20-nji iýun­da paý­tag­ty­my­zyň “Ýyl­dyz” myh­man­ha­na­syn­da “Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gin­de ösü­şi ma­li­ýe­leş­dir­mek üçin hyz­mat­daş­lyk” at­ly hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di. Ony ýur­du­my­zyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň gol­daw ber­me­gi bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let da­şa­ry yk­dy­sa­dy iş ban­ky hem-de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ösüş mak­sat­na­ma­sy (BMGÖM) gu­ra­dy­lar.

Gün ter­ti­bi­ne BMG-niň Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny ga­zan­mak bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry gi­ri­zi­len mas­la­ha­ta dür­li mi­nistr­lik­le­riň we eda­ra­la­ryň, trans­mil­li ma­li­ýe ins­ti­tut­la­ry­nyň, kom­pa­ni­ýa­la­ryň we tä­jir­çi­lik bank­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň 200-e go­la­ýy, şeý­le hem BMGÖM-iň hem-de beý­le­ki hal­ka­ra we se­bi­ta­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň bi­ler­men­le­ri gat­naş­dy­lar.
Mas­la­ha­tyň çäk­le­rin­de üç bö­lüm bo­ýun­ça mej­lis­ler ge­çi­ri­lip, olar­da mil­li we se­bit de­re­je­le­rin­de Dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­ny ma­li­ýe­leş­dir­me­giň, içer­ki se­riş­de­le­ri bir ýe­re jem­le­mek ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze ugur­la­ry, ma­ýa goý­mak­da mil­li bank ul­ga­my­nyň go­ru­ny, in­no­wa­si­on ösü­şi, işe­wür­li­gi ma­li­ýe­leş­dir­mek tej­ri­be­si me­se­le­le­ri­ne, şeý­le hem ser­he­tüs­ti tas­la­ma­la­ra ga­ral­dy.
Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar üç ug­ruň hem­me­sin­de, şol san­da hem­me­ta­rap­la­ýyn yk­dy­sa­dy ösü­şe ýar­dam et­mek, eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy we dur­muş in­teg­ra­si­ýa­sy­ny gol­da­mak ýa­ly ugur­lar­da 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin dur­nuk­ly ösüş ba­bat­da gün ter­ti­bi­ni ma­li­ýe­leş­dir­me­giň dün­ýä we se­bit bo­ýun­ça me­ýil­le­ri­ni we müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. He­re­ket­le­riň Ad­dis-Abeba mak­sat­na­ma­sy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­ril­di, ol dur­nuk­ly ösü­şi ma­li­ýe­leş­dir­mek üçin bin­ýa­dyň esa­sy­ny tut­ýar hem-de 2030-njy ýy­la çen­li äh­lu­mu­my Gün ter­ti­bi­niň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup dur­ýar.
Hal­ka­ra mas­la­ha­ty­nyň çäk­le­rin­de oňa gat­na­şy­jy­lar Türk­me­nis­tan – Ow­ga­nys­tan – Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy ýa­ly Türk­me­nis­tan­da dü­züm tas­la­ma­la­ry­na se­ret­di­ler. Hal­ka­ra gaz ge­çi­ri­ji­niň gu­rul­ma­gy Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­ti­niň dur­nuk­ly ös­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Mas­la­hat­da Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let da­şa­ry yk­dy­sa­dy iş ban­ky­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri­ne uly üns be­ril­di, bu bank dür­li ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk edip, ýur­du­myz­da Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär.
Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar dur­muş-yk­dy­sa­dy ösüş mil­li mak­sat­na­ma­la­ry, şol san­da oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2020-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin Mil­li mak­sat­na­ma­ny ama­la aşyr­mak ar­ka­ly 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür­de dur­nuk­ly ösüş ul­ga­myn­da äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­ni dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ne, şeý­le hem Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan-Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy üçin ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­ni jem­le­mek­de Türk­me­nis­ta­nyň ta­gal­la­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler we bu tas­la­ma­nyň di­ňe bir ener­gi­ýa üp­jün­çi­li­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­ri çöz­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­män, tu­tuş se­bi­tiň aba­dan­çy­ly­gy üçin şert­le­ri dö­ret­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.
Mas­la­ha­tyň çäk­le­rin­de jem­leý­ji res­mi­na­ma ka­bul edil­di, şeý­le hem iki­ta­rap­la­ýyn yla­la­şyk­la­ra, hu­su­san-da, Türk­me­nis­tan­da dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek üçin ösü­şi ma­li­ýe­leş­dir­me­gi jem­le­mek bo­ýun­ça öza­ra dü­şü­niş­mek, bi­le­lik­dä­ki hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let da­şa­ry yk­dy­sa­dy iş ban­ky bi­len BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň ara­syn­da Äht­na­ma, şeý­le hem Türk­me­nis­tan­da dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi müm­kin bo­lan tas­la­ma­la­ry ma­li­ýe­leş­dir­mek ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­niň we “Al Qam­ra Hol­ding Group” (Ka­tar Döw­le­ti) kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma gol çe­kil­di.