“Li­te­ra­tur­na­ýa ga­ze­ta” Rus­si­ýa­nyň hep­de­lik jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy ne­şi­ri­dir. Ga­zet rus ýa­zy­jy­sy Mak­sim Gor­ki­niň baş­lan­gy­jy bi­len, 1929-njy ýy­lyň 22-nji ap­re­lin­de ne­şir edi­lip baş­lan­ýar. 1942-nji ýy­lyň ýan­wa­ryn­dan “So­wets­ko­ýe is­kusst­wo” ga­ze­ti bi­len bir­leş­di­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, “Li­te­ra­tu­ra i is­kusst­wo” ady bi­len çy­kyp baş­la­ýar. 1944-nji ýy­lyň no­ýab­ryn­da bol­sa, ozal­ky ady gaý­ta­ry­lyp be­ril­ýär. Ol 1947-nji ýyl­dan baş­lap, ede­bi we jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy ga­ze­te öw­rül­ýär. Ne­şi­riň dö­wür­le­ýin­li­gi we möç­be­ri üýt­ge­dil­ýär.
1967-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan ga­zet 16 sa­hy­pa bo­lup, hep­de-de bir ge­zek çy­kyp baş­la­ýar. Ga­zet ede­bi­ýat, sun­gat, sy­ýa­sat, jem­gy­ýet, ah­lak, hu­kuk, ylym, dur­muş we baş­ga-da gy­zyk­ly mow­zuk­la­ry öz içi­ne al­ýar. Onuň sa­hy­pa­la­ryn­da ozal­ky So­ýu­zyň iň bel­li ýa­zy­jy­la­ry we köp san­ly da­şa­ry ýurtly ýa­zy­jy­la­r çy­kyş ed­ýär.
1970-nji ýyl­da ga­ze­tiň re­dak­si­ýa­sy “Al­tyn gö­le” at­ly ýyl­lyk baý­ra­gy esas­lan­dy­ryp, ony “12 otur­gyç” rub­ri­ka­sy­nyň as­tyn­da iň go­wy gül­kü­li eser­le­ri ýa­zan­la­ra gow­şur­ýar. “Li­te­ra­tur­na­ýa ga­ze­ta” 1990-njy ýyl­da ga­raş­syz ne­şir bol­ýar. Ga­ze­tiň lo­go­ti­pin­den M. Gor­ki­niň pro­fi­li aý­ryl­ýar we ga­zet XIX asy­ryň “Ede­bi­ýat ga­ze­ti­ne” de­ňelip, onuň esas­lan­dy­ry­lan wag­ty­ 1830-njy ýyl di­ýlip, ha­sap­lanyp baş­la­nýar.
Ga­ze­tiň lo­go­ti­pin­de 1990-njy ýy­la çen­li Puş­ki­niň we Gor­ki­niň pro­fi­li bar­dy, 1990-njy ýyl­dan soň di­ňe Puş­ki­niň­ki galdyryl­ýar, ýöne 2004-nji ýyl­da, Mak­sim Gor­ki­niň pro­fi­li hem gaý­ta­dan go­ýulýar. Ga­zet 2012-nji ýy­lda “Watana we söze wepadarlyk” atly her ýylda berilýän mil­li rus baý­ra­gyny esaslandyrýar. Bu baýrak XIX asyrda gazeti ilkinji esaslandyran Anton Delwigiň hormatyna döredilip, «Altyn Delwig» diýlip hem atlandyrylýar.