10-njy ap­rel­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ahal we­la­ýa­ty­nyň do­lan­dy­ryş mer­ke­zi­niň — tä­ze şä­he­riň düý­bü­ni tut­mak da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy. Tä­ze mer­kez Gök­de­pe et­ra­by­nyň çä­gin­de bi­na edi­ler. Bu wa­ka mil­li Li­de­ri­mi­ziň dur­muş-yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­me­giň ýo­lun­da­ky mö­hüm ädi­me öw­rül­di. Onuň esa­sy ug­ry hal­ky­my­zyň amat­ly ýa­şaý­şy üçin aň­ry­baş şert­le­riň dö­re­dil­me­gi bo­lup dur­ýar. Şä­her­gur­lu­şyk tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek se­bit­le­ri top­lum­la­ýyn ýag­daý­da se­na­gat­laş­dyr­mak, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi we hu­su­sy pu­da­gy kö­pu­gur­ly esas­da ös­dür­mek bo­ýun­ça we­zi­pe­le­riň oňyn çöz­gü­di­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Mu­nuň özi mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ne, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­lyk de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär.
…Da­ba­ra­nyň geç­ýän ýe­ri baý­ram­çy­ly­ga mah­sus be­zel­di. Bu ýer­de ak öý­ler dikilip, türk­men toý­la­ry­na mah­sus des­sur­lar, şol san­da toý däp­le­ri, mil­li oýun­lar, se­net­kär­lik eser­le­ri gör­ke­zil­di. Ýur­du­my­zyň dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň gör­kez­me çy­kyş­la­ry­nyň ara­syn­da äpet ha­ly do­ka­ýan kyrk gy­zyň hü­nä­rini açyp gör­kez­ýän çy­kyşy has-da tä­sir­li bol­dy.
Da­ba­ra gat­na­şan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ýer­de gu­ra­lan da­ba­ra öz­bo­luş­ly öwüş­gin ça­ýan me­de­ni­ýet we sun­gat us­sat­la­ry­nyň aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ry­na to­ma­şa et­di. Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ahal we­la­ýa­ty­nyň hä­zir­ki za­man do­lan­dy­ryş mer­ke­zi­niň düý­bü­ni tut­mak my­na­sy­bet­li da­ba­ra­nyň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne bar­dy. Mil­li Li­de­ri­miz bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ryň öňün­de çy­kyş edip, şu gün­ki wa­ka­nyň örän uly äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny bel­le­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň aý­dy­şy ýa­ly, şu gün ägirt uly tas­la­ma­nyň — tu­tuş şä­he­riň gur­lu­şy­gy­nyň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne ba­dal­ga be­ril­ýär. Şu­nuň ýa­ly giň möç­ber­li tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak, pug­ta yk­dy­sa­dy bin­ýa­dy we örän uly ösüş ugur­la­ry bo­lan ýur­da ba­şard­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sö­zü­ni do­wam et­di.
Bu mer­ke­ziň gur­lu­şy­gy­na öz­gert­me­le­riň ge­çi­ril­ýän ýyl­la­ryn­da top­la­nan şä­her­gur­lu­şyk tej­ri­be­le­ri­ne esas­la­nyp baş­la­ýan­dy­gy­ny bel­läp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň öz­le­ri­ne yna­ny­lan mö­hüm gur­lu­şyk tas­la­ma­la­ry­ny ynam­ly dur­mu­şa ge­çir­ýän­dik­le­ri­ni aýt­dy.
Türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak, ýa­şa­ýyş-dur­muş üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­ny yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­mek me­se­le­le­ri he­mi­şe aý­ra­tyn üns mer­ke­zin­de sak­lan­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di. Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň se­na­gat taý­dan güýç­li dep­gin­ler bi­len ös­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­ri­ni bir­leş­dir­ýän tä­ze ulag ýol­la­ry gu­rul­ýar. Aş­ga­bat — Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­di. Şeý­le hem Aş­ga­bat — Türk­men­ba­şy ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy do­wam et­di­ril­ýär.
