Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek, hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­ly önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­mek hem-de bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny giň­den ýo­la goý­mak ba­bat­da köp san­ly iş­ler durmuşa ge­çi­ril­ýär.
or­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki fo­rum­lar­dyr işe­wür du­şu­şyk­la­ry söw­da-yk­dy­sa­dy ulgam­da, şeý­le hem iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­lar­da hyz­mat­daş­ly­gyň has-da ber­ki­dil­me­gi­ne iter­gi ber­ýär. Şu ýyl ýur­du­myz­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy esa­syn­da 12-nji aw­gust­da “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ril­jek bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­na yk­jam taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Bu fo­rum Hö­kü­met we­kil­le­ri­niň, işe­wür we yl­my to­par­la­ryň ag­za­la­ry­nyň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri­niň gi­ňiş­le­ýin gat­naş­ma­gyn­da kö­pu­gur­ly yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň bin­ýa­dy bo­lar. Onuň gün ter­ti­bin­de: iri tas­la­ma­lar üçin şert­le­ri dö­ret­mek, Ha­zar se­bi­ti­niň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň äh­lu­mu­my äh­mi­ýe­ti ba­ra­da pi­kir alyş­mak, ne­bit-gaz, elekt­rik ener­gi­ýa­sy, ulag, söw­da, sy­ýa­hat­çy­lyk we beý­le­ki ul­gam­lar­da hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny has-da ös­dür­mä­ge uly üns ber­ler.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ha­zar – yk­dy­sa­dy ösüş­le­riň deň­zi, Ha­zar – ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­riň deň­zi, Ha­zar – dost­luk deň­zi hök­mün­de öz or­nu­ny al­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da Ha­zar deň­zi­niň ke­nar­ýa­ka ýurt­la­ry bi­len ys­ny­şyk­ly sy­ýa­sy hem-de söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar ýo­la go­ýul­dy. 2018-nji ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da Ak­tau­da ge­çi­ri­len V Ha­zar sam­mi­tin­de Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ryň Baş­tu­tan­la­rynyň gatnaşmagynda Ha­za­ryň hu­kuk bin­ýa­dy ha­kyn­da Kon­wen­si­ýa gol çe­kil­di. Şol ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki mas­la­hat­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 2019-njy ýyl­da ýur­du­myz­da bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­ny ge­çir­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy bi­len çy­kyş et­di we bu baş­lan­gyç gyz­gyn gol­da­wa eýe bol­dy. Şon­dan soň­ra ýur­du­myz­da bu ab­raý­ly fo­ru­ma yk­jam taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Ýur­du­my­zyň da­şa­ry ýurt­lar­da­ky il­çi­ha­na­la­ryn­da bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­na ba­gyş­la­nan met­bu­gat-mas­la­ha­ty we dür­li çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. Şol mas­la­hat­lar­da edil­ýän çy­kyş­lar­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­ny ge­çir­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy­nyň kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy güýç­len­dir­mek­de, se­bi­tiň ägirt uly yk­dy­sa­dy, ulag we ener­ge­ti­ka müm­kin­çi­li­gi­ni işe gi­riz­mek­de, Ha­za­ryň pa­ra­hat­çy­lyk, dost­luk we yla­la­şyk deň­zi de­re­je­si­ni ber­kit­mek­de Türk­me­nis­ta­nyň eýe­le­ýän or­nu­ny be­ýan ed­ýän­di­gi­ nyg­ta­lyp ge­çil­ýär.
Ýur­du­my­zyň mö­hüm geo­sy­ýa­sy we ulag-ara­gat­na­şyk mer­kez­le­ri­niň bi­ri hem Ha­zar se­bi­ti­dir. Bu Türk­me­nis­ta­nyň de­ňiz ug­ry bo­ýun­ça ýo­lag­çy gat­nat­ma­gyň we ýük da­şa­ma­gyň ösü­şin­de Mer­ke­zi Azi­ýa we Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ry­nyň hal­ka­ra yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar ul­ga­my­na do­ly go­şul­ma­gy­nyň mö­hüm şer­ti­dir. Hä­zir­ki wagt­da Ha­zar deň­zi dost­luk deň­zi bo­lup, mö­hüm ulag-ara­gat­na­şyk ug­ry hök­mün­de köp­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň öňe sü­ren dö­re­di­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry Ha­zar deň­zin­de kö­pu­gur­ly gat­na­şyk­la­ryň mä­käm şert­na­ma­la­ýyn-hu­kuk bin­ýa­dy­ny dö­ret­mek­de uly go­şant bol­dy. Türk­me­nis­ta­nyň tek­lip­le­ri bi­len mö­hüm hal­ka­ra res­mi­na­ma­lar iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy we ka­bul edil­di, ola­ryň ha­ta­ryn­da Ha­zar deň­zi­niň bio­lo­gi­ki se­riş­de­le­ri­ni go­ra­mak we re­je­li peý­da­lan­mak ha­kyn­da yla­la­şyk hem-de Ha­zar­da adat­dan da­şa­ry ýag­daý­la­ryň öňü­ni al­mak we ara­dan aýyr­mak ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da yla­la­şyk hem-de baş­ga-da köp san­ly res­mi­na­ma­lar bar.
Ha­zar deň­zi­niň bi­os­fe­ra ha­zy­na­sy hem deň­siz-taý­syz­dyr. Ha­za­ryň ba­lyk baý­ly­gy ba­bat­da giň ge­rim­li iş­le­ri dur­mu­şa ge­çi­rmek ug­run­da uly ta­gal­la­lar edil­ýär. Şol baý­lyk­lar­dan peý­da­lan­mak, se­na­gat önüm­çi­li­gi­ni has gi­ňelt­mek, şol bir wagt­da-da ba­lyk­la­ryň to­hu­my­ny, gör­nüş­le­ri­ni, go­ru­ny kö­pelt­mek ba­bat­da giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ha­zar deň­zi­niň türk­men ke­na­ry eko­lo­gi­ýa taý­dan has aras­sa zo­lak ha­sap edil­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len Ha­za­ryň ke­na­ryn­da “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan iri möç­ber­li tas­la­ma­lar mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Bu tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de bu ýer­de “şy­pa­ha­na­çy­ly­gyň dür­dä­ne­si­” dö­re­dil­di we hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­lyk mer­ke­zi­ ke­ma­la ge­ti­ril­di.

Da­ýanç Re­ýi­mow,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.