gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Du­şen­be şä­he­ri­niň hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne gel­di we bu ýer­den Wa­ta­ny­my­za ug­ra­dy. Az sa­lym­dan Mil­li Li­de­ri­mi­ziň uça­ry Türk­me­na­bat şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne ge­lip gon­dy. Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Le­bap we­la­ýa­tyn­da baş­la­nan iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Ru­hy­ýet köş­gün­de ýur­du­myz­da spor­ty ös­dür­mek me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­la­nan mas­la­hat ge­çir­di. Hu­su­san-da,“Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ni ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk çä­re­le­ri­ne ga­ral­dy. Şeý­le hem mas­la­hat­da hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň kä­bir me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
21-nji iýun­da bol­sa, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz no­bat­da­ky ýa­şa­ýyş top­lu­my­nyň düý­bü­ni tut­mak hem-de ýur­du­my­zyň gün­do­gar we­la­ýa­ty­nyň mer­ke­zin­de bi­na edi­len ki­çi et­rap­ça­ny ulan­ma­ga ber­mek da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy. Türk­me­na­bat şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne bar­ýan ýo­luň ug­run­da peý­da bol­jak tä­ze ýa­şa­ýyş top­lu­my­nyň dü­zü­mi­ne her bi­ri 32 öý­den yba­rat bo­lan dört gat­ly öý­le­riň 17-si, şeý­le hem 2 gat­ly kot­tej gör­nüş­li ýer bö­le­gi we beý­le­ki ho­ja­lyk jaý­la­ry bo­lan öý­le­riň 170-si gir­ýär. Dört gat­ly jaý­lar­da meý­da­ny 101 we 119 ine­dör­dül met­re deň bo­lan 3 otag­ly öý­ler ýer­leş­di­ri­ler. Bäş otag­ly kot­tej gör­nüş­li jaý­la­ryň ýa­şa­ýyş meý­da­ny 250 ine­dör­dül metr bo­lar. Ýa­şa­ýyş top­lu­my­nyň çä­gin­de 600 orun­lyk or­ta mek­dep, hä­zir­ki za­man söw­da mer­ke­zi, dur­muş hyz­mat­lar öýi bi­na edi­ler. Bu des­ga­lar hä­zir­ki za­man en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­ler.
Türk­me­na­bat şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne bar­ýan şol ýo­luň ug­run­da bi­na edi­len tä­ze ýa­şa­ýyş top­lu­my ýer­leş­di­ri­li­şi go­wu­lan­dy­ry­lan 4 gat­ly jaý­la­ryň 22-sin­den yba­rat­dyr. Her bir jaý­da 40 öý ýer­leş­ýär. Uly we ki­çi maş­ga­la­lar üçin ni­ýet­le­nen 2, 3, 4 otag­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan gu­rul­dy. Bu giň möç­ber­li dur­muş mak­sat­ly tas­la­ma­ny ama­la aşyr­ma­ga Le­bap we­la­ýa­ty­nyň döw­let gur­lu­şyk eda­ra­la­ry hem öz go­şant­la­ry­ny goş­du­lar.