“For­bes” žur­na­ly ýy­lyň iň köp gir­de­ji ga­za­nan ze­nan aý­dym­çy­la­ry­nyň sa­na­wy­ny mä­lim et­di. Sa­naw­da 1-nji or­ny 34 ýa­şyn­da­ky Keý­ti Per­ri eýe­le­di. Ol soň­ky 12 aýyň do­wa­myn­da 83 mil­li­on dol­lar­lyk gir­de­ji ga­zan­dy. Onuň gir­de­ji­si­niň ag­ram­ly bö­le­gi “Wit­ness: The To­ur” at­ly kon­sert tu­ru­na de­giş­li­dir. Per­ri­den 3 mil­li­on dol­lar az ga­za­nan Teý­lor Swift 2-nji or­na my­na­syp bol­dy. Mah­mal owaz­ly aý­dym­çy­nyň 80 mil­li­on dol­lar­lyk gir­de­ji­si­niň esa­sy­ny “Re­pu­ta­ti­on” at­ly tä­ze al­bo­my hem-de “Re­pu­ta­ti­on Sta­di­um To­ur» at­ly kon­sert tur­la­ry düz­ýär. 60 mil­li­on dol­lar­lyk ga­zan­jy bi­len Be­ýon­se Now­les 3-nji bo­lup sa­na­wa ady­ny ýaz­dyr­dy. 52 mil­li­on dol­lar­lyk gir­de­ji­si bi­len Pin­kiň 4-nji bo­lan sa­na­wyn­da Leý­di Ga­ga 5-nji (50 mil­li­on $), Jen­ni­fer Lo­pez 6-njy (47 million $), Ri­han­na 7-nji (37,5 million $) ýe­ri eýe­le­di. He­len Fi­şer (32 million $), Se­li­ne Di­on (31 million $) hem-de Brit­ni Spirs (30 million $) il­kin­ji on­lu­ga gi­ren beý­le­ki aý­dym­çy­lar­dyr.