Kos­mos pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan “SpaceX” kom­pa­ni­ýa­sy tä­ze sy­na­gy ama­la aşyr­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň uçu­ran “Crew Dra­gon” at­ly kap­su­la­sy Hal­ka­ra kos­mos be­ke­di­ne ba­ryp ýet­di. “Falcon 9” ra­ke­ta­sy bi­len uçu­ry­lan gä­mi kos­mos gi­ňiş­li­gi­ne adam­ly gat­naw­lar üçin edil­ýän il­kin­ji ne­ti­je­li iş bol­dy. Ra­ke­ta­la­ry gaý­ta­dan ulan­mak üçin hem aý­ra­tyn mak­sat­na­ma­sy bo­lan “SpaceX” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň “Falcon 9” ra­ke­ta­sy kap­su­la­ny bel­li be­lent­li­ge çy­ka­ran­dan soň­ra, um­man­da bel­le­nen ýe­re dik­li­gi­ne gon­ma­gy hem ba­şar­dy. Adam­ly gä­mi­le­re ni­ýet­le­nen “Crew Dra­gon” bi­len 181 kg ýük hem-de ma­ni­ken ibe­ril­di. Kap­su­la ol ýer­den adam­la­ry yzy­na ge­ti­rip hem bil­ýär. Bu kap­su­la­ny edil “Falcon 9” ra­ke­ta­la­ry ýa­ly gaý­ta­dan ula­nyp bo­lar. “Crew Dra­gon”-lar köp wagt­dan bä­ri kos­mos be­ke­di­ne ýük iber­mek üçin peý­da­la­nyl­ýar­. Tä­ze uçu­ry­lan kap­su­la bol­sa, onuň adam gat­nat­ma­ga ni­ýet­le­nen gör­nü­şi­dir. Kap­su­la beý­le­ki sy­nag­la­ry hem üs­tün­lik­li ta­mam­la­nan ýag­da­ýyn­da iýul aýyn­da 2 kos­mo­naw­ty Hal­ka­ra kos­mos be­ke­di­ne äki­der. Şeý­le hem “Boeing” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň “Star­li­ner” at­ly gä­mi­si­niň in­di­ki aý sy­nag­dan ge­çi­ril­jek­di­gi, aw­gust­da bol­sa, adam­ly gat­naw­la­ra baş­la­jak­dy­gy aý­dyl­ýar.
Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, NA­SA bir­nä­çe ýyl mun­dan öň ame­ri­kan ast­ro­nawt­la­ry­ny Ha­lka­ra kos­mos be­ke­di­ne gat­nat­mak üçin hu­su­sy şe­re­ket­ler bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la go­ýup­dy. 2011-nji ýyl­dan bä­ri “Discovery”, “En­deavour” we “At­lan­tis” at­ly kos­mos gä­mi­le­ri­niň ula­nyş­dan aý­ryl­ma­gy bi­len ame­ri­kan ast­ro­nawt­la­ry Rus­si­ýa­nyň «Soyuz» ra­ke­ta­la­ry bi­len uçu­ryl­ýar. Hal­ka­ra kos­mos be­ke­di ABŞ-nyň NA­SA (Mil­li ae­ro­naw­ti­ka we kos­mos ad­mi­nist­ra­si­ýa­sy), Rus­si­ýa­nyň Kos­mos iş­le­ri bo­ýun­ça döw­let kor­po­ra­si­ýa­sy («Ros­kos­mos”), Ýa­pon kos­mos bar­lag­la­ry agent­li­gi (JAXA), Ýew­ro­pa Kos­mos Agent­li­gi (ESA) we Ka­na­da Kos­mos Agent­li­gi­niň (CSA) bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­sy bo­lup, Ýer­den 400 km tö­we­re­gi uzak­lyk­da aý­lan­ýan be­ket­de he­mi­şe 6 kos­mo­nawt iş­le­ýär.