Şu ýy­lyň 28-nji no­ýab­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bi­len “Gazp­rom” açyk paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň baş­ly­gy Alek­seý Mil­le­riň ara­syn­da du­şu­şyk ge­çi­ril­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­myn­da dur­mu­şa ge­çir­ýän stra­te­gi­ýa­sy­ny na­za­ra al­mak bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy. Şol stra­te­gi­ýa pu­dak­la­ýyn dü­zü­mi top­lum­la­ýyn döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga we di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­ga, gaz çy­kar­ýan we gaý­ta­dan iş­le­ýän pu­da­gyň kuw­wat­lyk­la­ry­ny art­dyr­ma­ga, gaz hem-de ne­bit­hi­mi­ýa se­na­ga­ty­ny ös­dür­mä­ge we dün­ýä ba­za­ryn­da uly is­leg bil­di­ril­ýän bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­ri çy­kar­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, “Gazp­ro­myň” türk­men ga­zy­ny sa­tyn al­ma­gy bi­len bag­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Şun­da Türk­me­nis­ta­nyň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ara­syn­da gaz ul­ga­myn­da 2028-nji ýy­la çen­li hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da he­re­ket ed­ýän hö­kü­me­ta­ra yla­la­şy­gy bin­ýat­lyk res­mi­na­ma bo­lup dur­ýar, şo­nuň esa­syn­da ta­rap­lar de­giş­li iş­le­ri ge­çir­ýär­ler.
Gaz çy­kar­mak we ga­zy gaý­ta­dan iş­le­mek, “Or­ta Azi­ýa — Mer­kez” gaz ge­çi­ri­ji­si bo­ýun­ça gaz iber­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri gy­zyk­lan­ma bi­len ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Aý­ra­tyn bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň hem-de “Gazp­rom” açyk paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň hyz­mat­daş­lyk edip gel­ýän köp ýyl­la­ry­nyň do­wa­myn­da öza­ra gat­na­şyk­la­ryň baý tej­ri­be­si top­lan­dy, bu bol­sa, ýa­kyn gel­jek­de ze­rur bo­lar.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­du­myz­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi se­na­gat­laş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li öz­gert­me­ler, ok­gun­ly bar­ýan yl­my teh­no­lo­gi­ýa ösü­şi, şeý­le hem bar bo­lan kö­pu­gur­ly müm­kin­çi­lik­ler işe­wür gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mek hem-de şo­la­ra has dep­gin­li hä­si­ýe­ti ber­mek üçin amat­ly şert­le­ri dö­red­ýär.
* * *
27-nji no­ýabr­da bol­sa, mil­li Li­de­ri­miz bi­len “Bu­ri­ed Hill Ener­gy” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň baş ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Pi­ter Kal­lo­syň ara­syn­da du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Myh­man ýol­baş­çy­lyk ed­ýän kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ägirt uly ener­ge­ti­ka kuw­wa­ty­na eýe bo­lan Türk­me­nis­tan bi­len işe­wür gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga we gi­ňelt­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň esa­sy ug­ry bo­lan ne­bit­gaz top­lu­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak we hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek bo­ýun­ça giň möç­ber­li mak­sat­na­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­ýän­di­gi­ni nyg­tap, bu stra­te­gik ul­gam­da uly tej­ri­bä hem-de öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ra eýe bo­lan da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­na uzak möh­let­le­ýin hyz­mat­daş­lyk üçin açyk­dy­gy­ny bel­le­di.
Du­şu­şy­gyň çäk­le­rin­de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we myh­man öza­ra gat­na­şyk­la­ryň bi­le­lik­dä­ki işi­niň ne­ti­je­le­ri­ni hem-de gel­je­gi­ni, şol san­da Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gin­de ne­bit­gaz ýa­tak­la­ry­ny öz­leş­dir­mek ba­ra­da­ky me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, de­ňiz­ýa­ka döw­let­le­ri­niň dün­ýä­niň işe­wür bi­le­le­şi­gi bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy üçin tä­ze müm­kin­çi­li­gi açan Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da­ky Kon­wen­si­ýa­nyň äh­mi­ýe­ti bel­le­nil­di.
Ne­bi­tiň we ga­zyň ägirt uly gor­la­ry­na eýe bo­lan hem-de dün­ýä­niň bir­nä­çe ener­ge­ti­ka ýurt­la­ry­nyň ha­ta­ry­na gir­ýän Türk­me­nis­ta­nyň saz­la­şyk­ly yk­dy­sa­dy ösü­şi, şeý­le hem amat­ly ma­ýa go­ýum ýag­da­ýy – bu­la­ryň äh­li­si da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ne­ti­je­li iş­le­me­gi, dür­li ul­gam­lar­da iki ýur­duň iri, bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­me­gi üçin şert­le­ri dö­red­ýär di­ýip, Pi­ter Kal­los aýt­dy.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da myh­man hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mize işe­wür gep­le­şik­ler üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, “Bu­ri­ed Hill Ener­gy” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň dün­ýä­niň işe­wür­ler to­par­la­ry­nyň ara­syn­da uly ab­raý­dan peý­da­lan­ýan hem-de gel­je­gi uly hyz­mat­daş ha­sap­lan­ýan Türk­me­nis­tan bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ry et­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy.