Ynam

XIX asy­ryň 80-nji ýyl­la­ryn­da ABŞ-nyň Mi­çi­gan şta­ty­nyň Det­roýt şä­he­rin­dä­ki elekt­rik kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bi­rin­de ýaş me­ha­nik hep­de­si­ne 11 dol­la­ra iş­läp­dir. Ol gün­de 10 sa­gat zäh­met çek­ýär. Ol öýe ge­len­soň hem ussahanasynda için­den ot­lan­ýan he­re­ket­len­di­ri­ji­niň tä­ze gör­nü­şi­ni oý­lap tap­mak mak­sa­dy bi­len, gi­jäň bir­wag­ty­na çen­li iş­läp­dir. Onuň fer­mer ka­ka­sy og­lu­nyň wag­ty­ny bi­de­rek ge­çir­ýän­di­gi­ne gy­na­nyp­dyr. Goň­şu­la­ry ony aky­lyn­dan aza­şan­dyr öý­düp­dir­ler. Hem­me­ler onuň üs­tün­den gü­lüp­dir, on­dan bir zat­lar çyk­jak­dy­gy­na ynam­la­ry az bo­lup­dyr.
Oňa aýa­lyn­dan baş­ga yna­nan ta­pyl­man­dyr. Aýa­ly oňa gi­je­le­ri­ne ussahanada iş­le­ýär­kä kö­mek edip­dir. Gy­şy­na ir iň­rik ga­ra­lyp­dyr, ol gi­je­le­ri­ne onuň iş­läp düz­ýän he­re­ket­len­di­ri­ji­si­niň üs­tü­ne ke­ro­sin çy­ra tu­tup du­rup­dyr. Onuň so­wuk­dan ýa­ňa el­le­ri gö­ge­rip, diş­le­ri şa­kyr­dap­dyr. Ýö­ne ol onuň şeý­le he­re­ket­len­di­ri­ji­ni iş­läp düz­jek­di­gi­ne berk yna­nyp­dyr hem-de oňa «Be­liever» ýag­ny “Ynan­ýan” di­ýip at go­ýup­dyr.
Sur­nuk­dy­ry­jy üç ýyl­lyk zäh­met­den soň­ra, kö­ne ker­piç­den gur­lan ussahanada olar ahyr so­ňy mak­sat­la­ry­na ýe­tip­dir­ler. Bu wa­ka 1893-nji ýyl­da oý­lap ta­py­jy he­niz 30 hem ýa­şa­man­ka bo­lup ge­çip­dir.
Bir ge­zek goň­şu­la­ry ussahanadan çyk­ýan üýt­ge­şik tar­ryl­dy­ny eşi­dip­dir­ler. Pen­ji­re­le­ri­ne ta­rap yl­gap ba­ran goň­şu­la­ry, Gen­ri For­duň we aýa­ly­nyň öz-özün­den he­re­ket ed­ýän ara­ba­da aý­la­nyp ýö­ren­dik­le­ri­ni gö­rüp, haý­ran ga­lyp­dyr­lar. Olar aňyr­ly­gy­na tut­du­ryp, so­ňam yz­la­ry­na – ussahana ba­kan ýö­ne­lip­dir­ler. Şeý­le­lik­de, mo­tor he­re­ke­te ge­lip­dir.
Şol gi­je ABŞ-da öň­de­ba­ry­jy tä­ze se­na­gat – aw­tou­lag se­na­ga­ty dö­re­di­lýär. Eger-de Gen­ri Ford aw­tou­lag gur­lu­şy­gy­nyň ata­sy diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bol­sa, on­da ha­nym For­duň hem bu se­na­ga­tyň ene­si­di­gi­ne şüb­he ýok­dur.
Gar­ran çag­la­ry Gen­ri Ford­dan “Dün­ýä tä­ze­den in­se­ňiz kim bol­mak is­lär­di­ňiz?” di­ýip so­ran­la­ryn­da, “Ma­ňa ta­pa­wu­dy ýok, iň esa­sy zat aýa­lym ýa­nym­da bol­sa bol­ýar” di­ýip jo­gap be­rip­dir. Ol öm­rü­niň ahy­ry­na çen­li aýa­ly­nyň ady­ny «Be­liever» (“Ynan­ýan”) di­ýip tu­tup­dyr.
Ha­çan-da iş­ler on­çak­ly şo­wu­na bol­ma­ýan ha­la­tyn­da, her bir er­kek ki­şi­niň ýa­nyn­da hut şeý­le ze­na­nyň bol­ma­gy ze­rur­dyr. Ha­çan-da äh­li zat bu­la­şyp, hiç zat ba­şa bar­man dur­ka, er­kek ki­şi­niň yna­my­na golt­gy ber­mä­ge, onuň yna­my­ny hiç bir güý­jüň syn­dy­ryp bil­me­jek­di­gi­ni dü­şün­dir­ýän oňat ze­nan ge­rek­dir. Eger-de aýa­ly oňa ynan­ma­sa, on­da oňa kim yna­nar!

