Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz sport äle­min­de haý­ran gal­dy­ry­jy üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýar. Ge­çen ýyl Aş­ga­bat­da ägirt uly sport baý­ram­çy­ly­gyna öw­rü­len Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry aja­ýyp üs­tün­lik­le­re bes­len­di. Şu ýy­lyň sent­ýab­ryn­da bol­sa, ýur­du­myz­da “Amul – Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si üs­tün­lik­li geç­di. In­di bol­sa türk­men paý­tag­ty ýe­ne-de Ýer şa­ry­nyň äh­li kün­jek­le­rin­den – Af­ri­ka­nyň, Ýew­ro­pa­nyň, Azi­ýa­nyň, Ame­ri­ka­nyň we Okea­ni­ýa­nyň döw­let­le­rin­den ge­len agyr at­le­ti­ka­çy­la­ryň iň güýç­lü­ler ady­ny al­mak ug­run­da gö­reş­jek iri sport ýa­ry­şy­ny ka­bul ed­ýär.
Türk­men paý­tag­tyn­da agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň da­ba­ra­ly açy­ly­şy bol­dy. Bu wa­ka Aş­ga­ba­dyň yk­rar edi­len hal­ka­ra sport mer­ke­zi­ne öw­rü­len­di­gi­niň, mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lan be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek bo­ýun­ça mak­sa­da­ ok­gun­ly stra­te­gi­ýa­nyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan giň gol­daw tap­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy bol­dy.
Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­ny ge­çir­me­giň öň ýa­nyn­da giň ge­rim­li, jo­gap­kär­li we top­lum­la­ýyn taý­ýar­lyk iş­le­ri­niň al­nyp bar­lan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çesin­de tür­gen­ler hem-de bu ab­raý­ly ýa­ryş­la­ryň gu­ral­ma­gy­na gat­naş­ýan­lar, myh­man­lar we jan­kö­ýer­ler üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­di. Ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de meý­le­tin­çi­le­riň 500-e go­la­ýy taý­ýar­la­nyl­dy. Çem­pio­na­ty giň­den be­ýan et­mek üçin äh­li çä­re­ler gö­rül­di, onuň türk­men, iň­lis we rus dil­le­rin­dä­ki web-saýty dö­re­dil­di. Mun­dan baş­ga-da, ýa­ryş ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar “EU­RO­NEWS” te­le­ýaý­ly­myn­da we 145 ýur­duň te­le­ýaý­lym­la­ry bo­ýun­ça ýaý­ra­dy­lar.
Paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­herçesiniň dü­zü­mi­ne gir­ýän Spor­tuň oýun gör­nüş­le­ri­niň top­lu­my çem­pio­na­tyň da­ba­ra­ly açy­ly­şy­nyň ge­çi­ril­ýän ýe­ri bol­dy. 15 müň orun­lyk ýa­pyk meý­dan­çada köp­san­ly to­ma­şa­çy­la­ryň ýyg­nan­ma­gyn­da ge­çi­ri­len da­ba­ra­da owa­dan sah­na­laş­dy­ry­lan ede­bi-saz­ly çy­kyş ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy.
To­ma­şa­nyň il­kin­ji pur­sat­la­ryn­da “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” atly ýurdumyzyň gadymy kerwen ýollaryny ug­ry wasp ed­ýän gör­nüş­ler gör­ke­zil­di. To­ma­şa­nyň “Pa­ra­hat­çy­lyk sa­zy, dost­luk, do­gan­lyk sa­zy” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan beý­le­ki bö­lü­min­de du­ta­ryň ja­dy­ly owazy Ýer şa­ry­nyň halk­la­ry­ny pa­ra­hat­çy­ly­ga, dost­lu­ga we do­gan­ly­ga ça­gyr­dy. Soň­ra to­ma­şa meý­da­nyn­da mil­li at es­bap­la­ry­na bes­le­nen Ak­han peý­da bol­dy. Ak­han çar­pa­ýa gal­mak bi­len, bu ugur­da ozal­ky re­kor­dy tä­ze­läp, 10 metr ara­ly­gy 4,19 se­kunt­da geç­mek bi­len Gin­ne­siň Re­kord­lar ki­ta­by­na gir­di. Bu to­ma­şa­da-da Ak­han tej­ri­be­li ça­pyk­su­wa­ryň ba­şar­nyk­ly erk et­me­gin­de ýyg­na­nan­la­ryň hem­me­sin­de haý­ran gal­dy­ry­jy tä­sir dö­re­dip, özü­niň aja­ýyp gö­zel­li­gi­ni, ýö­reý­şi­ni hem-de tä­sin ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­kez­di.
Türk­men hal­ky­nyň toý da­ba­ra­la­ry­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lan küşt­dep­di tan­sy to­ma­şa­çy­lar­da uly şat­lyk dö­ret­di. Meý­dan­ça­da­ky baý­ram­çy­lyk­da “Amul – Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne ba­gyş­la­nan bö­lüm­de Ga­ra­gu­muň al­tyn­sow reň­ki­ne bes­le­nen meý­dan­ça sport aw­to­mo­bi­li gir­di hem-de aý­la­wy ama­la aşyr­dy.
