Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry hem-de ir­gin­siz ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de, Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz bar­ha uly ösüş­le­re bar­ýar. Halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da saz­la­şyk­ly ösüş dep­gi­ni ýo­la go­ýul­dy. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty özü­niň saz­la­şyk­ly hem-de dur­nuk­ly ösü­şi­ni sak­lap gal­ýar. Mu­ňa şu ýy­lyň 5 aýy­nyň jem­le­ri bo­ýun­ça mak­ro­yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­ler hem aý­dyň su­but­na­ma­dyr.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň se­na­gat kuw­wa­ty bar­ha kä­mil­le­şip, tä­ze döw­re­bap önüm­çi­lik des­ga­la­ry gu­rul­ýar. Ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ne baý ýur­du­myz­da ýe­ras­ty baý­lyk­la­ry­my­zyň dün­ýä halk­la­ry­na hyz­mat et­me­gi üçin iri hem-de hal­ka­ra äh­mi­ýet­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­di we ge­çi­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­tin­dä­ki or­nu­ny yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dy­rmak, içer­ki we da­şar­ky ba­zar­lar­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly, köp gör­nüş­li, ýo­ka­ry hil­li ha­ryt­la­ry ön­dür­ýän in­no­wa­si­on se­na­gat kär­ha­na­la­ry­ny dö­ret­mek ba­bat­da uly ta­gal­la­lar edil­ýär.
Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň şu ýy­lyň ýan­war — maý aý­la­ryn­daky gör­ke­zi­ji­le­ri­ne ser sa­la­ny­myz­da, je­mi içer­ki önüm 6,2 gö­te­rim art­dy. Äh­li mi­nistr­lik­ler we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry bo­ýun­ça ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, je­mi ön­dü­ri­len önüm 4,3 gö­te­rim ar­typ, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ryn­da ýo­ka­ry önüm­çi­lik ne­ti­je­le­ri ga­za­nyl­dy. Şu ýy­lyň bäş aýyn­da 2017-nji ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, bö­lek sa­tuw ha­ryt do­la­ny­şy­gy 19,4 gö­te­rim art­dy.
Ýan­war — maý aý­la­ry­nyň jem­le­ri bo­ýun­ça Döw­let býu­je­ti­niň gir­de­ji bö­le­gi 7,2 mil­liard ma­na­da we çyk­da­jy bö­le­gi 7,1 mil­liard ma­na­da ba­ra­bar bol­dy. Ýur­du­my­zyň iri we or­ta kär­ha­na­la­ryn­da or­ta­ça aý­lyk zäh­met ha­ky 2017-nji ýy­lyň de­giş­li döw­rü­ne gö­rä, 9 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2020-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin re­je­le­nen gör­nüş­dä­ki Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da” göz öňün­de tu­tu­lan iş­le­re la­ýyk­lyk­da, je­mi 731,2 mil­li­on ma­nat möç­ber­de düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ry öz­leş­di­ril­di. Ge­çen dö­wür­de se­na­gat des­ga­la­ry, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, ça­ga­lar bag­la­ry, mek­dep­ler, dü­kan­lar we beý­le­ki des­ga­lar me­ýil­na­ma­da göz öňün­de tu­tu­lan möç­ber­ler­de ula­nyl­ma­ga be­ril­di.
Hu­su­sy pu­da­gyň ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­dä­ki pa­ýy bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Şu ýy­lyň 5 aýyn­da Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si bo­ýun­ça se­na­gat ha­ryt­la­ry­ny ön­dür­me­giň göw­rü­mi ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri 20,6 gö­te­rim, oba ho­ja­lyk we azyk önüm­le­ri­niň göw­rü­mi 64,6 gö­te­rim kö­pel­di. Söw­da ha­ryt do­lan­yşy­gynyň ösü­şi 3,3 gö­te­rime, hyz­mat­lar ul­ga­mynyň ösüşi 1,9 gö­te­ri­me deň bol­dy.