Bä­gül
Ame­ri­kan de­ňiz­çi­si ýat bir gy­z­dan hat al­ýar. Olar üç ýyl­lap hat­ alyş­ýar­lar. De­ňiz­çi onuň hat­la­ry­ny okan­soň, yzy­gi­der­li jo­gap ýa­zyp, şon­suz ýa­şap bil­me­jek­di­gi­ne göz ýe­tir­ýär. Olar öz­le­ri bil­mez­den bir-bi­ri­ne kö­ňül ber­ýär­ler. Ýi­git gul­lu­k bor­ju­ny ta­mam­lan­dan soň­ra, olar jaň­la­şyp, de­ňiz men­zi­lin­de daň­dan sa­gat al­ty­da gö­rüş­me­li di­ýen ka­ra­ra gel­ýär­ler. Ol elin­de bä­gül bol­jak­dy­gy­ny aýd­ýar. De­ňiz­çi gyz bi­len su­rat alyş­man­ly­gy üçin onuň göw­nün­den tu­rup tur­ma­jak­dy­gy ba­ra­da ala­da­la­nyp ug­ra­ýar.
Ol sa­gat al­ty bo­lup bar­ýar­ka de­ňiz men­zi­li­ne ge­len­de, eý­ýäm oňa eli bä­gül­li alt­myş ýaş­la­ryn­da­ky bir ze­na­nyň ga­ra­şyp du­ran­dy­gy­ny gö­rüp, al­la­ni­çik­si bol­ýar. De­ňiz­çi bir­ba­da yzy­na öw­rü­lip gi­di­ber­mek­çi hem bol­ýar, ýö­ne onuň beý­le ädim ät­me­gi­ne alan ter­bi­ýe­si rug­sat ber­me­ýär. Çün­ki bu ze­nan gul­luk ed­ýän wag­ty he­mi­şe oňa hat ýa­zyp, sow­gat hem ug­ra­dyp­dy ahy­ryn. “Ýok, bu ze­nan beý­dil­mä­ge as­la my­na­syp däl” di­ýip, ol öz ýa­nyn­dan pi­kir öwür­ýär. De­ňiz­çi oňa go­laý ba­ryp, özü­ni ta­nad­ýar. Ýö­ne gar­ta­şan ze­nan onuň ýal­ňy­şan­dy­gy­ny aý­dyp, ga­raş­ýa­ny­nyň ar­ka­syn­da du­ran­dy­gy­ny aýd­ýar. Ýi­git yzy­na öw­rü­lip se­ret­se, göz­le­ri­ni bal­kyl­da­dyp du­ran özi bi­len deň-duş gör­me­geý gy­za gö­zi dü­şýär.
Gar­ry ze­nan oňa gy­zyň özün­den eli gül­li ga­raş­ma­gy­ny ha­ýyş eden­di­gi­ni, eger-de de­ňiz­çi­niň yzy­na öw­rü­lip gi­den ha­la­tyn­da, äh­li za­dyň şol ba­da gu­tar­jak­dy­gy­ny, ýö­ne ýa­ny­na ge­lip, özü­ni ta­nat­sa, ha­ky­ky magşugyny gör­kez­me­gi­ni ha­ýyş eden­di­gi­ni aý­dyp­dyr.

