“Micro­soft”-yň esas­lan­dy­ry­jy­sy Bill Geýts öz saý­tyn­da 2018-nji ýyl­da göw­nün­den tu­ran bäş sa­ny ki­ta­by mä­lim et­di. Bu reý­ting­de çe­per eser­ler ýok. Geýts, il­kin­ji no­bat­da, öz dur­mu­şy ba­ra­da gür­rüň ber­ýän ta­ryh­çy Ta­ra Wes­to­we­riň “Bi­lim” (“Educated”) at­ly ýat­la­ma­lar ki­ta­by­ny oka­ma­gy mas­la­hat ber­ýär. Bu ki­tap­da ame­ri­kan ze­na­nynyň ene-ata­sy­nyň ynanç-yg­ty­kat­la­ry­na ga­ra­maz­dan, Kemb­rij uni­wer­si­te­tin­de fi­lo­so­fi­ýa­dan bi­lim al­şy ba­ra­da gy­zyk­ly gür­rüň­le­r beril­ýär.
Sanawyň ikin­ji ornun­da Po­l Şer­re­niň “Hiç ki­miň ýy­gy­ny däl” (“Ar­my Of No­ne”) ese­ri bar. Şeý­le hem ol žur­na­list Jon Kar­reý­ru­nyň “Er­bet hun” (“Bad Blood”) at­ly ese­ri­ni oka­ma­gy ün­de­ýär. Ki­tap “The­ra­nos” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy, ame­ri­kan işe­wü­ri Eli­za­bet Holm­sa ba­gyş­lan­ýar.
Geýt­siň sa­na­wy­nyň üçün­ji or­nun­da Ýu­wal­ No­ý Ha­ra­ri­niň “XXI asyr üçin 21 sa­pak” (“21 Les­sons For The 21st Cen­tu­ry”) at­ly ki­ta­by bolup, bu ki­ta­byň hä­zir­ki za­man dün­ýä­si­niň gur­lu­şyn­dan kämil baş çy­kar­ma­ga ýar­dam ber­jek­di­gi­ aýdyla­ýar. Bill Geýt­siň göw­nün­den tu­ran eser­le­ri­ň ara­syn­da En­di Pud­di­kom­byň “Me­di­ta­si­ýa we akyl ýe­tir­mek­de ýol gör­ke­zi­ji” (“The Heads­pace Gui­de To Me­di­ta­ti­on And Mind­ful­ness”) at­ly ki­ta­by bä­şin­ji or­ny eýe­le­ýär. Aw­tor özü­niň bu ki­ta­byn­da ýag­şy di­leg­de bol­ma­gyň sy­ry ba­ra­da oňat pi­kir­le­ri or­ta at­ýar.