Tä­sin la­zer-yşyk­ly şow­hun teatr­laş­dy­ry­lan gör­nü­şiň iň gy­zyk­ly bö­le­gi bol­dy. Hä­zir­ki za­man mul­ti­me­dia en­jam­la­ry­nyň he­re­ke­te ge­ti­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de meý­dan­ça gö­ýä di­ýer­siň jan­la­nyp, onuň ýo­kar­syn­da bol­sa Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let Tug­ra­sy­nyň we Baý­da­gy­nyň, Ýer to­ga­la­gy­nyň, agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­na gat­naş­ýan döw­let­le­riň baý­dak­la­ry­nyň göw­rüm­li şe­kil­le­ri peý­da bol­ýar. Soň­ra meý­dan­ça­da bi­ri-bi­ri­niň or­nu­ny ça­lyş­mak bi­len spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri­niň owa­dan şe­kil­le­ri dö­re­ýär. Sport top­lu­my­nyň meý­dan­ça­syn­da de­mir ta­ýa­gyň we Aş­ga­bat­da ba­dal­ga al­ýan Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň ny­şa­ny­ny ala­mat­lan­dyr­ýan şe­kil gör­ke­zil­ýär.
La­zer­li-yşyk­ly şow­hun ta­mam­la­nan­dan soň­ra da­ba­ra elip­biý ter­ti­bin­de peý­da bol­ýan dün­ýä çem­pio­na­ty­na gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň baý­dak­la­ry­nyň meý­dan­ça­ getirilmegi bi­len do­wam et­di­ril­di. Dä­be gö­rä, bu öz­bo­luş­ly ýö­riş çem­pio­na­ty ka­bul ed­ýän ýur­duň — Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy bi­len jem­len­di.
Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­na gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren Gut­la­gy okal­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hem­me­le­ri dün­ýä­niň sport ta­ry­hyn­da­ky bu şan­ly wa­ka bi­len tüýs ýü­rek­den gut­lap, çem­pio­na­tyň örän ýo­ka­ry de­re­je­de we üs­tün­lik­li ge­çi­ril­jek­di­gi­ne, pa­ra­hat­çy­lyk we dost­luk, olim­pi­ýa tag­lym­la­ry­ny we ýö­rel­ge­le­ri­ni ro­waç­lan­dyr­ma­ga uly go­şant goş­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Gut­la­gy uly ru­hu­be­lent­lik bi­len diň­le­nil­di we şow­hun­ly el çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­lan­dy.
Soň­ra Hal­ka­ra agyr at­le­ti­ka fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti dok­tor To­maş Aýan çy­kyş et­di. Ol ýyg­na­nan­la­ra ýüz­le­nip, hem­me­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň gö­zel paý­tag­ty Aş­ga­bat şä­he­rin­de Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň — 2018-iň açy­lyş da­ba­ra­syn­da gör­ýän­di­gi­ne örän şat­dy­gy­ny bel­le­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bu dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň örän äh­mi­ýet­li bol­ma­gy­nyň bir­nä­çe se­bäp­le­ri bar. Şeý­le­lik­de, agyr at­le­ti­ka tür­gen­le­ri­niň dün­ýä bi­rin­ji­li­gi­niň ta­ry­hyn­da ýa­ryş­lar il­kin­ji ge­zek 20-sa­ny ag­ram de­re­je­sin­de ge­çi­ri­ler.
Hal­ka­ra agyr at­le­ti­ka fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň baş­tu­ta­ny bäs­le­şik­le­riň do­wa­myn­da köp san­ly tä­ze re­kord­la­ryň go­ýul­jak­dy­gy­na we ola­ryň ýa­ry­şyň ta­pa­wut­ly aý­ra­tyn­ly­gy bol­jak­dy­gy­na umyt bil­dir­di. Bu çem­pio­na­tyň gel­jek­de To­kio­da ge­çi­ril­jek Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­mak hu­ku­gy­ny ga­zan­ma­gyň ýo­lun­da il­kin­ji ädim bol­jak­dy­gy bel­le­nil­di. Şeý­le-de, bu ýa­ryş Aş­ga­bat şä­he­rin­de spor­tuň Olim­pi­ýa gör­nü­şi bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän il­kin­ji dün­ýä çem­pio­na­ty­dyr.
Aý­gyt­laý­jy pur­sat ge­lip ýe­tip, agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty açyk diý­lip yg­lan edil­di. Di­ňe bir ýur­du­my­zyň sun­gat us­sat­la­ry­nyň däl-de, äh­li gat­na­şy­jy­la­ryň uly ru­hu­be­lent­lik bi­len mil­li Li­de­ri­mi­ziň dö­re­den “Öňe, di­ňe öňe, jan Wa­ta­nym, Türk­me­nis­ta­n!’ aý­dy­my­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek­le­ri sport baý­ra­my­nyň aý­dyň jem­len­me­si bol­dy.
Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň açyl­ma­gy my­na­sy­bet­li Döw­let se­na­sy ýaň­la­nan pur­sa­tyn­da paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa sta­dio­ny­nyň güm­me­zi­ni be­ze­ýän ahal­te­ke be­de­winiň şe­ki­li­niň üs­tün­dä­ki ça­nak­da spor­tuň, pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dost­lu­gyň, Ga­raş­syz, hemişelik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra sport he­re­ke­ti­niň tag­lym­la­ry­na üýt­gew­siz yg­rar­ly­ly­gy­nyň ny­şa­ny hök­mün­de ýe­ne-de ala­wyň ýa­ky­lan­dy­gy hem be­ýik döw­rü­mi­ziň aja­ýyp ha­ky­ka­ty­dyr.