Türk­me­nis­tan dün­ýä­niň ösen ýurt­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da öň­dä­ki orun­la­ryň bi­ri­ni eýe­le­ýän Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­ny mö­hüm hem-de yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş ha­sap­la­ýar. Bu ýurt bi­len öza­ra gat­na­şyk­lar bi­rek-bi­re­gi hor­mat­la­mak, deň­hu­kuk­ly­lyk we uzak möh­let­le­ýin­lik ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ýar. 16-18-nji ap­rel ara­ly­gyn­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Mun Çže Iniň ýur­du­my­za ama­la aşy­ran il­kin­ji döw­let sa­pa­ry döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň has-da pug­ta­lan­ma­gy­na uly iter­gi ber­di.
17-nji ap­rel­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Mun Çže Iniň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di. “Oguz­han” köşk­ler top­lu­myn­da ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki türk­men-ko­reý gep­le­şik­le­ri­niň bar­şyn­da iki ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar bi­len bag­ly me­se­le­le­riň giň to­pa­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy, ola­ryň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry kes­git­le­nil­di. Türk­me­nis­ta­nyň we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­gi, kö­pu­gur­ly işe­wür gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­me­gi mak­sat edin­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­mak bi­len, döw­let Baş­tu­tan­la­ry dä­be öw­rü­len me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, ola­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn ber­kit­mek ba­ra­da pi­kir­le­ri­ni aýt­dy­lar. Şeý­le hem Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­ta­ny Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry bo­ýun­ça sa­pa­ry­ny Türk­me­nis­tan­dan baş­la­ma­gyň özi üçin uly hor­mat­dy­gy­ny aýt­dy. Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da ta­rap­lar öza­ra gy­zyk­lan­ma dö­red­ýän se­bit we hal­ka­ra gün ter­ti­bi­niň kä­bir mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça-da pi­kir alyş­dy­lar.
Soň­ra gep­le­şik­ler gi­ňiş­le­ýin dü­züm­de — iki ýur­duň res­mi we­ki­li­ýet­le­ri­niň ag­za­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da do­wam et­di. Pre­zi­dent Mun Çže Iniň nyg­taý­şy ýa­ly, Pre­zi­dent we­zi­pe­si­ne gi­ri­şe­nin­den soň, ol Mer­ke­zi Azi­ýa­da il­kin­ji ge­zek bol­ýar hem-de bu se­bit­de özü­niň ba­ryp gör­ýän il­kin­ji döw­le­ti­niň ga­dy­my Ýü­pek ýo­lu­nyň mer­ke­zi bo­lan Türk­me­nis­tan bol­ma­gy­ny örän äh­mi­ýet­li ha­sap­la­ýar. Şun­da bi­ziň ýur­du­my­zyň Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ýew­ra­zi­ýa­nyň pa­ra­hat­çy­ly­gy­na we äh­lu­mu­my gül­läp ös­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len tä­ze de­mir­ga­zyk sy­ýa­sa­ty ba­bat­da mö­hüm hyz­mat­da­şy bo­lup dur­ýan­dy­gy bel­le­nil­di. Hä­zir­ki sa­pa­ryň iki döw­le­tiň ara­syn­da we umu­man, se­bit möç­berin­de öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň esas­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi mä­lim edil­di.
Gi­ňiş­le­ýin dü­züm­de gep­le­şik­ler ta­mam­la­nan­dan soň, iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek da­ba­ra­sy bol­dy. Pre­zi­dent­ler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Mun Çže In Türk­me­nis­ta­nyň we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma­sy­na gol çek­di­ler. Şeý­le hem iki ýur­duň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ­söw­da-yk­dy­sa­dy, saglyk hem-de beý­le­ki ugur­larda yla­la­şyk­la­ra gol çe­kil­di. Mun­dan baş­ga-da, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň döw­let sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de ýe­ne-de 20-ä go­laý iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ra hem gol çe­ki­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Şol res­mi­na­ma­lar dür­li ugur­lar­da türk­men-ko­reý gat­na­şyk­la­ry­nyň ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk bin­ýa­dy­nyň üs­tü­ni ýe­ti­rip, ony ber­kit­di.
