Oka­mak en­di­gi yn­sa­nyň kä­mil­leş­me­gi­ne, öz-özü­ne akyl ýe­tir­me­gi­ne, dün­ýä dü­şün­me­gi­ne ýar­dam ed­ýän esasy se­riş­de­le­riň bi­ri­dir. Ki­tap oka­ma­gyň ne­ti­je­sin­de söz baý­ly­gyň ar­typ, çalt sag­dyn pi­kir­len­mek uky­by­na eýe bol­ýar­syň. Ýe­ke gu­ba dü­ýe­si­ni ki­ta­ba çal­şan türk­me­niň ki­ta­ba goý­ýan sar­pa­sy bi­möç­ber­dir. “Umyt bi­len açy­lyp, ga­zanç bi­len soň­la­nan ki­tap iň go­wy — ki­tap­dyr”, “Ki­tap­syz ula­lan ça­ga, suw­suz ösen bag ýa­ly­dyr”, “Ki­tap­lar adam­la­ryň ýo­lu­ny ýag­tyl­dar” di­ýen ýa­ly aja­ýyp söz­ler ki­ta­ba bo­lan söý­gi­ňi ýe­ne bir gez beý­geld­ýär.
Yn­ha, “Türk­me­nis­tan – ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny“ ýy­ly­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “At­da we­pa-da bar, sa­pa-da” at­ly ki­ta­by Türk­men döw­let ne­şir­ýat gul­lu­gy ta­ra­pyn­dan ne­şir edi­lip, hal­ka ýe­ti­ril­di. Ha­wa, hil taý­dan naý­ba­şy, ma­ny taý­dan kä­mil bo­lan bu ki­tap oky­jy­la­ra go­wuş­mak bi­len, türk­men at­şy­nas­ly­gy­nyň ta­ry­hy bi­len gy­zyk­lan­ýan­lar üçin gym­mat­ly sow­gat bol­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tä­ze ese­ri hal­ky­myz üçin be­dew atyň sar­pa­sy­nyň ulu­dy­gy­ny ýe­ne bir ge­zek tas­syk­la­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň öň hem “Ahal­te­ke be­de­wi – bi­ziň buý­san­jy­myz we şöh­ra­ty­myz”, “Ga­nat­ly be­dew­ler”, “Ga­da­my bat­ly be­dew” at­ly ki­tap­la­ry bü­tin hal­ky­my­zy be­gen­di­rip­di we dün­ýä­niň dür­li dil­le­ri­ne ter­ji­me edi­lip­di.
Ki­tap­da be­dew atyň Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­my­zyň be­dew ba­dy bi­len öňe gid­ýän­di­gi­niň öz­bo­luş­ly ny­şa­ny­dy­gy buý­sanç­ly bel­le­nil­ýär. Be­dew atyň hal­ky­my­zyň ta­ry­hyn­da­ky we dur­mu­şyn­da­ky or­ny, mil­li mi­ra­sy­my­zy go­rap sak­la­mak bi­len ösüp gel­ýän nes­li ata-ba­ba­la­ry­my­zyň wes­ýet­le­ri­ne we­pa­ly­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek ba­ra­da gym­mat­ly pi­kir­ler ýö­re­dil­ýär.
Ki­tap ha­kyn­da söh­bet açy­lan­da, türk­men top­ra­gyn­da müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da dün­ýä­niň ga­dy­my me­de­ni ojak­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de bü­tin dün­ýä­de çuň­ňur gy­zyk­lan­ma dö­re­den ki­tap­ha­na­la­ryň mer­ke­zi bo­lan­dy­gy­ny hem ýat­la­ma­ly­dy­rys. Akyl­dar­la­ryň bi­ri: “Ça­ga­la­ry­ňy­za go­wy ki­tap­la­ry oka­ma­gy öw­re­diň. Ga­lan zat­la­ryň äh­li­si­ni dur­mu­şyň özi eder” di­ýip wes­ýet edip­dir. Ki­tap­lar ar­ka­ly halk­lar bi­len söh­bet­deş bo­lup bol­ýar. Ki­ta­byň ber­ýän lez­ze­ti­ni hiç zat bi­len de­ňäp bol­ma­ýar. Ki­tap­lar­da hal­kyň ýü­re­gi bar. Ki­tap­lar adam­za­dyň be­ýik ogul­la­ry­nyň dö­re­den dün­ýä­si. Biz hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da hal­ky­my­za gow­şan tä­ze ki­ta­by üçin çäk­siz ho­şal­lyk bil­dir­ýä­ris we il-ýurt bäh­bit­li alyp bar­ýan äh­li iş­le­ri­niň ro­waç bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris!

Azat Oma­dow,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.