Bu ýol­lar Ahal we­la­ýa­ty­nyň çäk­le­rin­de bir­le­şip, ýur­du­my­zyň gün­do­ga­ryn­da we gün­ba­ta­ryn­da ýer­le­şen iki çet­ki se­bi­ti öza­ra bag­la­nyş­dy­rar. Bu hal­ka­ra äh­mi­ýet­li aw­to­mo­bil ýol­la­ry Aş­ga­bat-Da­şo­guz aw­to­mo­bil ýo­lu­na bir­le­şip, “Gün­do­gar-Gün­ba­tar” we “De­mir­ga­zyk-Gü­nor­ta” ugur­lar bo­ýun­ça goň­şy ýurt­la­ra çy­kal­ga­ny üp­jün edip, öz­bo­luş­ly çat­ry­gy eme­le ge­ti­rer di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy.

Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň gül­läp ösen dö­wür­le­rin­de uly ýol­la­ryň şeý­le çat­ryk­la­ry­na “ýe­di ýo­luň çat­ry­gy” diý­lip­dir. Ha­ky­kat­da, ga­dy­my dö­wür­ler­de we or­ta asyr­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň bü­tin çä­gi şeý­le at­lan­dy­ry­lyp­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di. Şeý­le­lik­de, Türk­me­nis­ta­nyň keş­bin­de her gün tä­ze, aja­ýyp öz­gert­me­ler bo­lup geç­ýär. Bu öz­gert­me­le­riň bi­ziň üçin ösüş ba­bat­da tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän­di­gi­ni ynam bi­len bel­le­me­li.
Ine, in­di biz ýe­ne-de bir mö­hüm tä­ze ösüş eý­ýa­my­na ga­dam bas­dyk. Biz şu gün bü­tin­leý tä­ze şä­he­riň düý­bü­ni tut­ýa­rys. Bu şä­her gel­jek­de ýur­du­my­zyň ýe­ne-de bir yk­dy­sa­dy, işe­wür­lik, ma­ýa go­ýum mer­ke­zi­ne öw­rü­ler di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu işe tarp ýer­den baş­lan­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, hut şu ýer­de — Gök­de­pe et­ra­by­nyň çä­gin­de ýur­du­my­zyň şöh­rat­ly se­ne ýaz­gy­sy­nyň tä­ze, aja­ýyp sa­hy­pa­sy­nyň ýa­zyl­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Bu şöh­rat­ly se­ne ýaz­gy­sy do­wam et­di­ri­ler. Ony gel­jek­ki ne­sil­le­ri­miz hem do­wam et­di­rer­ler.
Tas­la­ma­nyň çuň­ňur ma­ny­sy ba­ra­da aý­dyp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Aha­lyň do­lan­dy­ryş mer­ke­zi­niň tas­la­ma­syn­da şä­he­ri we bü­tin se­bi­ti do­lan­dy­ryş-çäk bir­li­gi bi­len bi­le­lik­de ös­dür­me­giň ul­gam eme­le ge­ti­ri­ji in­no­wa­si­on dü­züm bö­le­gi­niň bin­ýa­dy­nyň goý­lan­dy­gy­ny bel­le­di.
Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­miz bu gym­mat­lyk­la­ryň äh­li­si­niň tä­ze şä­he­riň bi­na­gär­lik keş­bin­de, onuň ýa­şa­ýyş-dur­muş üp­jün­çi­li­gi­niň gu­ra­ly­şyn­da öz be­ýa­ny­ny tap­jak­dy­gy­ny bel­läp, tä­ze şä­he­riň gu­rul­jak ýe­ri­niň eko­lo­gi­ýa, seýs­mo­lo­gi­ýa taý­dan yl­my esas­da düýp­li öw­re­ni­len­di­gi­ni bel­le­di. Bu ýer­ler ta­ry­hy ýer­ler. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ömür sü­rüp, gu­rup, dö­re­dip gi­den mu­kad­des ýer­le­ri. Bu me­se­lä­niň ýa­şu­lu­lar, de­pu­tat­lar bi­len mas­la­hat­la­şy­lan­dy­gy­ny, ila­tyň pi­ki­ri­niň öw­re­ni­len­di­gi­ni bel­läp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz tas­la­ma­da aras­sa­çy­lyk, suw we beý­le­ki ýag­daý­la­ryň göz öňün­de tu­tu­lan­dy­gy­ny aýt­dy. Tä­ze şä­her we­la­ýa­tyň äh­li ila­ty üçin amat­ly bo­lar. Bu ýe­re ýol­lar çe­ki­lip, äh­li et­rap­lar­dan we oba­lar­dan dür­li ulag­lar gat­nar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz düý­bi tu­tul­ýan şä­he­riň 70 müň­den gow­rak ho­ja­ly­ga ni­ýet­le­nen­di­gi­ni bel­le­di. Iki tap­gyr­da kot­tej­le­riň we köp gat­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň 400-den gow­ra­gy gur­lar. Olar­da ýa­şa­mak, dynç al­mak, ça­ga­la­ryň sag­dyn ösüp ulal­mak­la­ry üçin äh­li amat­ly şert­ler dö­re­di­ler. Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz tä­ze we­la­ýat mer­ke­zin­de her bi­ri 320 orun­lyk 10 sa­ny ça­ga­lar ba­gy­nyň, her­si 720 okuw­ça ni­ýet­le­nen 19 sa­ny or­ta mek­de­biň gu­rul­jak­dy­gy­ny, baş­lan­gyç we or­ta hü­när mek­de­bi­niň, şeý­le hem iki sa­ny sun­gat mek­de­bi­niň bi­na edil­jek­di­gi­ni bel­le­di. Sag­lyk eda­ra­la­ry­nyň hem giň ul­ga­my dö­re­di­ler. Iki sa­ny Sag­lyk öýi, Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ýyş mer­ke­zi, beý­le­ki has­sa­ha­na­lar bi­na edi­ler. We­la­ýat mer­ke­zin­de Ru­hy­ýet köş­gi, Me­de­ni­ýet öýi, dra­ma te­at­ry, ki­tap­ha­na, sir­kiň bi­na­sy we mu­zeý gur­lar. Hä­zir­ki za­man sport top­lu­my­nyň iki­si bi­na edi­ler. Ra­ýat­la­ryň dynç al­ma­gy üçin ba­gy-bos­san­ly se­ýil­gäh dö­re­di­ler. Söw­da we dynç alyş mer­ke­zi ila­ta hyz­mat eder. Bu­lar­dan baş­ga-da, aý­la­wy, tür­gen­le­şik meý­dan­ça­la­ry, ma­než­le­ri we at­ha­na­la­ry bo­lan Hal­ka­ra at­çy­lyk ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­ni, Yl­my-önüm­çi­lik mer­ke­zi­ni gur­mak hem göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu des­ga­lar Hal­ka­ra at­çy­lyk sport top­lu­my bi­len bi­le­lik­de, bi­te­wi ul­ga­my eme­le ge­ti­rer di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di. Şä­her­de do­lan­dy­ryş, işe­wür­lik, dur­muş-üp­jün­çi­lik we ulag-ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry hem dö­re­di­ler. Bu eda­ra­lar tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mä­ge, ila­tyň iş bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni has go­wu­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Do­lan­dy­ryş mer­ke­zi­niň äh­li bi­na­la­ry düý­bün­den tä­ze­den gu­rul­ýar. Tä­ze des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy üçin ýer­le­ri bo­şat­mak ze­rur­ly­gy bol­ma­ýar. Bi­na­lar we des­ga­lar düýp­li ýy­ky­lyp aý­ryl­ma­ýar. Bu bol­sa, örän mö­hüm­dir. Umu­man, boş ýa­tan meý­da­nyň keş­bi düýp­li öz­ge­rer. Bu ýer­de ýa­şa­jak ilat üçin iň go­wy şert­ler, iş orun­la­ry, iň hä­zir­ki za­man dur­muş gur­şa­wy dö­re­di­ler. Bu bol­sa, di­ňe bir bu ýe­re köp san­ly ýa­şaý­jy­la­ry çek­män, eý­sem, we­la­ýa­tyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni düýp­li öz­ger­der. Onuň äh­li pu­dak­la­ry­nyň ösü­şi­ne tä­ze iter­gi be­rer di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di.