Ýe­ne-de bir­nä­çe res­mi­na­ma­lar ylym-bi­lim gat­na­şyk­la­ry­ny iş­jeň­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ril­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti bi­len Se­ul mil­li uni­wer­si­te­ti­niň, şeý­le hem Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty bi­len Ko­reý mil­li sun­gat­lar uni­wer­si­te­ti­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da­ky Yla­la­şyk­lar bar. Öz ge­ze­gin­de, Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Han­kuk da­şa­ry ýurt dil­le­ri uni­wer­si­te­ti­niň ara­syn­da; Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti bi­len Han­ýang uni­wer­si­te­ti­niň ara­syn­da; Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Ko­re­ýa Mil­li dip­lo­ma­tik aka­de­mi­ýa­sy­nyň ara­syn­da; Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty (Ma­ry ş. Türk­me­nis­tan) bi­len Se­ul Mil­li ylym we teh­no­lo­gi­ýa uni­wer­si­te­ti­niň (Se­ul ş. Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy) ara­syn­da Öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma­la­ra gol çe­kil­di. Şeý­le­lik­de, dür­li ugur­lar­da stra­te­gik uzak möh­let­le­ýin esas­da Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge taý­ýar­dy­gy­nyň su­but­na­ma­sy örän aý­dyň ýü­ze çyk­dy.

Soň­ra iki döw­le­tiň Baş­tu­tan­la­ry köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­ne ýüz­len­me bi­len çy­kyş et­di­ler. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki Aş­ga­bat du­şu­şy­gy­nyň ne­ti­je­le­ri­ni tes­wir­läp, je­nap Mun Çže Iniň Türk­me­nis­ta­na bu il­kin­ji döw­let sa­pa­rynyň döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ta­ry­hyn­da mö­hüm wa­ka öw­rü­len­di­gi­ni bel­le­di.
Ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len du­şu­şy­gyň bar­şyn­da iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ýag­da­ýy we gel­je­gi, öza­ra gy­zyk­lan­ma dö­red­ýän se­bit we hal­ka­ra sy­ýa­sa­tyň me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy, mun­dan beý­läk öza­ra he­re­ket et­me­giň anyk ugur­la­ry kes­git­le­nil­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu­lar ba­ra­da aýt­mak bi­len, öza­ra dü­şü­niş­mek hem-de açyk­lyk ýag­da­ýyn­da ge­çen gep­le­şik­le­riň yna­nyş­mak we anyk­lyk hä­si­ýe­ti­ni aý­ra­tyn bel­le­di.
Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­gyň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da aý­dyp, özü­niň Mer­ke­zi Azi­ýa­da – ga­dym­dan ýyg­jam iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­lar ýo­la goý­lan se­bit­de il­kin­ji ge­zek bol­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Be­lent mer­te­be­li myh­ma­nyň aý­dy­şy ýa­ly, sa­pa­ry­ny il­ki bi­len Türk­me­nis­tan­dan baş­la­ma­gy örän äh­mi­ýet­li ha­sap­la­ýar, bu ýer­de se­bi­tiň aý­dyň ösüş­le­ri sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Pre­zi­dent Mun Çže In ýur­du­my­zyň 1991-nji ýyl­da Ga­raş­syz­ly­gy­na eýe bo­lan­dan soň, aja­ýyp yk­dy­sa­dy ösüş­le­ri ga­za­nyp, Mer­ke­zi Azi­ýa­da pa­ra­hat­çy­ly­gyň we aba­dan­çy­ly­gyň üp­jün edil­me­gi­ne anyk go­şant goş­ýan­dy­gy­ny bel­läp, türk­men hal­ky­nyň güýç-gaý­ra­ty­na uly sar­pa goý­ýan­dy­gy­ny be­ýan et­di.
Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti ýur­du­my­za ama­la aşy­ran sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Aş­ga­ba­dyň gü­nor­ta bö­le­gin­de bi­na edi­len Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk bi­na­sy­na gül des­se­si­ni goý­dy. Ýo­la goý­lan asyl­ly dä­be gö­rä, bu ýer­de ýer­le­şen Hor­mat­ly myh­man­la­ryň se­ýil­ba­gyn­da iki döw­le­tiň we hal­kyň ara­syn­da­ky mi­ze­mez dost­lu­gyň ny­şa­ny hök­mün­de ýaş agaç na­ha­ly­ny oturt­dy.
* * *
Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­ny bi­len ge­len maş­ga­la­sy ha­nym Kim Çžon Suk üçin Türk­men ha­ly­sy­nyň mil­li mu­ze­ýi­ne bar­lyp gö­rül­me­gi­ni özün­de jem­le­ýän me­de­ni mak­sat­na­ma gu­ral­dy. Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň maş­ga­la­sy Aş­ga­bat­da bol­ma­gy­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk bi­na­sy­na gül goý­mak da­ba­ra­sy­na hem gat­naş­dy. Ha­nym Kim Çžon Suk Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­na hem ba­ryp gör­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, bu ýer­de ko­reý di­li bö­lü­mi iş­le­ýär. Pre­zi­den­tiň maş­ga­la­sy bu bö­lüm­de bi­lim al­ýan ta­lyp­lar bi­len du­şuş­dy.
