Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda özara bähbitlilik hem-de birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde dünýäniň ähli ýurdy, şol sanda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar barha ösdürilýär. Ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde ýokary derejedäki döwlet saparlarynyň uly ähmiýeti bardyr. Muňa şu hepdäniň dowamynda ýurdumyzda döwlet saparynda bolan hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hatarynda ilkinji saparyny biziň ýurdumyza amala aşyran Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň sapary hem aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de türk­men-ko­reý hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry hil taý­dan tä­ze de­re­je­le­re ýet­di hem-de baý ma­ny-maz­mu­na eýe bol­dy. Sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­r ýo­ka­ry de­re­je­de ös­dü­ril­ýär. 2007-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da Ko­re­ýa­nyň, 2013-nji ýyl­da bol­sa Se­ul­da Türk­me­nis­ta­nyň il­çi­ha­na­la­ry­nyň açyl­ma­gy iki dost­luk­ly döw­le­tiň dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da mö­hüm ädim­le­riň bi­ri bol­dy.
Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy türk­men dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan üç ug­ry — suw, ulag we ener­ge­ti­ka dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça iş­jeň hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär. Ýur­du­myz­da öň­de­ba­ry­jy ko­reý kom­pa­ni­ýa­la­ry üs­tün­lik­li iş alyp bar­ýar­lar. Olar ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän hem-de gaz­hi­mi­ýa top­lum­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy we döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Dost­luk­ly ýur­duň dün­ýä bel­li kom­pa­ni­ýa­la­ry bo­lan “LG In­ter­na­tio­nal Cor­po­ra­ti­on” hem-de “Hy­un­dai En­gi­nee­ring Co., Ltd” ko­reý kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ryn­da se­bi­tiň iri po­li­mer za­wo­dy gu­rul­dy. Mun­dan baş­ga-da, “Sam­sung” we “LG” kom­pa­ni­ýa­la­ry ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz top­lu­myn­da­ky ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­na gat­naş­ma­ga uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär­ler.
Şu ýy­lyň few­ral aýyn­da söw­da, yk­dy­sa­dy, ylym we teh­no­lo­gik hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça Hö­kü­me­ta­ra türk­men-ko­reý to­pa­ry­nyň no­bat­da­ky ýe­din­ji mej­li­si Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň paý­tag­ty Se­ul şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. Bu mej­li­siň çäk­le­rin­de hem söw­da-yk­dy­sa­dy, ener­ge­ti­ka, gur­lu­şyk, ulag we ara­gat­na­şyk, oba ho­ja­ly­gy, bi­lim, ylym, sag­ly­gy go­ra­ýyş, me­de­ni­ýet, sport, sy­ýa­hat­çy­lyk hem-de stan­dart­laş­dyr­mak ul­gam­la­ryn­da türk­men-ko­reý hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­me­giň ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Onuň bar­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry bi­len ko­reý kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ara­syn­da suw hem-de oba ho­ja­ly­gy we baş­ga ugur­lar bo­ýun­ça hem hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da­ky res­mi­na­ma­la­ra gol çe­kil­me­gi bol­sa, iki ýur­duň hu­su­sy pu­da­gy­nyň ara­syn­da gö­nü­den-gö­ni gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­na şert dö­ret­di.
Ine, şu ugur­lar­dan göz­baş al­ýan türk­men-ko­reý hyz­mat­daş­ly­gy bu do­gan­lyk ýur­duň Pre­zi­den­ti­niň ama­la aşy­ran sa­pa­ry bi­len has-da ýo­ka­ry de­re­je­le­re çyk­dy. Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki türk­men-ko­reý gep­le­şik­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça on­lar­ça ikit­ara­p­la­ýyn yla­la­şyk­la­ra gol çe­kil­me­gi türk­men-ko­reý gat­na­şyk­la­ry­ny gi­ňelt­mä­ge hem-de ös­dür­mä­ge, ne­ti­je­li işe­wür gat­na­şyk­la­ry­ny we ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­ler aç­dy.
Soň­ky ýyl­lar­da iki ýur­duň ara­syn­da yn­san­per­wer gat­na­şyk­lar hem iş­jeň ös­dü­ril­ýär. Ylym we bi­lim, me­de­ni­ýet we sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ryn­da gat­na­şyk­lar gi­ňel­dil­ýär. Iki ýur­duň ara­syn­da köp san­ly me­de­ni çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” ki­ta­by­nyň ko­reý di­lin­de ne­şir edil­me­gi türk­men-ko­reý yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gy­nyň has-da ber­ke­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy­dyr. Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri Türk­me­nis­tan­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra mas­la­hat­la­ra iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň gün­do­gar dil­le­ri we ede­bi­ýa­ty fa­kul­te­tin­de ko­reý di­li­niň oka­dyl­ma­gy bi­lim ul­ga­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan üs­tün­lik­li hyz­mat­daş­ly­gyň aý­dyň my­sa­ly­dyr.

Re­sul An­na­ýew,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.