2018-nji ýylyň 22–27-nji iýuny ara­ly­gyn­da Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len Medeniýet hep­de­li­giniň mil­li öwüş­gin­le­re ça­ýy­lan çä­re­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry ga­za­nan­la­ry­ny, onuň pa­ra­hat­çy­ly­ga we ösü­şe ta­rap ok­gun­ly he­re­ke­ti­ni, hal­ky­my­zyň ru­hu­be­lent­li­gi­ni we aba­dan­çy­ly­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. Bu sun­gat fo­ru­my me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň dür­li ugur­la­ryn­da, oza­ly bi­len bol­sa, türk­men hal­ky­nyň ru­hy mi­ra­sy­ny go­rap sak­la­mak, öw­ren­mek hem-de Ýer ýü­zün­de wa­gyz et­mek, dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň hü­när taý­dan ösü­şi­ni hö­wes­len­dir­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da öz­bo­luş­ly ha­sa­bat bo­lup dur­ýar.
Dö­wür her ýyl­da şeý­le giň ge­rim­li me­de­ni çä­rä­niň gu­ral­ma­gy­nyň ze­rur­ly­gy­ny hem-de äh­mi­ýe­ti­ni tas­syk­la­ýar, bu çä­re­ler mil­li sun­ga­tyň äh­li ugur­la­ry­ny öz içi­ne al­ýar. Bu fo­rum me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň gü­nü­ne ga­bat­la­nyl­ýar, şu ýyl Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Per­ma­ny­na la­ýyk­lyk­da, bu se­näniň Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet baý­ra­my bi­len bir­leş­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek, mu­nuň özi ne­sil­le­riň ru­hy do­wa­mat­ly­ly­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar.

Kö­p a­syr­lyk ta­ry­hyň do­wa­myn­da me­de­ni­ýet hal­kyň mil­li aňy­ýe­ti­ni ke­ma­la ge­tir­ýän esa­sy gur­şaw bo­lup­dy we şeý­le bol­ma­gyn­da-da gal­ýar. Onuň bin­ýa­dy­ny bi­ziň jem­gy­ýe­ti­mi­zi je­bis­leş­dir­ýän yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri düz­ýär hem-de me­de­ni-ru­hy dur­mu­şy baý­laş­dy­ryp, äh­lu­mu­my gat­na­şyk­la­ryň ke­ma­la gel­me­gi­ne we ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär.
22-nji iýun­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň “Now­ruz ýaý­la­sy­nyň ak öýi” bi­na­syn­da Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li çä­re her ýyl ýur­du­my­zyň dür­li se­bit­le­rin­de gu­ral­ýar hem-de mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň aý­dyň we köp öwüş­gin­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny äş­gär ed­ýär, adam­la­ryň ýur­du­my­zyň me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry bi­len ta­nyş­ma­gy­na, tä­ze ze­hin­le­riň ýü­ze çy­ka­ryl­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär.
Şu ge­zek­ki Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” şy­ga­ry­na bes­len­ýär. Türk­me­nis­tan ata-ba­ba­la­ry­my­zyň baý ru­hy mi­ra­sy­ny go­rap sak­la­mak we baý­laş­dyr­mak bi­len, umu­ma­dam­zat si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň ha­zy­na­sy­na uly go­şant goş­ýar.
Ýur­du­my­zyň beý­le­ki se­bit­le­rin­de bol­şy ýa­ly, Ahal we­la­ýa­ty­nyň çäk­le­rin­de hem Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ru­nyň mö­hüm dü­züm­le­ri bo­lan köp san­ly ýa­dy­gär­lik­ler ýer­leş­ýär, mu­zeý­ler­de bol­sa, türk­men hal­ky­nyň ga­dy­my ta­ry­hy­nyň we me­de­ni­ýe­ti­niň, eder­men­li­gi­niň hem-de gah­ry­man­çy­ly­gy­nyň gym­mat­ly su­but­na­ma­la­ry sak­la­nyl­ýar.