* * *
18-nji ap­rel­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hem-de Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ha­zar se­bi­tin­dä­ki örän iri se­na­gat kär­ha­na­sy­na — Gy­ýan­ly şä­her­çe­sin­dä­ki po­li­mer za­wo­dy­na ba­ryp gör­dü­ler. Bu iň hä­zir­ki za­man gaz­hi­mi­ýa top­lu­my “Türk­men­gaz” döw­let kon­ser­ni­niň bu­ýur­ma­sy bo­ýun­ça “LG In­ter­na­tio­nal Corp.” we “Hy­un­dai En­gi­nee­ring” (Ko­re­ýa) kom­pa­ni­ýa­la­ry ta­ra­pyn­dan “TOYO En­gi­nee­ring Cor­po­ra­ti­on” (Ýa­po­ni­ýa) kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gat­naş­ma­gyn­da bi­le­lik­de ama­la aşy­ryl­dy.
Döw­let Baş­tu­tan­la­ry po­li­mer za­wo­dy­na ge­len­le­rin­den soň, top­lu­myň çä­gin­de ýö­ri­te gur­na­lan ça­dy­rda gys­ga­jyk ta­nyş­dy­ryş da­ba­ra­sy bol­dy. Onuň bar­şyn­da za­wo­dyň di­rek­to­ry hem-de “Hy­un­dai En­gi­nee­ring” kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan tas­la­ma­nyň ýol­baş­çy­sy be­lent mer­te­be­li myh­man­la­ry kär­ha­na­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­dy. Ta­nyş­dy­ryş çä­re­si wi­deo­fil­miň gör­ke­zil­me­gi bi­len ut­gaş­dy­ryl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýyg­na­nan­la­ra ýüz­le­nip, bu iri gaz­hi­mi­ýa top­lu­my­nyň dö­re­dil­me­gi­ne gat­na­şan äh­li hü­när­men­le­re we gur­lu­şyk­çy­la­ra min­net­dar­lyk bil­dir­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ka­na­gat­lan­mak bi­len bel­leý­şi ýa­ly, köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da Ko­re­ýa­nyň kom­pa­ni­ýa­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň hi­mi­ýa we ener­ge­ti­ka se­na­ga­ty­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar­lar. Po­lie­ti­len we po­lip­ro­pi­len önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça no­bat­da­ky hä­zir­ki­ za­man gaz­hi­mi­ýa top­lu­my­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi Türk­me­nis­tan bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň hem-de bar­ha ber­ke­ýän dost­lu­gyň aý­dyň be­ýa­ny bo­lup dur­ýar.
Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­ta­ny öz çy­ky­şyn­da Gy­ýan­ly top­lu­myny iki­ta­rap­la­ýyn yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň di­ňe baş­lan­gyç tap­gy­ry di­ýip pi­kir ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Be­lent mer­te­be­li myh­man ýyg­na­nan­la­ra ýüz­le­nip, ola­ryň ta­gal­la­la­ry­nyň we zäh­me­ti­niň türk­men hal­ky bi­len bi­le­lik­de uly üs­tün­lik hök­mün­de iki ýur­duň dost­lu­gy­nyň we gül­läp ösü­şi­niň ta­ry­hyn­da gal­jak­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Şol gün­ki şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li Türk­me­nis­ta­nyň we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­dent­le­ri za­wo­dyň iş­gär­le­ri bi­len su­ra­ta düş­dü­ler. Söh­bet­deş­li­giň bar­şyn­da ýyg­na­nan­lar mil­li Li­de­ri­mi­ze gaz­hi­mi­ýa pu­da­gy­nyň döw­re­bap önüm­çi­lik des­ga­sy­ny gur­du­ran­dy­gy üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler.
Soň­ra Pre­zi­dent­ler za­wo­dyň çä­gi­ne bar­dy­lar. Ýol ug­run­da döw­let Baş­tu­tan­la­ry ge­ri­mi bo­ýun­ça haý­ran gal­dyr­ýan kär­ha­na­nyň esa­sy teh­no­lo­gik we in­že­ner­çi­lik des­ga­la­ry­ny göz­den ge­çir­di­ler. Soň­ra Pre­zi­dent­ler Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ril­ýän po­li­mer önüm­le­ri­niň ser­gi­si­ni syn­la­dy­lar.
Döw­let Baş­tu­tan­la­ry ýyg­na­nan­lar bi­len mä­hir­li hoş­la­şyp, Gy­ýan­ly­dan “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­na ba­ryp gör­dü­ler. Döw­let­ Baş­tu­tan­la­ry Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne ge­lip, bi­rek-bi­re­ge üs­tün­lik­ler we iki ýur­duň halk­la­ry­na pa­ra­hat­çy­lyk hem-de aba­dan­çy­lyk ar­zuw et­di­ler we mä­hir­li hoş­laş­dy­lar.
Türk­me­nis­ta­na döw­let sa­pa­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy ta­mam­la­nan­dan soň, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti bi­ziň ýur­du­myz­dan ug­ra­dy.