“Guş ga­nat­syz bol­maz, adam – ar­zuw­syz” diý­li­şi ýa­ly, adam dün­ýä inip, daş-tö­we­rek­dä­ki zat­la­ra dü­şü­nip ug­ran wagtyndan baş­lap, is­len­dik za­da ýet­me­giň ar­zuw – hy­ýa­lyn­da ýa­şa­ýar. Ça­ga­lyk­da edi­len ar­zuw­lar has mak­sa­da ok­gun­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ar­zuw­la­ryň ha­syl bol­ma­gy üçin oka­mak, öw­ren­mek we zäh­met çek­mek ge­rek. Ar­zuw­lan kä­riň­de zäh­met çek­mek bol­sa, hö­we­si­ňi art­dyr­ýar hem-de üs­tün­lik ga­zan­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Si­zi çagalykda öz ukyp-başarnyklary bilen bir käriň eýesi bolan ýaş­lar bi­len ta­nyş­dyr­magy makul bildik.

Kio­wa Ka­wo­wit 6 ýa­şyn­da­ka öz deň-duş­la­ry üçin in­çe­jik, dürli reňk­li bi­le­zik ýa­sa­ýar. Bu iş­de oňa ka­ka­sy And­rew gol­daw ber­ýär. Ýaş oý­lap ta­py­jy­nyň ýa­san bile­zik­le­ri we orta atan pi­kir­le­ri te­le­ke­çi­le­riň göw­nün­den tur­ýar. Tiz wagt­dan onuň tas­la­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­ýär­ler. Eý­je­jik gy­zyň bu söw­dadan alan girdejisi bir­nä­çe aýyň do­wa­myn­da 100 müň dol­lar­dan ge­çip­dir.
Ang­li­ýa­ly Har­li Jor­de­an beý­le­ki deň-duş­la­ry ýa­ly şar­ja­gaz oý­na­ma­gy ha­la­ýan eken. Ol 8 ýa­şyn­da­ka şar­ja­gaz­la­ryň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni dö­ret­me­gi ýü­re­gi­ne düw­ýär. Ne­ti­je­de, öz pi­ki­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mek üçin hyz­mat­daş tap­ýar we in­ter­net ar­ka­ly onuň söw­da­sy­ny ama­la aşy­ryp baş­la­ýar. Ýaş oý­lap ta­py­jy­nyň pi­ki­ri bi­len dö­re­di­len oýun­jak­la­ryň ba­ha­sy 8 funt ster­ling bi­len 600 funt ster­ling ara­ly­gyn­da üýt­ge­ýär.
Nik D’Aloi­sio komp­ýu­te­re örän ök­de bolup, entek 12 ýa­şyn­da­ka prog­ram­ma dö­re­dip baş­la­ýar. 17 ýa­şyn­da­ ýa­zan prog­ram­ma­sy­na 30 mil­li­on dol­lar ba­ha ke­sil­ýär. “Summ­ly” şe­re­ke­ti­niň düý­bü­ni tu­tan Nik mo­bil en­jam­lar üçin app­li­ka­si­ýa taý­ýar­la­ýar.
Ro­bert Neý en­tek 14 ýa­şyn­da­ka öz­baş­dak ýag­daý­da komp­ýu­ter öw­ren­ýär. Ol il­ki bi­len, “Bubb­le Ball” at­ly oý­ny “App­le” ar­ka­ly ula­ny­jy­la­ra hö­dür­le­ýär. Iki hep­dä­niň do­wa­myn­da bu oý­nuň muş­dak­la­ry­nyň sa­ny bir mil­li­on­dan ge­çip, 2 mil­li­on dol­lar girdeji ga­zan­ýar. Akyl-paý­ha­sy ta­lap ed­ýän bu oýun şow­ly bo­lan­dan soň­ra Neý has çyl­şy­rym­ly prog­ram­ma­la­ry dü­züp baş­la­ýar.
11 ýaş­ly Sa­rah Nel­son süý­jü­lik­le­ri go­wy gör­ýär. Onuň üs­tün­lik ga­zan­ma­gyn­da ha­la­ýan işi­ni saý­la­ma­gy­nyň tä­si­ri uly bol­ýar. Nel­son gir­de­ji­si­niň bel­li bir bö­le­gi­ni ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­la­ry­na iber­ýär.

Ulalsaň kim boljak?
Ýa­pyk ýer­de dö­re­di­len se­ýil­gäh ha­sap­lan­ýan “Kidz­Mon­do” bol­sa, en­tek ça­ga­kaň gys­ga wagt­lyk bir kä­riň eýe­si bol­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Söw­da mer­kez­le­ri­niň bir bö­le­gin­de ýer­leş­ýän bu güý­men­je mer­kez­le­ri kör­pe­le­riň tä­ze zat­la­ry öw­ren­mek­le­ri we şol bir­ wagt­da wagtyny gy­zyk­ly ge­çir­mek­le­ri üçin ni­ýet­le­nen şä­her­jik. Oňa şä­he­riň ki­çel­di­len gör­nü­şi hem di­ýse bo­lar. Dün­ýä­niň dür­li ýer­le­rin­dä­ki söw­da-dynç alyş mer­kez­le­rin­de döredilen bu şä­her­de kö­çe­ler, aw­tou­lag­lar, sa­gat di­ňi, has­sa­ha­na, teatr we dür­li bi­na­lar bar. Ça­ga­lar bu ýer­de iş­le­ýär­ler, «pul» ga­zan­ýar, is­le­se ony so­wup, is­le­se-de ýyg­nap kö­pel­dip bil­ýärler. Şä­her­de 120-den gow­rak kär bo­lup, her kär­dä­ki iş­gär de­giş­li iş eşi­gi­ni geý­ýär. “Luk­man” has­sa­la­ra se­red­ýär, uçar­man uça­ra erk ed­ýär. Eden iş­le­ri üçin “hak” al­ýar. Gys­ga­ça aý­dy­lan­da, bu şä­he­riň “ýa­şaý­jy­la­ry” ulu­la­ryň ed­ýän işi­ni edip gör­ýär­ler we jem­gy­ýet­de bi­le­lik­de iş­le­me­gi öw­ren­ýär­ler.