Biz bu iş­le­riň äh­li­si­ni mäh­ri­ban hal­ky­myz üçin ed­ýä­ris. Her bir maş­ga­la­nyň we ra­ýa­tyň aba­dan hem-de bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin ed­ýä­ris di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di we döw­le­ti­mi­ziň şu mak­sat­lar üçin ze­rur bo­lan se­riş­de­le­ri gö­nük­dir­jek­di­gi­ni aýt­dy. Ne­sip bol­sa, ýe­ne-de üç-dört ýyl­dan gö­zel Kö­pet­da­gyň ete­gin­de äh­li şert­le­ri bo­lan, lo­wur­dap du­ran tä­ze, aja­ýyp şä­her dö­rär di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni jem­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz çy­ky­şy­ny ta­mam­lap, bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ry Wa­ta­ny­my­zyň ösü­şi­niň aý­dyň ny­şa­ny bo­lan Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze şä­he­ri­niň düý­bü­ni tut­mak da­ba­ra­sy bi­len gut­la­dy we we­la­ýa­tyň äh­li ila­ty­na berk jan sag­lyk, bagt­ly we aba­dan dur­muş, alyp bar­ýan iş­le­rin­de üs­tün­lik ar­zuw et­di.
Mil­li ly­bas­da­ky og­lan we gyz döw­let Baş­tu­ta­ny­myz­dan şu ta­ry­hy wa­ka my­na­sy­bet­li gel­jek ne­sil­le­re ýa­dy­gär­lik ýaz­ga gol go­ýup ber­me­gi­ni ha­ýyş et­di­ler. Soň­ra gel­jek ne­sil­le­re ni­ýet­le­nen ýaz­gy ýö­ri­te gu­ta sa­lyn­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz tä­ze şä­he­riň düý­bü­niň tu­tul­jak ýe­ri­ne bar­dy. Bu ýer­de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şow­hun­ly el çar­pyş­ma­lar as­tyn­da gel­jek­ki ne­sil­le­re ni­ýet­le­nen gu­ty­ny bin­ýa­da ok­la­dy. Mil­li Li­de­ri­miz tä­ze des­ga­nyň bin­ýa­dy­na il­kin­ji be­ton ga­ryn­dy­sy­ny at­mak bi­len, bu çä­giň top­lum­la­ýyn esas­da öz­leş­di­ril­me­gi­ne we tä­ze şä­he­riň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga ber­di. Bu ýer­de amat­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, eda­ra ediş bi­na­la­ry­nyň we beý­le­ki des­ga­la­ryň top­lu­my eme­le ge­ler.
Tä­ze şä­he­riň düý­bü­ni tut­mak da­ba­ra­syn­dan soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gök­de­pe met­ji­din­de ber­len sa­da­ka gat­naş­dy. Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň müf­tü­si­ te­bä­rek çy­kyp ber­­di. Aýat-tö­wir­ler oka­lan­soň, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ra ýüz­le­nip, ber­len sa­da­ka­la­ryň, edi­len aýat-tö­wir­le­riň Be­ýik Bi­ri­ba­ryň der­gä­hin­de ka­bul bol­ma­gy­ny di­leg et­di. Goý, türk­men top­ra­gyn­da he­mi­şe asu­da­lyk we ag­zy­bir­lik bol­sun, ýur­du­myz ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin! Soň­ra bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ry ýe­ne bir ge­zek şan­ly wa­ka bi­len gut­lap, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz olar bi­len hoş­laş­dy we bu ýer­den ug­ra­dy.