Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän “Saglyk” döwlet maksatnamasy ýene-de bir gezek halkara jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna eýe boldy. Mälim bolşy ýaly, 9-10-njy aprel aralygynda paýtagtymyzda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitiniň “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly ýokary derejeli halkara maslahaty geçirildi.

Şol mas­la­ha­tyň çäk­le­rin­de türk­men luk­man­çy­ly­gy­nyň dün­ýä luk­man­çy­ly­gy­ny ös­dür­mäge goş­ýan go­şan­dy­na ýo­ka­ry ba­ha be­ril­di. BSGG-niň Ýew­ro­pa se­bi­ti­niň 44 ýur­dun­dan we­kil­le­riň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len mas­la­hat­da Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň Ýew­ro­pa se­bit­le­ýin eda­ra­sy­nyň di­rek­to­ry­nyň we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji Pi­ros­ka Ost­lin Türk­me­nis­ta­nyň BSGG bi­len uzak­möh­let­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gy­na ýo­ka­ry ba­ha ber­mek bi­len, ýur­du­my­zyň ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak ba­bat­da go­şan ägirt uly go­şan­dy üçin türk­men ta­ra­py­na ýö­ri­te şa­ha­dat­na­ma­ny gow­şur­dy.
Türk­me­nis­ta­na bu ýo­ka­ry sy­lag bi­ziň döw­le­ti­mi­ziň ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da hem-de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni wa­gyz et­mek­de alyp barýan giň gerimli işleriniň yk­rar­na­ma­sy­nyň ny­şa­ny hök­mün­de gow­şu­ryl­dy. Türk­men luk­man­çy­ly­gy­na ber­len bu ýo­ka­ry ba­ha ýur­du­my­zyň ab­ra­ýy­nyň be­lent­di­gi­ne hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­na ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýän­di­gi­ne aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Ýur­du­my­zyň her bir ra­ýa­ty­nyň sag­ly­gy we aba­dan­çy­ly­gy ha­kyn­daky ala­da şol sy­ýa­sa­tyň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar.
Şeý­le hem bu mas­la­hat sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ne dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň uly üns ber­ýän­di­gi­niň, ile­ri tu­tul­ýan ugur­da ne­ti­je­li se­bit we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek işi­ne mil­li Li­de­ri­mi­ziň uly go­şan­dy­nyň yk­rar edil­me­gi­niň su­but­na­ma­sy bo­ldy. Mas­la­ha­tyň çäk­le­rin­de ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak we ola­ra gar­şy gö­reş­mek bi­len bag­ly me­se­le­le­r ara alnyp mas­la­hat­la­şyl­dy, 2030-njy ýy­la çen­li Dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­na ýet­mek ba­bat­da 2013-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­li Bi­rin­ji Ýew­ro­pa mas­la­ha­tyn­dan soň ge­çi­ri­len çä­re­le­riň ne­ti­je­li­li­gi sel­je­ril­di.
Bu ge­zek mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar çi­lim çek­megi we al­ko­gol­ly iç­gi­le­ri iç­megi azaltmak, sem­re­mek, sag­dyn däl iý­mit­len­mek, az he­re­ket et­mek, gi­per­ten­zi­ýa we dia­bet ýa­ly me­se­le­le­ri çöz­mek ba­bat­da öza­ra pi­kir alyş­dy­lar. Çi­lim çek­megi we al­ko­gol­ly iç­gi­le­ri iç­megi azaltmak ba­bat­da ýur­du­my­zyň ýe­ten de­re­je­si­ne hem ýo­ka­ry ba­ha be­ril­di. Bi­ler­men­le­riň bel­leý­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan çi­lim çe­kil­me­gi­ne gar­şy gö­reş­mek­de öň­de­ba­ry­jy ýurt hök­mün­de yk­rar edil­di. Şeý­le­lik­de, soň­ky bäş ýy­lyň için­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň baştutanlygynda amala aşyrylan çä­re­le­ri­ň ne­ti­je­sin­de, ila­tyň ara­syn­da çi­lim çe­kil­me­gi 2,5 es­se azal­dy.

Şeý­le hem al­ko­gol­ly iç­gi­le­riň içil­me­gi­niň azal­dyl­ma­gy­nyň de­re­je­si bo­ýun­ça oňyn ösüş gö­ze il­ýär — bu ýag­daý 2013-nji ýyl­dan bä­ri iki es­se pe­sel­di. Mas­la­ha­tyň çäk­le­rin­de ugur­daş mej­lis­le­riň üçü­si: psi­hi­ki bo­zul­ma­la­ryň we beý­le­ki ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, be­jer­mek hem-de gö­zeg­çi­lik et­mek çä­re­le­ri­ni sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­na bir­leş­dir­mek, ýü­rek-da­mar we süý­ji ke­sel­le­ri ba­bat­da mak­sat­la­ýyn gör­ke­zi­ji­le­ri ga­zan­mak, du­zy, süý­ji­ni we ýa­gy aşa köp ulan­mak ýa­ly sag­dyn däl iý­mit­len­mek bi­len bag­ly tö­wek­gel­çi­lik­li ýag­daý­la­ry azalt­mak me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­lan­dy.
Ýo­ka­ry de­re­je­li mas­la­ha­tyň bi­rin­ji gü­ni ta­mam­la­nan­dan soň, met­bu­gat du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Onuň bar­şyn­da türk­men sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny öň­dä­ki orun­la­ra çy­kar­mak­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan iş­le­ri ba­ra­da aý­dyl­dy, şol iş­ler, öz no­ba­tyn­da, dün­ýä luk­man­çy­ly­gy­ny ös­dür­mek­de oňyn ne­ti­je­si­ni gör­kez­di. Mas­la­ha­tyň ikin­ji gü­nün­de hem ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­zeg­çi­lik, mo­ni­to­ring hem-de ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da we ola­ra gar­şy gö­reş­mek­de in­no­wa­si­ýa­la­ry peý­da­lan­mak ýa­ly me­se­le­le­ri öz içi­ne al­ýan hyz­mat­daş­ly­gyň gör­nüş­le­ri we gu­ral­la­ry­ ara alyp mas­la­hat­la­şyl­dy.