Ha­ky­kat­dan hem, “At agy­nan ýer­de toý bo­lar” diý­li­şi ýa­ly, “Türk­me­nis­tan – ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” ýy­ly­nyň her bir gü­ni şat­lyk-şow­hu­na, toý-da­ba­ra­la­ra bes­len­ýär. Şol toý-da­ba­ra­la­ryň be­ze­gi bol­sa, be­hiş­di be­dew­le­ri­miz­dir. In­di ga­myş­gu­lak ahal­te­ke be­dew­le­ri di­ňe bir bi­ziň ýur­du­my­zyň däl, eý­sem, da­şa­ry ýurt­la­ryň hem da­ba­ra­la­ry­nyň be­ze­gi­ne öw­rül­di. Be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ze dün­ýä ýü­zün­de gy­zyk­lan­ma bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ho­wan­dar­ly­gyn­da dö­re­di­len “Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry go­laý­da Bah­reý­n Pa­ty­şa­ly­gy­nyň paý­tag­ty Ma­na­ma şä­he­rin­de her ýyl ge­çi­ril­ýän “MA­RA’EE-2019” hal­ka­ra oba ho­ja­lyk ser­gi­si­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy. Bah­reý­niň Pa­ty­şa­sy Ha­mad bin Isa Al Ha­li­fa­nyň hem gat­naş­ma­gyn­da ser­gi­niň çäk­le­rin­de ýö­ri­te gur­na­lan ma­než­de türk­men ji­git­le­ri at üs­tün­dä­ki oýun­la­ry bi­len bu ýur­du­ň ra­ýat­la­ry­ny hem-de ser­gä gat­naş­mak üçin ge­len myh­man­la­ry haý­ran gal­dyr­dy­lar. Aý­ra­tyn hem, çar­pa­ýa ga­lyp ýö­re­mek­de dün­ýä re­kor­dy­ny tä­ze­läp, Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­byn­dan orun alan Ak­ha­nyň gö­zel­li­gi, du­ta­ryň sa­zy­na aýak go­şup, mis­li tans ed­ýän ýa­ly oý­nak­lap ýö­re­me­gi, Ka­nun at­ly be­de­wiň çar­pa­ýa ga­lyp, tä­sin he­re­ket­le­ri et­me­gi – bu­la­ryň ba­ry ahal­te­ke at­la­ry­nyň hak ho­wan­da­ry hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gys­ga dö­wür­de ýur­du­myz­da at­çy­ly­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny düýp­li döw­re­bap­laş­dyr­mak, öm­rü­ni at­çy­ly­k sun­ga­ty­na ba­gyş­lan at­şy­nas­la­ry­my­zyň iş we dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak ba­ba­tyn­da ama­la aşyr­ýan tu­tum­ly iş­le­ri­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Türk­men be­de­wi ata Wa­ta­ny­my­zyň ta­ry­hy­nyň, hä­zir­ki döw­rü­niň we gel­je­gi­niň ny­şa­ny­na öw­rül­di. Deň­siz-taý­syz be­dew­ler Ýer ýü­zü­ni haý­ra­na goý­ma­gy­ny do­wam ed­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, türk­men at­çy­lyk spor­tu­nyň hem-de sirk sun­ga­ty­nyň we­kil­le­ri­niň dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki ýa­ryş­lar­da uly üs­tün­lik bi­len çy­kyş et­me­gi uly buý­sanç­dyr.
Bag­ty­ýar­lyk döw­rü­miz­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­myz­da at­çy­ly­gy we at­çy­lyk spor­tu­ny ös­dür­mä­ge we ýaý­baň­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ril­ýän giň möç­ber­li iş­le­ri­ň ne­ti­je­sin­de, ola­ryň at-owa­za­sy has-da be­len­de gö­te­ril­ýär. Bu gym­mat­ly­ga go­ýul­ýan be­ýik sar­pa hök­mün­de dün­ýä­de ýe­ke-täk döw­let­de — eziz Watanymyz Türk­me­nis­tan­da be­de­wiň şa­ny­na toý-baý­ram edil­ýär. Ýur­du­myz­da at ça­py­şyk­la­ry yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Ge­çen şen­be gü­ni eziz Di­ýa­ry­my­zyň äh­li ýe­rin­de ýaz­ky at ça­py­şyk möw­sü­mi­ne ba­dal­ga be­ril­me­gi­niň şa­ny­na uly ru­hu­be­lent­lik­de da­ba­ra­lar ge­çi­ril­di. Bu da­ba­ra­lar ýur­du­my­zyň çar kün­je­gin­de giň­den da­ba­ra­lan­dy­ryl­dy. Ça­py­şyk­lar­da ýel­den ýüw­rük at­lar dür­li ara­lyk­lar­da bäs­le­şip, us­sat ça­pyk­su­war­lar be­dew jan­kö­ýer­le­ri­ni be­gen­dir­me­gi ba­şar­dy­lar.
Paý­tag­ty­myz­da, we­la­ýat mer­kez­le­ri­miz­de hä­zir­ki za­man at­çy­ly­gyn­da ula­nyl­ýan iň go­wy en­jam­lar bi­len do­ly üp­jün edi­len at­çy­lyk sport top­lum­la­ry­nyň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň be­dew at­la­ra bo­lan be­lent sar­pa­sy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. “Wagt ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň şöh­ra­ty­nyň hiç wagt öç­me­jek­di­gi­ni, onuň bar­ha be­len­de gö­te­ril­ýän­di­gi­ni şüb­he­siz su­but et­di” diý­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­myz­da ahal­te­ke at­la­ry­nyň baş sa­ny­ny art­dyr­ma­ga, at­çy­lyk spor­tu­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de hem, türk­me­niň uçar ga­na­ty ha­sap­lan­ýan ahal­te­ke be­dew­le­ri buý­san­jy­my­za öw­rül­di. Hal­ky­my­zyň ga­dy­my at­çy­lyk sun­ga­ty­ny tä­ze­den di­kel­dip, at­çy­lyk pu­da­gy­nyň döw­re­bap de­re­je­de ös­dü­ril­me­gi­ne äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri mun­dan beý­läk hem ro­waç bol­sun!

Eje­baý Ku­ly­ýe­wa,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň
mu­gal­ly­my.