K-pop Ko­re­ýa­ Respublikasynda dö­rän aý­dym gör­nü­şi bo­lup, soň­ky wagt­lar­da tu­tuş dün­ýä­de aý­ra­ty­nam ýaş­la­ryň ara­syn­da uly meş­hur­ly­ga eýe­dir. Öň­den mä­lim bo­lan pop aý­dym-sa­zyn­dan ta­pa­wut­lan­ýan K-po­puň il­kin­ji önüm­le­ri XX asy­ryň baş­la­ryn­da, 2-nji ýa­ry­myn­da ko­reý aý­dym­la­ry­nyň ame­ri­kan pop gör­nü­şi­ne meň­ze­di­lip, tä­ze­den iş­len­me­gi ar­ka­ly ýü­ze çy­kyp baş­la­ýar. Şol ýyl­lar­da Ko­re­ýa­ Respublikasy bi­len ABŞ-nyň ara­syn­da me­de­ni gat­na­şyk­lar iş­jeň ýo­la go­ýul­ýar. Şol mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de Me­ri­lin Mon­ro, Net King, Lu­is Armst­rong ýa­ly ame­ri­kaly sun­gat us­sat­lar bu ýur­da ge­lip, kon­sert ber­ýär­ler.
K-pop-da di­ňe bir ada­ty po­puň däl, eý­sem, ja­zyň, ro­kuň, hat-da hip-ho­puň tä­si­ri­ni hem du­ýmak­ müm­kin. 1990-njy ýyl­lar K-pop üçin tä­ze bir döw­rüň baş­lan­gy­jy bol­ýar. Ýag­ny şol ýyl­lar­dan baş­lap, K-po­puň we­kil­le­ri aý­dym­la­ry­ny öz­le­ri­ne mah­sus sah­na tans­la­ry bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­rip ug­ra­ýar. 2000-nji ýyl­lar­dan bä­ri bol­sa K-pop­çy­lar kä­bir aý­dym­la­ry­na baş­ga dil­ler­den has ta­ky­gy, iň­lis, ýa­pon ýa-da hy­taý dil­le­rin­den al­nan söz­le­ri go­şup baş­la­ýar­lar. Bu bol­sa, K-po­puň tu­tuş dün­ýä­de meş­hur­ly­ga ýe­tip baş­la­ma­gy­nyň il­kin­ji ädim­le­ri bol­ýar. K-po­puň meş­hur­ly­gy­nyň art­ma­gy­nda “Facebook”, “Twit­ter” hem-de “You­Tu­be” ýa­ly in­ter­net plat­for­ma­la­ry­nyň tä­si­ri hem ulu­dyr. Tä­ze­çil­li­gi, döw­re­bap­ly­gy hem-de döw­le­ti­ň giň­den gol­daw ber­me­gi bi­len bel­li bir de­re­je­de biz­ne­se, ma­ha­ba­ta öw­rül­me­gi ýa­ly se­bäp­ler hem K-po­puň şöh­ra­ty­ny art­dyr­ýar. Şol bir wag­tyň özün­de 2012-nji ýyl­da uly ses­len­me dö­re­den ko­reý aý­dym­çy­sy PSY-yň “Gang­nam sty­le” aý­dy­my­nyň tä­si­ri az bol­ma­ýar. Bu aý­dy­myň wi­deo­sy­na hä­zir­ki wag­ta çen­li “You­Tu­be” ar­ka­ly 3 mil­liard ge­zek to­ma­şa edil­me­gi-de mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. K-po­puň ady­gyp baş­la­ma­gyn­dan soň, ol bel­li bir de­re­je­de ma­ha­bat­lan­dy­ry­jy, ga­ly­ber­se-de, yk­dy­sa­dy­ýe­te go­şant goş­ýan aý­ra­tyn pu­da­ga öw­rül­ýär. Bu ugur­da ýurduň hö­kü­me­ti-de K-pop­çula­ra uly gol­daw ber­ýär, hat­da bu ug­ruň has hem ös­me­gi üçin ma­ýa go­ýup baş­la­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da ýurt­da ýüz­ler­çe K-pop bi­len meş­gul­lan­ýan aý­dym­çy­lar hem-de to­par­lar bar. Ola­ryň kö­pü­si ge­çi­ril­ýän aý­dym-saz bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şyp, meş­hur­lyk ga­za­nýar­lar. SM şe­re­ke­ti­ni esas­lan­dy­ry­jy Li Su Man K-pop to­par­la­ryn­da aý­dym aýt­ma­ga hö­wes bil­dir­ýän ýaş­la­ryň ara­syn­da her ýyl­da bir­nä­çe ýa­ryş­lar gur­a­ýar. Ýa­ryş­lar­da emin­le­riň göw­nün­den tu­rup, öňe saý­lan­ma­gy ba­şa­ran­lar şol şe­re­ket­de bel­li­ bir wagt­lyk şä­girt bo­lup gal­ma­ga müm­kin­çi­lik ga­zan­ýar­lar we ta­rap­lar şert­na­ma bag­laş­ýar­lar. Şert­na­ma­nyň çäk­le­rin­de şä­girt­ler tans, sport, dil öw­ren­mek ýa­ly ýö­ri­te okuw sa­pak­la­ry­ny al­ýar­lar. Ders­le­ri ýe­ter­lik de­re­je­de şow­ly ta­mam­lan­lar şe­re­ke­tiň ka­ra­ry bi­len sah­na­lar­da çy­kyş edip baş­la­­ýar­lar. Hä­zir­ki wagt­da ýurt­da tä­ze-tä­ze sun­gat iş­gär­le­ri­ni taý­ýar­la­ýan on­lar­ça şe­re­ket bo­lup, ola­ryň ara­syn­da iň esa­sy­la­ry “SM En­ter­ta­in­ment”, “YG En­ter­ta­in­ment”, “JYP En­ter­ta­in­ment” ha­sap­lan­ýar. Köp­çü­li­ge çy­kyp baş­lan to­par­lar meş­hur­ly­gy­ny art­dyr­mak üçin her ýyl­da üç ýa-da dört aý­dym­dan yba­rat bo­lan ki­çi al­bom hem-de se­kiz ýa-da on aý­dym­dan yba­rat bo­lan ada­ty al­bo­myň üs­tün­de iş­le­ýär­ler.
Hä­zi­re çen­li K-pop to­par­la­ry­nyň ara­syn­da hal­ka­ra de­re­je­de has köp üns çek­me­gi ba­şa­ran ýe­di og­lan­dan yba­rat, 2013-nji ýyl­da dö­re­di­len «BTS» to­pa­ry ha­sap­la­n­ýar. Olar «Gram­my», «Bill­board» ýa­ly aý­dym-saz äle­mi­niň ab­raý­ly baý­rak­la­ryn­da dür­li ugur­lar­da sy­lag­la­ra la­ýyk bol­dy. Go­laý­da «Blackpink» gyz­lar to­pa­ry­nyň «Kill This Love» şe­kil­li aý­dym bir­nä­çe re­kord hem goý­dy.
Kä­bir meş­hur K-pop to­par­la­ry (gyz­lar) «Blackpink», «GFriend», «Girls’ Ge­ne­ra­ti­on», «EXID», «Red Velvet», «Twice», «Ma­ma­moo», (og­lan­la­r) «BTS», «Got7», «Big­Bang», «Seven­te­en», «EXO».

Ýaz­gül KA­KA­GEL­DI­ÝE­WA,
Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş
uni­wer­si­te­ti­niň žur­na­lis­ti­ka hü­nä­ri­niň ta­ly­by.