Hep­de­li­giň ikin­ji gü­nü­niň mak­sat­na­ma­sy be­ýik türk­men şa­hy­ry – akyl­dar Mag­tym­gu­ly Py­ra­ga ba­gyş­lan­dy. Me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri, sun­gat us­sat­la­ry, ylym we bi­lim iş­gär­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Mag­tym­gu­ly et­ra­byn­da ýer­leş­ýän mu­ze­ýe ba­ryp gör­dü­ler, ol ýer­de “Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy – ýü­rek­le­riň buý­san­jy” at­ly du­şu­şyk ge­çi­ril­di, şeý­le hem şa­hy­ryň Ger­kez oba­syn­da­ky ýa­dy­gär­li­gi­ne gül des­se­le­ri­ni goý­du­lar.
Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ne gat­na­şy­jy­lar Ahal we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän Pa­ryz­de­pe we beý­le­ki ta­ry­hy ýa­dy­gär­li­kle­re ba­ryp gör­dü­ler.
Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ Ahal we­la­ýa­ty­nyň dür­li kün­jek­le­rin­de gu­ra­lan gy­zyk­ly wa­ka­la­ra baý bol­dy. “Gök­de­pe” mil­li mu­ze­ýin­de “Be­ýik Ýü­pek ýo­ly we mu­zeý gym­mat­lyk­la­ry­nyň ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti” at­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di, Gök­de­pe et­ra­by­nyň Yz­gant şä­her­çe­sin­de “Şir­wan per­dä­niň owaz­la­ry” ady bi­len çä­re ge­çi­ril­di. On­da bag­şy­lar öz us­sat­lyk­la­ry­ny gör­kez­di­ler.
Dö­re­di­ji­lik fo­ru­my­nyň çäk­le­rin­de Bal­kan hem-de Da­şo­guz we­la­ýat­la­ry­nyň me­de­ni­ýet we sun­gat us­sat­la­ry­nyň kon­ser­ti bol­dy. Ahal we­la­ýa­ty­nyň do­lan­dy­ryş mer­ke­zi bo­lan Änew şä­he­ri­niň Me­de­ni­ýet öýü­niň öňün­dä­ki sah­na meý­dan­ça­syn­da halk we hä­zir­ki za­man aý­dym­la­ry­dyr saz­la­ry ýaň­lan­dy, joş­gun­ly tans­lar ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di.
Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň bä­şin­ji gü­nü­niň çäk­le­rin­de Ahal we­la­ýa­ty­nyň Änew şä­he­rin­de “Küşt de­pip, ga­zal aý­dyp…” at­ly kon­sert ge­çi­ril­di. Bu çä­rä­niň mak­sa­dy aý­dym we tans däp­le­ri­ni, ÝU­NES­KO-nyň adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni gym­mat­ly­gy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len küşt­dep­di­ni giň­den wa­gyz et­mek­den yba­rat bol­dy.
27-nji iýun­da ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi Ahal we­la­ýa­tyn­da, “Now­ruz ýaý­la­sy­nyň ak öýi” bi­na­syn­da ge­çi­ri­len jem­leý­ji çä­re­ler — uly baý­ram­çy­lyk kon­sert bi­len ut­gaş­dy. Baý­ram­çy­lyk kon­ser­ti­niň mak­sat­na­ma­sy türk­men hal­ky­ny tä­ze zäh­met ýe­ňiş­le­ri­ne, dö­re­di­ji­lik üs­tün­lik­le­ri­ne ruh­lan­dyr­ýan sun­ga­tyň be­ýik güý­jü­niň da­ba­ra­lan­ma­sy­ny has aý­dyň­ly­gy bi­len gör­kez­di.
Umu­man, sun­gat baý­ram­çy­ly­gyn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan çä­re­ler ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýe­ti­niň ýe­ten de­re­je­si­ni we ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri­ni be­ýan ed­ýän şan­ly wa­ka­la­ra baý bol­dy, aja­ýyp­ly­gy, ma­ny taý­dan baý­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­dy. Ol ýur­du­myz­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gy­nda hal­ky­my­zyň we Wa­ta­ny­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne al­nyp ba­ryl­ýan giň möç­ber­li iş­ler­de dö­re­di­ji­lik gat­na­şyk­la­ry­nyň mö­hüm orun eýe­le­ýän­di­gi­ni äş­gär et­di.