Ýolbarsyň jogaby

Bir gün ýol­bars gü­nor­ta ça­gy aw­lan awun­dan gerk-gä­be do­ýan­dan soň­ra, da­rag­tyň goý­ry sa­ýa­syn­da süý­nüp ýa­ty­ber­ýär. Ys­sy ho­wa­da ýol­bar­syň ýa­ny­na seň­kil­däp bir şa­gal gel­ýär. Ol dynç alyp ýa­tan ýol­bar­sa ga­rap, ýaý­dan­jaň­lyk bi­len şeý­le diý­ýär:
– Ýol­bars, gel bi­raz çe­ke­le­şe­li!
Ýö­ne ýol­bars se­si­ni çy­kar­man oňa­ýyp­dyr.
Şa­gal ga­ty­dan gür­läp ug­rap­dyr:
– Ýol­bars, gel ur­şa­ly! Aly­nyň ala meý­da­nyn­da dar­kaş gu­ra­ly. Sen meň gar­şy­ma çyk.
Ýol­bars oňa ün­sem ber­män­dir. Şon­dan soň şa­gal has-da do­gum­la­nyp, se­si­ne bat be­rip, haý­bat atyp ug­rap­dyr.
– Gel, ur­şa­ly! Ýog­sam, men ýol­bar­syň men­den ga­ty gor­kan­dy­gy­ny to­ka­ýa jar ede­rin.
Ýol­bars pal­lap, ýal­ta­lyk bi­len ge­ri­nip­dir-de, şeý­le di­ýip­dir:
– Eý­sem, kim sa­ňa yna­nar?! Pi­kir edip gör. Ýog­sa-da, kim­dir bi­ri­niň me­ni haý­sy­dyr bir şa­gal bi­len ur­şan­ly­gym üçin ýig­re­ne­nin­den, gor­kak­ly­gym üçin ýaz­ga­ra­ny ýag­şy­dyr.

Iki gar toz­ga­jy­gy

Gar ýa­gýardy.Ho­wa ýel­siz­di, my­my­jak gar­lar tow­lan­jy­rap, ha­ýal­lyk bi­len ýe­re go­laý­lap gel­ýär­di­ler. Bi­ri-bi­ri­ne go­laý­rak gel­ýän iki gar toz­ga­jy­gy öz ara­la­ryn­da gür­rüň et­mä­ge baş­lap­dyr­lar. Olar azaş­mak­dan gor­kup, bi­ri-bi­rin­den ýa­py­şyp­dyr­lar. Ola­ryň bi­ri şa­dy­ýan­lyk bi­len şeý­le diý­ýär:
– Uçuş­dan lez­zet al­mak ne­neň­si aja­ýyp!
– Biz uça­my­zok-da aşak düş­ýä­ris – di­ýip, ikin­ji­si gaý­gy­ly hal­da dil­len­ýär.
– Ba­hym biz ýer bi­len du­şu­şyp, ap-ak my­my­jak ör­tü­ge öw­rü­le­ris.
– Ýok, biz he­läk­çi­li­ge uç­ra­ýa­rys, ýer­de bi­ziň üs­tü­miz­den de­pe­läp ge­çer­ler.
– Biz çeş­me bo­lup, de­ňi­ze sa­ry ýü­w­re­ris-de, ba­ky ýa­şa­rys – di­ýip, bi­rin­ji gar toz­ga­sy ses­len­ýär.
– Ýok biz eräp, he­mi­şe­lik ýok bo­lup gi­de­ris – di­ýip, ikin­ji­si gar­şy çyk­ýar.
Ahyr­so­ňy da­wa ola­ryň ýü­re­gi­ne düş­ýär. Olar bir-bi­ri­niň el­le­ri­ni syp­dy­ryp goý­ber­ýär­ler. Şeý­le­lik­de, ola­ryň her bi­ri öz saý­lan ýo­ly bi­len ga­ýyp gid­ýär.

