Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Yk­dy­sa­dy we Dur­muş Ge­ňe­şi­niň (EKO­SOS) ho­wan­dar­ly­gyn­da şu ýy­lyň 9-njy iýu­lyn­da ba­dal­ga alan dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­li sy­ýa­sy fo­ru­m 18-nji iýu­la çen­li do­wam eder.
– Hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi aç­ly­gyň hem-de ga­ryp­ly­gyň öňü­ni al­mak ug­run­da alyp bar­ýan gö­re­şin­de oňat ne­ti­je­ler ga­zan­ýar. 2030-njy ýyl üçin öň­de goý­lan dur­nuk­ly ösüş mak­sat­na­ma­la­ry­na ýet­mek üçin ýe­ne-de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek we des­sin he­re­ket et­mek ze­rur­dyr – diý­lip, BMG-niň Tä­ze­lik­ler saý­ty ha­bar ber­ýär.
BMG-niň Nýu-Ýork şä­he­rin­dä­ki ştab-kwar­ti­ra­syn­da ge­çi­ril­ýän fo­rum­da çy­kyş eden Baş sek­re­ta­ryň yk­dy­sa­dy we dur­muş me­se­le­le­ri bo­ýun­ça orun­ba­sa­ry Lýu Çžen­min 2030-njy ýy­la çen­li dur­nuk­ly ösüş mak­sat­na­ma­la­ry­na ýet­mek üçin ýe­ne-de 12 ýy­lyň ga­lan­dy­gy­ny ýat­la­dyp, öz­ge­riş­lik­le­riň göz öňün­de tu­tu­lan gün ter­ti­bi­niň mak­sat­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň müm­kin­di­gi­ni bel­le­di.
Dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­li sy­ýa­sy fo­ru­ma dün­ýä­niň en­çe­me ýur­dun­dan hö­kü­met we­kil­le­ri bi­len bir ha­tar­da hu­su­sy pu­da­gyň hem-de ra­ýat jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň we­kil­le­ri hem gat­naş­ýar. Fo­rum­da BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň her ýyl­ky be­ýa­na­ty esa­syn­da dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ýar. Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar dur­nuk­ly ösü­şiň 17 mak­sa­dy­na ýet­mek üçin has yg­ty­bar­ly we ne­ti­jeli ýo­ly bi­le­lik­de tap­mak ba­bat­da öza­ra pi­kir alyş­ma­lar ge­çi­r­ýär.
Gür­rüň adam­zat ösü­şi­niň 2015-2030-njy ýyl­la­ry öz içi­ne al­ýan döw­ri üçin “ýol kar­ta­sy­ny” dur­mu­şa ge­çir­mek ba­ra­da bar­ýar. BMG-niň Yk­dy­sa­dy we Dur­muş Ge­ňe­şi­niň (EKO­SOS) baş­ly­gy Ma­ri Ça­tar­do­wa­nyň aýt­ma­gy­na gö­rä, öň­de goý­lan mak­sat­la­ra ýet­mek üçin hö­kü­met­ler bi­len bir ha­tar­da ra­ýat jem­gy­ýet­le­ri, hu­su­sy pu­daklar, bi­lim we beý­le­ki jem­gy­ýet gat­lak­la­ry­nyň we­kil­le­ri bi­len ys­ny­şyk­ly gat­na­şyk­la­r al­nyp ba­ryl­ýar.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, go­laý­da Türk­me­nis­tan hem 2019 — 2021-nji ýyl­lar üçin EKO­SOS-yň ag­za­ly­gy­na saý­lan­dy. Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy hem-de onuň esa­sy gul­luk­la­ry we ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy stra­te­gik gat­na­şyk­lar esa­syn­da gu­rap, hä­zir­ki dö­wür­de BMG-niň 9 dü­zü­mi­niň ag­za­sy bo­lup dur­ýar we ola­ryň çäk­le­rin­de de­giş­li iş­le­ri ama­la aşyr­ýar.

Baýrammyrat ALTYÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mugallymy.