Hal­kyň sarp ed­ýän ha­ryt­la­ry­nyň çy­ka­ryl­ýan möç­ber­le­ri­niň, ýe­ňil we azyk se­na­ga­ty­nyň önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­nyň art­dy­ryl­ma­gy bi­len bir­lik­de, hyz­mat­lar ul­ga­my­ny we söw­da­ny ös­dür­mä­ge iri ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­di­ril­ýär. Tä­ze söw­da mer­kez­le­ri döw­re­bap en­jam­lar bi­len en­jam­laş­dy­ryl­dy. Olar ila­ty­my­za hem-de ýur­du­my­za gel­ýän da­şa­ry ýurt­lu­la­ra edil­ýän hyz­mat­la­ry­ň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ýar­. Di­ýa­ry­my­za gel­ýän myh­man­la­ryň sa­ny bol­sa, ýyl­sa­ýyn art­ýar. Ha­ryt­la­ryň köp gör­nüş­li hem-de ýo­ka­ry hil­li we eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa bol­ma­gy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy üçin has oňaý­ly şert­le­ri dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len dur­muş ugur­ly sy­ýa­sa­ty­nyň aý­dyň ne­ti­je­le­ri­niň bi­ri­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň hal­ka­ra are­na­syn­da­ky ab­ra­ýy has-da be­len­de gal­ýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň dür­li ugur­lar­da­ky hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry, hu­su­san-da ener­ge­ti­ka, ýol-ulag dü­zü­mi we yn­san­per­wer ugur­la­ryn­da­ky baş­lan­gyç­la­ry dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de uly ses­len­me dö­red­ýär. Türk­me­nis­tan dün­ýä­niň en­çe­me ýur­dy bi­len dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry ýo­la go­ýup, söw­da hyz­mat­daş­ly­gy­ny bar­ha gi­ňeld­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len tu­tuş dün­ýä­de ýe­ne-de bir baý­ram­çy­lyk peý­da bol­dy. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 3-nji iýun — Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni diý­lip yg­lan edil­di. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň ta­rap­da­ry bo­lan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bu baş­lan­gy­jy hem sport hem-de ulag we sag­lyk ul­gam­la­ry üçin uly äh­mi­ýet­li baş­lan­gyç bol­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, we­lo­si­ped eko­lo­gik ulag hem-de ýol-ulag dü­zü­mi­niň ka­da­ly he­re­ke­ti üçin amat­ly. Bu eko­lo­gik ulag şol birwagt­da adam sag­ly­gy­na peý­da­ly bo­lup, soň­ky ýyl­lar­da spor­tuň we­los­port gör­nü­şi hem giň­den ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ulag baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da Türk­me­nis­tan Ýew­ra­zi­ýa­nyň esa­sy lo­gis­ti­ka mer­ke­zi­ne öw­rül­ýär. Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gin­de ýer­leş­ýän ýur­du­myz­da bu ugur­da­ky iş­ler Azi­ýa bi­len Ýew­ro­pa­ny bi­ri-bi­ri­ne bag­la­nyş­dyr­ýan hem-de ýa­kyn­laş­dyr­ýan esa­sy köp­rü­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di.
Ýur­du­my­zyň gur­ýan dost­luk we oňyn hyz­mat­daş­lyk ýol­la­ry Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy, Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy, Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy ýa­ly iri hal­ka­ra hem-de se­bit dü­züm­le­ri­niň çäk­le­rin­de hem gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň iş­jeň gat­naş­ma­gyn­da dö­re­dil­ýän tä­ze ýol­lar Ýew­ra­zi­ýa gi­ňiş­li­gin­de dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek­de bi­ziň se­bi­ti­mi­ziň or­nu­ny has-da art­dyr­ýar.
Şeý­le­lik­de, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň iş­läp düz­ýän mö­hüm hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry ta­kyk, yzy­gi­der­li hem-de yh­las bi­len dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­nyň aý­ryl­maz we baş ug­ry bol­sa, di­ňe bir ýur­du­my­zyň däl, eý­sem, tu­tuş Ýer ýü­zü­niň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne örän ys­ny­şyk­ly hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ýo­la goý­mak­dan yba­rat­dyr.