Gym­mat­ly wagt

Og­lan­jyk gar­ta­şan goň­şu­sy­nyň öýü­ne ba­ryp, hä­li-şin­di onuň ha­lyn­dan ha­bar alyp du­rup­dyr, ge­rek ha­la­tyn­da, öýü­niň iş­le­ri­ne kö­mek edip­dir. Ýyl­lar ge­çip­dir, ýaň­ky og­lan­jyk ula­lyp, ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­ne gi­rip­dir, soň hem işe du­rup, öý­le­nip, şah­sy dur­mu­şy­na güm­ra bo­lup ga­ly­be­rip­dir. Has dog­ru­sy, onuň geç­mi­şi ýat­la­ma­ga, ýa­kyn­la­ry­na ba­ryp gaýt­ma­ga wag­ty hem bol­man­dyr. Bir gün ol go­ja­nyň dün­ýä­si­ni tä­ze­län­di­gi­ni eşi­dip­dir. Bir­den hem onuň ýa­dy­na go­ja­nyň özü­ne be­ren öwüt-ün­dew­le­ri dü­şüp­dir. Ol özü­ni ýa­zyk­ly sa­ýyp, ony soň­ky ýo­lu­na ug­­rat­ma­ga gys­sa­nyp­dyr.
Go­ja­ny jaý­lan­la­ryn­dan soň, şol gi­je ýi­git mer­hu­myň bo­şap ga­lan iş ota­gy­na gi­rip­dir. Çün­ki ol bu otag­da go­ja­dan köp de­ger­li mas­la­hat­la­ry alyp­dy. Äh­li zat köp ýyl mun­dan ozal­ky­sy ýa­ly du­ran-du­ran ýe­rin­de ga­lan eken. Ýö­ne nä­me üçin­dir sto­luň üs­tün­dä­ki go­ja­nyň öz aý­dy­şy ýa­ly için­de has gym­mat zat sak­lan­ýan al­tyn gutujygy gü­rüm-jü­rüm edi­lip­dir. “Bu onuň ýa­kyn ga­ryn­daş­la­ry­nyň bi­ri­ne da­gy ge­rek bo­laý­dy­my­ka?” di­ýen ýa­ly pi­kir­ler onuň kel­le­sin­den at sa­lyp ge­çip­dir.
Em­ma ol yzy­na do­la­nan­dan iki hep­de­den soň, po­syl­ka alyp­dyr. Onuň ýü­zün­dä­ki mer­hum goň­şu­sy­nyň sal­gy­sy­na gö­zi dü­şen ýi­git tis­gi­nip gi­dip­dir we ha­ýal et­män ony açyp gö­rüp­dir. Onuň için­de şol al­tyn gu­tu­jyk ýa­tan eken. Ýi­git gu­tu­jy­gy açan­da ýü­zü­nde “Me­niň bi­len ge­çi­ren wag­tyň üçin köp sag bol!” diý­lip ýa­zy­lan al­tyn jü­bi sa­ga­dy­na gö­zi dü­şüp­dir. Şon­da ol go­ja­nyň öz ki­çi­jik dos­ty bi­len ge­çi­ren wag­ty­nyň iň gym­mat­ly pur­sat­la­ry bo­lan­dy­gy­na göz ýe­ti­rip­dir. Ýi­git bu wa­ka­dan yb­rat alyp, şon­dan soň, ça­ga­la­ry üçin has köp wagt aýyr­ma­ga ta­gal­la edip­dir.

Güý­jüň çeş­me­si

Ru­hu­be­lent we mak­sa­da ok­gun­ly adam­dan “Ýo­lu­ňy do­wam et­dir­mek üçin ni­re­den güýç al­ýaň?” di­ýip, so­ran­la­ryn­da, ol mu­nuň öz giz­lin bäs­deş­le­rin­den gel­ýän­di­gi­ni aý­dyp­dyr. Olar on­dan nä­mä­ni göz öňün­de tut­ýan­dy­gy­ny we giz­lin bäs­deş­ler diý­ýän­le­ri­niň kim­ler­di­gi­ni dü­şün­dir­me­gi­ni so­ran­la­ryn­da, ol:
– Bi­ziň her bi­ri­miz öz aň as­ty­myz­da geç­miş­de haý­sy hem bol­sa, göw­nü­mi­ze de­gen adam­lar ba­ra­da­ky ýat­la­ma­la­ry sak­la­ýa­rys. Olar bi­zi sam­syk ha­sap­lap, kem­si­den deň-duş­la­ry­my­zyň ýa-da synp­daş­la­ry­my­zyň bi­ri bol­ma­gy hem ah­mal. Ýö­ne “Pä­li ýa­man­dan ary­ňy nä­dip al­ma­ly?” di­ýen ýa­ly ýat­la­ma­la­ry ýü­re­giň­de gö­ter­mek ýa-da şol hak­da gaý­ta-gaý­ta pi­kir edip ýör­mek­lik akyl­ly ada­myň et­jek işi däl. Ol bi­zi di­ňe güýç­den ga­çy­rar. Ýö­ne her ni­çik­de bol­sa, şol adam­lar ge­çen dur­muş ýo­lu­my­zyň bir par­ça­sy bol­ma­gyn­da gal­ýar.
Ru­hu­be­lent we mak­sa­da ok­gun­ly adam di­ňe özü­ni kä­mil­leş­dir­mek we ös­dür­mek bi­len meş­gul­dyr. Şon­da ahyr­so­ňy onuň ýag­şy işi, zäh­met­sö­ýer­li­gi we berk er­ki hem­mä aýan bo­lup, geç­miş­de zy­ýan ýe­ti­re­niň hem gu­la­gy­na ba­ryp ýe­ter. Ru­hu­be­lent ada­myň güý­jü­niň çeş­me­si – düýn­ki dert-agy­ry­la­ry­dyr.

Ter­ji­me eden
Ýe­gen­mäm­met Taý­ly­ýew.
Za­man-Türk­me­nis­tan.