Suw­da yn­sa­nyň, ýe­riň, jan­ly-jan­da­ryň, ösüm­lik­le­riň teş­ne­li­gi­ni gan­dyr­ýan gud­rat jem­le­nen­dir. Suw äh­li za­dyň di­ri­lik çeş­me­si bo­lup, pä­him­dar pe­der­le­ri­miz su­wy be­re­ke­diň, bol­çu­ly­gyň sa­ka­sy ha­sap­lap­dyr­lar we oňa örän uly sar­pa go­ýup­dyr­lar. Kä­riz­le­ri, ýap­la­ry, ho­wuz­la­ry ga­zyp, jy­kyr­la­ry gu­rup­dyr­lar. Şeý­di­bem, türk­men ýaý­la­la­ry­ny su­wa­ryp gül­le­dip­dir­ler, ba­gy-bos­san­ly­ga öw­rüp­dir­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýa­kyn­dan gol­daw ber­me­gi bi­len ýur­du­my­zyň eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­nyň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak ba­bat­da nus­ga­lyk iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Tä­ze suw des­ga­la­ry, su­wa­ryş we şor suw ul­gam­la­ry gu­r­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär.
Ata-ba­ba­la­ry­myz ga­dy­my dö­wür­le­r­den bä­ri su­wa­rym­ly eke­ran­çy­lyk bi­len meş­gul­la­nyp ge­lip­dir­ler. Mä­lim bol­şy ýa­ly, oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ha­syl­ly­ly­gy ýa­şaý­şyň çeş­me­si bo­lan suw bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. El­bet­de, halk ara­syn­da “Suw dam­ja­sy — al­tyn dä­ne­si” di­ýen paý­has­ly söz­ler ýö­ne ýer­den dö­rän däl­dir. Şo­nuň üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­myz­da oba ho­ja­lyk ekin­le­ri üçin su­wy aýaw­ly peý­da­lan­ma­gy, onuň her bir dam­ja­sy­ny ýer­lik­li sarp et­me­gi, ýer­le­riň me­lio­ra­tiw ýag­daý­la­ry­ny go­wu­lan­dyr­ma­gy örän wa­jyp we­zi­pe edip goý­dy.
Ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­niň gur­lu­şy­gy­na uly üns ber­lip, gur­lu­şyk iş­le­ri güýç­li dep­gin­de al­nyp ba­ryl­dy we bu mö­hüm gur­lu­şy­gyň bi­rin­ji no­bat­da­ky­sy öz wag­tyn­da ta­mam­lan­dy. 2009-njy ýy­lyň 15-nji iýu­lyn­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­niň bi­rin­ji tap­gy­ry­nyň gur­lu­şy­gy­nyň ta­mam­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li ol ýer­de uly da­ba­ra bol­dy. Bu ýer­ler­de gel­jek­de dur­muş mak­sat­ly bi­na­lar gu­r­lup, iş orun­la­ry dö­re­di­lip, hal­ky­my­za hyz­mat eder.
Suw se­riş­de­le­ri­ni go­ra­mak we ne­ti­je­li ulan­mak bi­len bag­ly me­se­le­le­riň çöz­gü­di oba ho­ja­ly­gyn­da düýp­li öz­gert­me­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bi­len bag­ly­dyr. Bu öz­gert­me­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan ýö­re­dil­ýän sy­ýa­sa­tyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ru­na öw­rül­di. Bu sy­ýa­sa­tyň esa­sy öze­ni bol­sa, “Döw­let adam üçin­dir!” diýen şy­gar­da jem­len­ýär. Oba se­na­gat top­lu­my­ny, mal­dar­çy­ly­gy, ba­lyk­çy­ly­gy ös­dür­mek­de ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri bol­jak bu köl ýur­du­my­zyň we se­bi­tiň eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­niň düýp­li go­wu­lan­ma­gy­na hem uly peý­da be­rer.
Türk­men kö­li se­bit­de iri des­ga­la­ryň bi­ri­dir. Onuň gel­je­gi örän ulu­dyr. Bu kö­lüň uzyn­ly­gy 103 ki­lo­metr wе ini 18,6 ki­lo­metr bo­lup, göw­rü­mi 132 km3-e ba­ra­bar­dyr. Şor suw­lar kö­le iki sa­ny uly aka­ba­lar ar­ka­ly ge­ti­ril­ýär. Ola­ryň bi­rin­ji­si, Baş şor suw aka­ba­sy, ikin­ji­si bol­sa, Da­şo­guz go­lu­dyr.
Tas­la­ma la­ýyk­lyk­da, “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­niň aka­ba­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy üç tap­gyr­da ama­la aşy­ryl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da bi­ziň alym­la­ry­myz öri meý­dan­la­ryn­da ba­kyl­ýan mal­la­ryň önüm­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, ot-iým­le­riň äti­ýaç­lyk gor­la­ry­ny dö­ret­mek, bu suw­ bi­len duz­lu­ly­ga dur­nuk­ly, çy­dam­ly ösüm­lik­le­ri su­war­ma­gyň usul­la­ry­ny yl­my esas­da iş­läp taý­ýar­la­dy­lar. Dün­ýä tej­ri­be­sin­de şor­la­şan suw­y süý­je­dip, agyz su­wy üçin ulan­ma­gyň usul­la­ry hem iş­le­nip dü­zül­di.
“Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­niň işe gi­ri­zil­me­gi Aral­ýa­ka zo­lak­da eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­ny düýp­li go­wu­lan­dyr­ma­ga hem şert dö­re­der. Kö­lüň tö­we­rek­le­rin­de do­war­lar üçin öri meý­dan­la­ryň şert­le­ri go­wu­la­nyp, suw üp­jün­çi­li­gi ýo­kar­la­nar. Suw aka­ba­syn­da ýa­şa­ýan haý­wan­la­ry, guş­la­ry sak­la­mak, ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek üçin ýa­ram­ly şert­ler dö­rär.
Türk­men kö­lü­niň äh­mi­ýe­ti, esa­san, şu aşak­da­ky­lar­dan yba­rat­dyr: şor­la­şan ýer­le­riň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy go­wu­la­nar, ýer­le­riň ha­syl­ly­ly­gy­nyň de­re­je­si ýo­kar­la­nar, azyk bol­çu­ly­gy dö­re­di­ler. Ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si üçin ýa­şa­ýyş şert­le­ri go­wu­la­nyp, ba­lyk­çy­lyk ho­ja­lyk­la­ry dö­re­di­ler. Ýa­kyn wagt­lar­da kö­lüň tö­we­rek­le­rin­de we aka­ba­la­ryň ug­run­da tä­ze oba­lar, şä­her­ler eme­le ge­ler. Gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­lar dö­räp, mal­dar­çy­lyk we bag­ban­çy­lyk önüm­le­ri­niň ýo­ka­ry hil­li gör­nüş­le­ri­niň taý­ýar­lan­ma­gy­na müm­kin­çi­lik dö­rär. Ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly en­jam­la­ryň ula­nyl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, kö­lüň su­wy süý­je­di­lip, agyz su­wy hök­mün­de hem ula­ny­lar.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hal­ky­my­zy eş­ret­li dur­mu­şa alyp bar­ýan, şeý­le hem hal­ky­my­zy aras­sa agyz suwy bi­len üp­jün edip, azyk bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mä­ge ber­ýän uly gol­daw­la­ry üçin mil­li Li­de­ri­mi­ze çäk­siz ho­şal­lyk bil­dir­ýä­ris.

Meý­lis Nur­sä­he­dow,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň Oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­mek fa­kul­te­ti­niň de­ka­ny.